Telegoniýa
Telegoniýa

Telegoniýa häzirki wagtda ýalan ylym hasap edilýär. Telegoniýaň manysy — aýallaryň dogurýan çagalarynda, ol aýalyň geçmişde bolan oýnaşlarynyň alamatlarynyň bolmagy. Başgaça aýdanda, eger aýal durmuşa çykmanka, bir näçe erkek bilen ýatyp turan bolsa, we soň öz ärinden çaga dogursa, ol çagada öňki erkekleriň alamatlarynyň bolmagy, esasanda iň birinji erkegiň. Dünýä inen her bir çaga, öz ejesiniň öňki oýnaşlaryndan hökman bir alamaty miras hökmünde alýar. (Bu hadysanyň entek çaganyň psihikasyna nähili täsir edýändigi belli däl). Telegoniýa meselesinde şu wagt hem her tüýsi ylmy barlaglar geçirilýär, wikipediýada iň soňky barlag 2013-nji ýylda geçirilipdir we telegoniýanyň hakykatdygyny subut edýär. Barlagy siňeklerde geçiripdirler. Şol sanda telegoniýany ýalana çykarýan barlaglar hem bar. Telegonyýa fenomeni XIX-XX asyrlarda meşhur bolupdyr, esasanda oba hojalykçylaryň arasynda. Telegoniýany subut edýän iň birinji eksperiment, eger ýalňyşmasam, bir atyň üstinde geçirilýär. Bir aty, ilki başda zebra çekýärler, ýöne gaýmaz ýaly, soň bolsa ýaňky at başga bir özi ýaly atdan gaýýar we dünýä inen taýçanak, ýarym zebra sypatda bolýar. Garaz telegoniýa mör möjeklerden başlap, adamzada çenli işleýär. Elbetde döwrebap ylym, hiç haçan telegonyýa fenomenini açyk boýun almaz, meň özüme galsa men ol fenomene ynanýan. Döwrebap ylym, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we başga serişdeler, aýal gyzlary dargatmagyň üstünde (ahlagyň derejesini pese gaçyrmakda), ellerinden gelenlerini edýärler, telegoniýa babatyndaky hakykat bolsa, erkeklerde çenden aşa gabanjaňlygy oýaryp biljek fakt. Garaz arassa gyza öýlenmeseñ, sen näme edeňde-de çagalar özünden doglanok. Geň-taňsy wakalar