Tel j’etais autrefois et tel je suis encore
Tel j'etais autrefois et tel je suis encore

Ozal nähili bolsam, şeýledirin şindizem,
Aladam ýok, yşkbaz men, dostlar, bilýäñiz sizem.
Bilermikäm, heý, bakyp gözellige perwaýsyz,
Kalbym içre gizligin howsala, tupan-gaýsyz.
Söýgi meniñ başyma saldy ençeme oýun.
Kipridanyñ toruna düşen ýaş gyrgy deýin,
Urundym men, urungym; degilse-de göwnüme,
Täze-täze gyzlara yşkym joş urar ýene.
■ F.T-e JOGAP
Aý, ýok, çerkes gyzy däldir ol asyl,
Ýöne gürji jülgelerine köpden
bäri beýle gözel messana basyp,
Düşen däldir ol dumanly Kazbekden.
Onuñ gözlerinde agat daşy däl,
Ýöne Şarkyñ bar baýlygy bolsa jem,
Oñ şöhlezar gözlerine hiç mahal,
Ömür-ha ömrülla bolabilmez deñ.
■ GYŞ ÝOLY
Lemmer dumanyñ içinden
Özüne ýol açýardy Aý.
Tukat meýdanyñ üstünden
Gamgyn şöhle saçýardy Aý.
Ýürekgysgynç gyş ýolundan
Üç at goşulan araba
Irip öz jañnyñ sesinden,
Gidip barýar bir tarapa.
Üýtgeşik ýakym paýtunçyñ
Bardy soñsuz aýdymynda,
Aýdym täsirli bor eken,
Gussa bilen aýdylanda.
Çar ýanyñ gar, ne-hä bir öý,
Ne ot, ne-de tütün bardy,
Käbir ýerde ýol ölçegi —
Alabeder sütün bardy.
Tukatlyk, gussa… bararyn
Ertir Nimamyñ ýanyna.
Ýylnyp, uzak gün bakaryn
Onuñ eziz jemalyna.
Sagadyñ dili pyrlanyp
Tamam eder aýlawyny.
Ýarygijäniñ lezzeti
Ýatdan çykar aýralygy.
Ninam, gamly ýolum tukat,
Paýtunçy hem dymdy uklap.
Birsydyrgyn jañyñ sesem,
Dumanda Aýyñ şöhlesem.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
____________________
* Ozal nähili bolsam, şeýledirin şindizem (fransuzça). Goşgular