|

Telefon kitapçadaky ýazgylar

Telefon kitapçadaky ýazgylar TELEFON KITAPÇADAKY ÝAZGYLAR

Telefon kitapçadaky ýazgylar

Ol mydama näme sebäpden öljegini bilesi gelýärdi.

* * *

“Aýalymyň ölenini görsem bolýar, soň Alla haçan alsa alybersin” diýýärdi.

* * *

Başyndaky syrlara çydap bilmän öldi.

* * *

Aýallar ony çakdan aşa söýerdiler. Ol şo söýgülerden ölüp gutuldy.

* * *

Niýeti ýagşylyk däldi. Alla saklasyn, bir çukura ýykylypdyr, bäş günden soň tapdylar, erbet yslanan ekeni.

* * *

Bir görmäge örän alçak adam. Şorta söz aýdyp içiňi gyrýar: Hoja Nasreddin bir obadaşynyň halyny soramak üçin hassahana barýar. Obadaşy agzy-burny kislorodly, gepläp bilmän yatyrmyş.”Gepläp bilmeyän bolsaň ýagdaýyňy ýazyp beräý” diýip, kagyz-galam uzadýar. Hassa zordan ýazýar: -Eşşek ogly eşşek şlangany basma, kislorod gelenok!

* * *

“Gybat edýänleriň bir gudrat bilen dili doňsa, birküç günden soň dili doňmadyk az galsa gerek.

* * *

Gaty gowy adamdy, pahyry jaylamaga adam tapylmady.

* * *

Iýende öküz yaly, ýatanda pil ýaly diýilýänlerden. Türmä düşenleriň arasyna taşlanyp, tussaglaryň içini bilýämiş. Köçä çykdygy töweregine gorkuly garanjaklap barýar.

* * *

Bäý, bäy tibit geýinýär-ä. Birje sapak artyk ýa kem däldir. Arman, ýalançyny görmäge gözi ýok-da.

* * *

Karz dileseň hezil edinýär. Derrew çykaryp berýär. Ýöne gaýtaryp alýança ýatladyp öldürýär-dä. Häzir ýene jaň eder.

* * *

Kimi görse akyl berýär. Aklyň bit bazarynda-da bir köpüge alynmaýanyna üşügi ýetmeýär.

* * *

Ol ähli kişini ýüzüne öwýär. Bäý, öwýär-ä. Gözleri bolsa: ”Öwgä aldanýarmyka, aldanmaýarmyka?” diýip çiňňerilýär.

* * *

Biçäre bäş-alty gezek öýlenip, soňunda-da aýalsyz galdy.

* * *

Öz-ä demini sanap ýatyr, ogluna-da: ”Mallaryň ot-suwuna bakaweri” diýýär.

* * *

“Adamy gaty içgin tanajak bolma. Badykeş bolarsyň” diýdi.

* * *

Gaty akylly adam: aýagyň ýöremek üçin berlenini gaty gowy bilýär. Mydama ýöräp ýörendir.

* * *

Reklamasyny ýetirseň, pyşbagany uçýar diýip satyp bolýar.

* * *

Ölmänkä mazar ýerini belli etdi, öz heýkelini ýasatdy, mermer baryny alyp ýylmadyp goýdy. Bir gezek balyk tutmaga gidişi gidiş boldy. Heýkel howlynyň bir burçunda guma garyldy galdy.

* * *

Eline pul düşdügi salamyny üýtgedýär. Özge wagt sypaýy bir kişi.

* * *

Bir ýaramaz gylygy bar: nahar iýiläýjek wagty gelýär, ne nahardan dadýar, ne-de gaýdýar. Halynyň ýüzüne aýasyny sürtüp, şo dymar oturar.

* * *

Ony hiç kim tanap bilenok.Onuň özi bir özüni tanaýarmyka?

* * *

Atam eýýäminde bir ýagşylyk edipdir weli, her duşanda ýatladyp ýagyr edýär.

* * *

“Öwünjeň bilen ýaranjaň arasynda tapawut barmy?” diýerdi.

* * *

Är-aýal mydama bir-birini öwýär. Ikisiniň hem oýnaşy bar.

* * *

Ömrüni wezipede geçirdi. Wezipeden aýrylan güni jan beräýdi.

* * *

Eý, Alla! Bu dünýäde ýaradylanlaryň arasynda adamdan zalymy barmy?

* * *

Beýle ýakymly aýal dünýäde ýokdy. Bir pise sataşyp gözi görgüden açylmady. Ahyrda nädip öleni hem belli bolmady.

* * *

O pahyr bir ýerde demir görse howlusyna süýrärdi. Ölensoň oglanlary bir aýlap posly demir zyňdylar.

* * *

Geplände özüni şeýle bir akylly görkezjek bolardy. Iliňem gözi kör däl-ä, eden işiňe görä nyrh kesýär.

* * *

Her ölene begenerdi, biçäre. Özi birküç aý ýanyny ýerden galdyrman ýatansoň: ”Be-e, menem öläýmeli bolarmykam?” diýip, öljegine geň galyp öldi.

* * *

Çölden gelen bir myhmany öý eýesi hammama salyp, julkuny çykaryp ýuwundyrypdyr. Myhman: ”Hammam diýilýän ýakymly zat ekeni. Geljek ýyl gelemde-de girjek” diýipdir.

* * *

Ol kitap magazine girip: ”Çigit dolap satar ýaly arzan kitap barmy?” diýse satyjy: ”Wah daýza, şu kitaplaryň köpüsine çigit dolaýmaly weli, arzan däl-dä” diýipdir.

* * *

Oňa düşünip bilmezdik, ýöne akyllydygy bellidi. “Men dirikäm az işledim, ölemsoň köp işlejegimi bilýän” diýerdi.

* * *

“Oglumyň ýanynyň ody bar, gyzymyň ýanynyň ýady bar” diýip ýalňyz ýaşady.

* * *

Gaty ýatkeş. Tutuş kitaplary ýatdan bilýär, emma alan karzyny unudaýýar.

* * *

Öňden bäri duran daş heýkeliň garşysyna altyn heýkel dikdiler. Iki heýkel paýhaslylykda ýaryşdy. Ahyrda daş heykeliňki dogry çykdy. Altyny eredip o ýana, bu ýana dargatdylar.

* * *

Alla saklasyn, her göreni bilen ýaka tutuşjak bolup dur. Öz betgylyklygyndan keýp alýar. “Şeýtmeseň depäňde şänik döwjekler” diýýär.

* * *

Bir köne maşyny bar. Haçan görseň şoňa dümtünip otyr. Ogly täze maşyn alyp berjek bolsa: “Meni ýaşadýan şu köne maşyn” diýýärmiş.

* * *

Ol myhmançylykda Görogly ýaly, öýünde görde ýaly.

* * *

Ol:”Iki aýaklylaryň müňden biri adam, galanlary kölege” diýýär.”Özüň haýsyna degişli” diýsem, geplemän ýylgyraýýar.

* * *

Yşk- körlük diýleni-dä. Ol dünyäniň iň gözel gyzy bilen söýüşýärdi. Owadan däl diýip sowaşdy.

* * *

Her ýetenden karz alyp ogluny daşary ýurtda okatdy, soňam özi gitdi. Indi algydarlar onuň gelerini dileşip otyrlar.

* * *

Aýagyň dyrnaklary alynýandyr öýtmezdi. Şoňa görä başam barmagy jorabyň deşiginden syçan ýaly jyklar durardy.

* * *

Içiňdäki ýagşy-ýaman niýetiň özüňde ýüze çykmasa-da, nesliňde ýüze çykýar.

* * *

“Bu günler nirede güýmenýäň?” diýseň: ”Kä günler guýruk, kä günler kölege bolup işleyän” diýýär.

* * *

Onuň nesli köpelip küren oba boldy, özi bolsa şol köneje tamynda ýalňyzlyga gark bolup, ölüp bilmän ýatyr.

* * *

Onuň jaň etmesi ýokdy. Bir gün jaň edýär: “Men gaýdyp barýan, razy bolmaşak” diýýär. “Nira gaýdyp barýaň?” diýsem: “O dünýä” diýýär. Özem gaty rahat, başga bir şähere gezelenje gidýän ýaly. Men-ä oýun edýändir öýtdüm. Bäş-üç gün geçdimi-geçmedimi, öldi habary geläýdi.

* * *

Onuň öwünäýşini diýsene! “Altmyş manadym bar, hemmesem ýüzlük” diýýär. “Güjügimem şekelady iýmän goýýar” diýýär.

* * *

Ol bir tüýslidi. “Towşana gaç diýýän, taza kow diýýän” diýerdi.

* * *

Giçlik jaň edýän bolsa içgilidir, surnukdyrman goýmaz.

* * *

“Ylmyň beýigi syýahatdyr” diýip, gazananjasyny syýahata harçlady. Ahyrda-da bir ýurtda krokodil ýuwudaýypdyr.

* * *

Aýasy ýaly ýer tapsa-da gül ekýär. Gelene-geçene gül paýlaýar. Gül berende onuň nähili bagtyýar bolşuny bir göräýseň.

* * *

Dünýäni kowalap tutjak bolup barýarkaň yzyňa-da bakaweri: seni kowalap gelýänem bardyr.

* * *

Bu dünýäniň syrly hasap-hesibine düşünmedik kösenýär.

* * *

Biri aýydyr, tilkidir, ýene biri pişikdir, gurtdyr, adama meňzeýäni azdyr.

* * *

“Wah, meni satanlaryna gynanamok, arzan satýalar şo bolmaýa” diýerdi.

* * *

It bolsa-da ýürekden ýylgyrsa ýakymly.

* * *

Oňa jaň etseň dünýäň giňäp gidýär. “Ölümden özgesiniň alajy bar” diýýär.

* * *

Aýdýan sözi bilen edýän işiniň arasynda dag ýatyr.

* * *

Ol gündizine sadyk musulman. Gijesine goňşusynyň sygyryny ogryn sagýar. Hudaý gije uklaýandyr öýdýärmikä?

* * *

Maýmynyň adam bolanyny görmedim, ýöne adamyň maýmyna öwrülenini köp gördüm.

* * *

“Jesedimi watanymda jaýlamaga kömek beriň” diýýänini bilýän.

* * *

Biri mugallymynyň otag doly kitaplaryny görüp, bir aýlyk, bir hepdelik okamaga dilese-de bermändir. Ahyrda bir günlük diläpdir. Mugallym: “Oglum, şu kitaplaryň ählisi bir günlük dilenip alnan kitaplar” diýipdir.

* * *

“Gözi açyklaryň ählisi görýändir öýtme, ýöräp ýörenleriň ählisi diridir öýtme. Ölüm diňe mazarda ýatmak däldir, guzym” diýip maslahat bererdi.

* * *

Mugallym: “Diňe wagşylar et iýýär” diýipdir weli, bir okuwçy: “Adam wagşylara degişlimi?” diýipdir.

* * *

Onuň tapýan sözüne seret: “Meniň oglum bile seniň ogluň biziň oglumyzy urýar”.

* * *

Ol bir gepinde: “Arylara gülüň baly, aşyga dodagyň baly” diydi.

* * *

Ölümiň öýünde bir gämi edindim. Bir görsem derýalar bireýýäm gurap gidipdir.

* * *

Men ukudaky wulkandym, partlap bilmän kösendim.

* * *

Akmak däliräp ýitirýän zady ýok, akylly dälirese ýaman.

* * *

Ol biçäre: “Içimde yşgyň külünden başga zat galan däldir” diýdi.

* * *

Köp gulakly, köp gözli kölege.

* * *

Onuň gyzy aýaldan däl-de aždarhadan dogan ýaly.

* * *

Kyrkdan geçdimi-geçmedimi, daýaw janyny garry hasaplap başlady. Birküç ýyldan bir aýagy gördäki mülhide öwrüläydi.

* * *

Ýüz sany nol bolaňdan bir birlik bol.

* * *

“Suw damjasy altyn dänesi” diýip, teşneligiň nämeligini bilmän aýdýaň. Ömür bir damja direlende altyn gara kömürçe-de görülýän däldir” diýerdi.

* * *

Men oňa däli diýdim, olam maňa däli diýdi. Kimiň dälidigini kesgitlejegem bir däli.

* * *

Ol şeýle bir ugurtapyjy. Gurt görse aga diýýä, aýy görse daýy diýýä, içýanyň penjesinde uklap, ýylanyň kölegesinde gezip bilýär.

* * *

Goşgy baryny ýatdan aýdardy. ”Bir gül üçin müň tikene suw berdim” diýip, goşgy aýdýar.

* * *

Ol güýçli alymdy. Ölmezinden öň ähli ýazanlaryny ýakaýdy. Oňa däliredi diýenlerem, aklyna aýlandy diýenlerem boldy.

* * *

Ol aýalyna taýak salyp başlanda: “Ýüz-gözüňe degäýmesin, berkje goran!” diýerdi.

* * *

“Kowalap barýanymdan başga dokuz towşan ursam, on bolýar” diýmäni söýerdi.

* * *

“Ýaman niýetlilik janlylaryň arasynda diňe ynsana mahsusdyr” diýip öwrederdi.”Haýwanlaryň arasynda maýmyna meňzeşi adamlardyr” diýip köp aýdardy.

* * *

“Nähili ýagdaýlar?” diýseň: “Ölýän, içegelerim deşik-deşik” diýýär. Elli ýyl bäri bu sözüni gaýtalaýar.

* * *

Bir maşgaladan yzly-yzyna iki kişi ölüpdir weli, öýüň ýaşulysy: “Ezraýyl biz bilen öwrenişäýdi öýdýän. O wenezzyna bu öýden çykasy gelenok” diýdi.

* * *

“Para bilen sowgat şeýle bir garyşdy weli, ähli para sowgada öwrüldi duruberdi” diýýär. Onsoň “sowgat” almajak ýok, diňe az görýän, çekinýän bar” diýýär.

* * *

Baýlygy gazanmagam ýeňil däl , ýöne saklamak juda kyn. Şu ikisini başarsaň baýap bolýar.

* * *
Ol agyz, burun, göz, maňlaý, ýüzüňdäki çyzyklar esasynda seniň häsiýetiňi özüňe aýdyp berýär, emma: ”Bu dünýede özüňi tanamak ýaly kyn zat ýok” diýýär.

* * *

Dünýäde ähli zat jübüt ýaradylypdyr.

* * *

Ol ölüm ýassygynda: ”Ýene bäş ýyljyk ýaşasam, fabrigime täze maşyn goýsam” diýip öldi.

* * *

Ol-a agaçmyş, ynsanyň hem köki bar. Janlylaryň ählisi köküne görä ýaşaýar. “Köksüz agaç dik durmaz” diýip ýönelige aýdylan däldir.

* * *

“Men iňlisçe gowy bilýän” diýip öwünýänlere: “Angliýada her däli hem iňlisçe saýraýar” diýýär.

* * *

Bir golunda iti, goltugynda biti.

* * *

Hiç kime göwni ýetmezdi. Ezraýyla-da “Eşigiň gara” diýenmiş.

* * *

Aýaly näçe zeýrense-de, aýlygyny alan güni bir gujak kitap satyn alýar. “Mukaddes kitabymyzyň ilkinji buýrugy “Oka!” diýlip başlanýar” diýýär.

* * *

Seniň gepleşýäniň kölege bolaýmasyn. Kölegeler mydama aslyndan başga görünýändir.

* * *
Çüýresem-de güle dökün bolmak üçin çüýreýän.

* * *

Akyp ýatan derýany görmeýän barmy!? O derýalaryň aşagyndan akýan gizlin derýalary görmekde iş ba-ar!

* * *

Adalatly bolýançaň güýçli bol.

* * *
Diňe ata-enedir saňa ömürlik wepaly. Beýlekileri synap görübermeli.

* * *

Her ýurduň tilkisini şo ýurduň tazysy bilen awlap ýörkä ýolbarsa sataşaýdy.

* * *

Adamzat ösdügiçe wagşylyk azalar öýdýändirler. Muhammet pygamberiň dişini döwdüler, Mansur Hallajy parça-parça bölekläp, odun ýaly ýakdylar, Jelaleddin Rumyny mazara alyp barýarkalar tabydyny omurdylar, Nesimini dabanyndan soýdular, Magtymgulynyň kitaplaryny ýakdylar… Soňuny özüň sanaber.

* * *

“Bir ýeri depip dursam, ýerden ýag çykjagyny bilýän” diýýär.

* * *

Uly wezipedekä uly ogluny öýerdi, dag süýşüp geldi. Wezipeden aýrylansoň ikinji ogluny öýerdi, sanaýmalyja myhman geldi. Kakasy: “Oglum, sen gijräk öýlendiň” diýdi.

* * *

Gurbaga pişige: “Ogry, gorkak bolmadyk bolsaň, gaplaň bolardyň” diýdi. Pişik gurbaga: “Ýeňles, ýalta bolmadyk bolsaň, krokodil bolardyň” diýdi.

* * *

Fuzulynyň: “Mende Mejnundan zyýada güýçli yşgyň bady bar, Hakyky aşyk menem, Mejnunyň diňe ady bar” diýenini okap, Mejnun öýkelänmiş.

* * *

Akylly görünmesi başyna bela boldy. Oňa göriplik baryny etdiler.

* * *

Onuň iň gowy görýän sözi, iň köp gaýtalaýan sözi: “Alla maňa gözel ömür berse, soňra-da gözel ölüm berse”.

* * *

“Salam berdik, para däl diýip almady.”

* * *

Degirmeniň ýokarky daşy: “Men degirmene baş, sen aşakda ýatan daş” diýip men-menlik satdy.Wagty gelip ýokarky daş ýukalyp zyňyldy, aşaky daş bolsa öňküligine galdy.

* * *

Akmagam gördük weli, beýlesi görlen däldir. Ol kölegesinden maslahat soraýar.

* * *

“Hälem aralykda burun bar, bolmasa iki gözem ylalaşyberjek däl” diýdi.

* * *

Dünýäniň gidişi haçan “Ýok”, haçan “Hawa” diýşiňe bagly.

* * *

Onuň üçin adamzadyň ýarysy sygyr, ýarysy öküz.

* * *

Uzynyň sözi: “Sagatdan mysal alaý: uzyn dil ýöremese, kiçi diliň jany ýokdur”.

* * *

“Gabrymy gazyber, mazara barýançam janym çykar” diýme.

* * *

Goňşynyň ýaramazy: “Goňşymyň öýi ýansa, menem közüne ýumurtga gowursam” diýýär.

* * *

Derek tutdan ozup heşelle kakdy weli, tut ýylgyryp: “Geçmişiňi bilseň, beýle diýmezdiň. Şo gurçuk gemren töňňe seniň ataňdy, olam menden ozup ösüpdi” diýdi.

* * *

Iller köp gepläp özüni ýigrendirse, ol içýakgyç dymyp ýigrendirdi.

* * *

“Içiň ýanyp dursa-da, ýüzüň gülüp dursun” diýilýäni geldi.

* * *

Ol tagt tapsa, täç tapmady. Täç tapsa tagt tapmady.

* * *

Mündi agaç ata, gitdi kyýamata.

* * *

Dünýäni bilmän gözüm açyk diýmek bolmaz.

* * *

Dil ujy bally, dil düýbi duzly.

* * *

“Dünýäden habary bar, özünden habary ýok.” diýilýänlerden bolmaweri.

* * *

“Sesim ýyldyza ýeten aýdymçydym, arman, kerler diňleýjim boldy.” diýip ah çekdi.

* * *

“Keýpler niçik” diýsem, “Töhmete galyp, dar agajynyň aşagynda duranyňky ýaly” diýýär.

* * *

Sagdyn dogmak, sagdyn ölmek iň uly bagtdyr.

* * *

Gül bolsam soldurdy, gul bolsam öldürdi, kül bolsam sowurdy.

* * *

Damjalar sabyrlylygy üçin daşlary deşýär.

* * *

Biz garradyk weli, dünýä owadan gelinden dolaýdy.

Oraz ÝAGMYR. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle