|

Tikenli setirler

Tikenli setirler TIKENLI SETIRLER

Şat durmuşa ýetmek üçin
Zerurdyr yhlas, erjellik,
Añ-paýhasly ser.
Erbetlikler — ekindäki
Haşal otlara meñzäp,
Özi gögerer.

* * *

Her çem gelen öwüt berdi,
«Ol eýle, bu beýle» diýip.
Kim näme öwretse, menem
Gulak gerdim görmän aýyp.
Bu bolşuma, añkaw halda
Ömrüm geçer öýdýän haýp.

* * *

Her kim bir ýol bilen
Gutuljak bolýar.
Zalymlañ, güýçlüleñ
Penjelerinden.
Menem bir çybygy
Öwdüm arada,
Gorkamsoñ şoñ bilen
Ýenjilerimden.

* * *

Geñ gördüm bir-birne
Çapraz gylyklañ
Mekan tutup bilşini
Bir göwrede.
Ol meni derýadan
Aman çykaryp,
Gury ýerde
Gark eýledi soñradan.

* * *

Bir husytdan
Karz pul sorap arada,
Iş düzetmek
Hyýalyna mündüm men.
Ýöne bar müşgilim
Düzeltdi gitdi
Ol gapjygny
Çykarýança jübsinden.

* * *

Dilegçi adamlañ
Ugun ýekeläp,
Jürüni dikmegi
Edendir kada.
On agyz söz aýtsa,
Dokuzsy — dileg,
Birisi wada.

Dmitriý GARAÇOPAN,
gagauz türkmen şahyry.

Rus dilinden terjime eden:
Kakabaý GURBANMYRADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle