|

Teşnewi

Teşnewi Teşnewi

Arheologlar Änew etrabynda gazuw işlerini geçiren mahallary gadym harmanyñ üstünden barypdyrlar. Alymlar şol harmandaky bugdaý däneleriniñ baryp 7-8 müñ ozal orlandygyny kesgitlediler.

Mismi, daş eýýamy?
Parhy ýok, asyl —
Bu ýerde hasap däl asyrlañ sany…

Ine, şol mes toprak,
Ine, şol pasyl.
Ine-de gerdenlek Änew daýhany!
Harpygyñ içinden çäjini saýlap,
Soñra guma garyp balu-ýag deýin,
«Bissimilla» diýip,
egninden aýlap,
Sepip ýör zemine tylla bugdaýyn…

Hawa, bugdaý sepýär,
Seçýän deý pişme, —
Onuñ ak ýüregi gök maýsa teşne!
Ýeñledende boýnundaky torbasyn,
Torgaýjyk ýetirdi onuñ «armasyn».
Gün hem öýle boldy. Teşne daýhana
Içi omaçaly tabak garaşdy,
Ak gelniñ elinde bäbek garaşdy.

«Barýaryn, ezizlem, barýaryn ine,
Şujagaz oýa-da sepeýin ýene!» —
Daýhan hyýalynda çagasyn öpdi,
Öpdi-de, zemine ak bugdaý sepdi…

Mismi, daş eýýamy?
Hawa, parhy ýok —
Başda bu zemine seresap bilen
Küýe posa salnyp bugdaý sepilen
Şol pursat
Şindizem çyrag deý ýanýa:

Şindi Isgenderem inmändir dünýä,
Dogulmandyr entek Teýmirleñklerem,
Maýmynly, mamontly Wolgañ boýuna
Duwlanmandyr entek munça süñklerem.

Pelte-de ýok, däri-de ýok, okam ýok,
Ýer ýüzünde gorhanadyr topam ýok
Hatda tir-kemanam oýlap tapan ýok, —
Şindi bir-birini atan-çapan ýok!

Diñe ap-ak bugdaý
Hem goñras meýdan,
Diñe alyn deri
Hem ilkinji Nan
Diñe elwan zemin
Hem mawy asman…

Kuýaşyñ, şemalyñ, çeşmäñ eýesem
Diñe torgaý bilen teşnewi daýhan!..

…Asyrlañ astyndan maña bakyp dur
Umyt bilen doly gözler-hanalar,
Hem damja deý şadyýana ýanyp dur
Şol ägirt aýada tylla däneler:

«Dänäm gämik ýaryp şam-u-şarapda,
Pendim bolup,
Ygşyldap, çar tarapda
Käneler!!!»

1978.

Annaberdi AGABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи