|

Tilki bilen üzüm

Tilki bilen üzüm TILKI BILEN ÜZÜM

Tilki bilen üzüm

Baga girdi aw agtarýan aç Tilki:
Sallanşyp görünýär salkym üzümler.
Tilkiniň gözlişi, ymsynyşy gülki:
Ýakut deý şireli düzüm üzümler.
Ýaman ýeri, asylşyp dur asmanda:
Ýetip biljek däl ol towsup zyňanda.
Gözi onuň görse-de,
Dişi ýetmeýär eýse-de.
Bir sagatlap nähak ýere urundy.
Ondan soňra ýöräp, diýdi naýynjar:
«Päheý, ozal oňat bolup göründi,
Göm-gök olar, heniz oňly bişmändir,
Iýseň, derrew dişleriňi gamaşdyr.»

Iwan KRYLOW.

Terjime eden Berdi KERBABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle