|

Teneçir bilen Garynja

Teneçir bilen Garynja TENEÇIR BILEN GARYNJA

Ýaňlandyryp tomus heňin,
Teneçirjik hoşnut bolan.
Garanmanka aňyn-maňyn,
Ýagy ýaly gyş hem gelen.
Her agajyň astynda,
Düşläp otuň üstünde
Ýatan günleri ötdi:
Buzluk ýer ýüzün tutdy.
Gyş bilen aýaz geldi;
Açlyk, mätäçlik boldy.
Bir Garynjaň öýne baryp,
Teneçirjik köp ýalbaryp,
Diýen: — «Jana-jan goňşym!
Eziz, mähriban goňşym!
Ýene güýje geler ýaly,
Gyşdan çykyp biler ýaly,
Ýaza çenli ekle meni,
Garaşyk et, sakla meni!»
«Geň galýaryn muň özüne,
Işläpmidiň sen ýazyna?»
Diýip Garynja geňläpdir
Hem öz goňşusyn diňläpdir.
«Joşup söhbet-sazymyz,
Toýda geçdi ýazymyz,
Hiç bir zada el ýetmedi,
Baş aýlandy. Iş bitmedi».
«Şeý diýsene.» — «Men arly ýaz
Meýlis gurap, etdim owaz.»
«Olam bir iş — jik-jiklemek,
Tomsy towsup bökjeklemek;
Oňuber şol sazyň bilen,
Saz-söhbetli ýazyň bilen!»

Iwan KRYLOW.

Terjime eden Durdy HALDURDY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle