|

Tilkiniñ dükany

Tilkiniñ dükany TILKINIÑ DÜKANY

Tilki dükan gurundy,
Şäheriñ bir çetinde.
Hile-mekirlik satmak
Bar onuñ niýetinde.

Diýýär: — Meniñ harydym
Belki, zerurdyr ile.
Al gerege, al, tapdyr,
Hile gerege, hile!

Mekirligem bar, ynha,
Bir iş düşse başyña,
Al-da ulan,
Aññalak
Gapdyr garşydaşyña!

■ GARGA

«Gara» diýip, garganyñ ýüregine düşdüler,
«Hut gazanyñ düýbi deý!» — üstünden gülüşdiler.
Garga özün reñkletdi, halys ýandy-da jany,
Has beter gülüşdiler: «Görüñ-eý, ak gargany!»

Bilmän näme etjegin, garga özün ýitirdi,
Gama batyp, günuzyn öýden çykman oturdy.
Goñşusy bardy gargañ — köpi gören gargady:
— Goý gülsünler, sen pitwa berme! — diýip, sargady.

■ ÇATRYKDA BOLAN GÜRRÜÑ

Maşynlary çatrykda
Saklady Swetofor.
«MAZ» diýdi: — Işim gaýtdy,
Uzak eglenmeli bor!
Öñem köp wagt ýitirdim
Eýläk-beýläk sowulyp.
Alyp barýan betonym
Doñsa, bolmaz gowulyk! —
Trolleýbus dillendi:
— Güýmenmän gaýry zada,
Gös-göni gurluşyga
Gaýdybererler bada!
— Biraz betonjyk satdym,
Gün görmek kyn aýlyga!
— Gyzygamok hiç haçan
Men-ä haram baýlyga!

«MAZ»-a maslahat berdi
Deñinde durab «KrAZ»:
— Juda ýañra görünýäñ,
Ägä bolawer biraz!
Gelse dilden gelýändir
Başa bela elmydam!
Şowakör deý, gör ahyr,
Sermenip ýör, ol mydam!
Gitjek diýen ýerine
Erkin gidip bilenok.
Biziñ ýaly hiç haçan
Kireý edip bilenok.
Göriplikden ýaña ol
Satyp goýmasyn, şepe! —
«KamAZ» hem makullady:
— Gulak goý akyl gepe!

Sümlüp geldi «Žiguli»
Şol wagt iki aradan:
— Ýol beriñ, meniñ eýäm
Ýokary edaradan!
— Git, aýaga garjaşma! —
Diýdi «Žigulä» «KrAZ».
Mazutçy daýy, biraz!
«KrAZ» çygylan wagty
«Püflemek» üçin mazut.
Ýol açylyp, «Žiguli»
Öñe okduryldy zut.

Trolleýbus usully
Ugrap olañ yzyndan,
Diýdi: — Haçan dynarkak
Bulañ hapa gazyndan?!

■ ITLERIÑ DÄBI

Kiçijik güjük juda nalady:
— Bigünä ýerme itler dalady!
«Ulalsañ, bizden gorkaryñ ýaly,
Güjükligiñden dalap mazaly,
Gözüñiñ odun alýas!» diýdiler.
Gulak-guýrugym çeýnäp goýdular.
Ulalsam, menem, hiç zada bakman,
Güjüjekleri dalaryn hökman!

■ DÜÝE

Suwsuz oñmalam bolsa,
Oñuberýäñ düýäm sen.
Iýmez welin özge mal,
Ýandagy-da iýýäñ sen.

Az-küç zada äweñok,
Aç bolmasañ bolany.
Terk edeñok öý-iliñ,
Gitseñ gelýäñ dolanyp.

Kejirligem ýok sende,
Gerek wagty çökerip,
Bolýar saña özgeler
Eýgermejek ýüki urup.

Ýöne öte geçilse,
Ýüze tüýküräýmäñ bar.
Bagryñ astyna alýan
Pursatlaryñam bolýar.

Ýogsa-da gezip ýörsüñ,
Terkidünýä ýaly sen.
Häsiýetdeş türkmene —
Tüýs türkmeniñ maly sen!

■ ÇYPAR TOWUK

Bar bolsa-da öýünde
Suwy hem-de sabyny.
Wagty bilen ýuwanok
Äriniñ jorabyny,
Çypar towuk.

Tanar ýaly däl reñki,
Ysy añkap dur garaz…
Ýuwmaýşynyñ sebäbi:
Jalaýmyş äri — horaz,
Çypar towugyñ.

Delje mäkiýanlary
Erbet görenokmyşyn,
Şolar bilen tirkeşip,
Wepa berenokmyşyn,
Çypar towuga.

Özgäñ öýünden örüp,
Ýanyp ýörmüş oduna.
Kirleýänçä üst-başy
Salanokmyş ýadyna,
Çypar towugy.

Äre hötde gelmegiñ
Ýoluny bilýän eken.
Gör-le tapan tärini,
Mekirlik baý kän eken,
Çypar towukda.

Ynha indi bialaç
Öýde otyrmyş äri.
Belki, käbir keýwany
Öwrener şeýle täri,
Çypar towukdan!

■ GAPY DIÑLEÝÄN PIŞIK

Gyssagly çykmak üçin
Itenimde işigi,
Ýere ýazylyp gitdi
Goñşymyzyñ pişigi.

Turup, ötünç sorady:
— Indikile beýtmerin.
Eýäme aýtmaýyñ-da?!
— Tä görýänçäm aýtmaryn!

■ KÖP WAGTLAP ÝITIRIM BOLAN PIŞIK BILEN SALAMDAN SOÑKY SÖHBETDEŞLIK

— Nirde bolduñ?!
— Hytaýda!
— Näme etdiñ
O taýda?!
— Öwrendim
U-ŞU,
KARATE!!!
Indi hötde gelerin
Hüjüm etse,
Her ite!

■ ÝOL ÝAKASYNDA BITEN JÜMJÜME GÜLI BILEN HYÝALY SÖHBET

— Eý, jümjüme, jümjüme,
Egniñ çyplañ eşikli,
Ýol ýakasyna çykyp,
Gussaly hem gelşikli
Gözleriñ ýola dikip,
Garaşýarsyñ sen kime?

— Oglum şähere gitdi:
Ýoluna baka-baka,
Gözüm gögerdi meniñ.
Zaryny çeke-çeke,
Başym agardy meniñ
Gitdi, bikarar etdi.

Garaşmak kyn ekeni.
Duşup şäher gyzyna —
Liliýa atly güle,
Halaşyp toý tutanmyş,
Oglum ine şoñ bile.
…Teýahyr ýatlar meni…

Hemra ŞIROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle