| |

Tebip we hassa

Tebip we hassa

TEBIP WE HASSA

Bir hassa gul baryp tebip ýanyna,
Diýenmiş: derdim bar, öter janyma.

Işim, iýip-içip, gezip ýörmekdir,
Saýaly kölgede ýatyp turmakdyr.

Aş iýsemem tagam duzy ýok ýaly,
Suw içsemem damagymda zäk ýaly.

Derdim aýtsam, atam gelip ýanyma,
Ýaramaz söz diýdi, öter janyma.

Diýdi: "Nadan, haçan dynaryn senden,
Derdiñe çäräm ýok, gitgil sen mundan.

Ne peýdañy bilýän, ne-de zeleli,
Gūnäkär men, bek tutmadym ozaly.

Ene-atañ, hak borjuñy bilmezsen.
Bir kesp edip dogry ýola gelmezsen!"

Diýip, atam kowdy meni öýünden.
Gutar meniñ bu derdimi, teýinden.

Bu nä dertdir, dermanyny bileýin,
Näme diýseñ, nesihatyñ alaýyn!

Tebip diñläp bu dertliniñ sözūni,
Gorkusyz gözlerne dikip gözüni."

Diýipdir: ýalan ýok seniñ sözüñde,
Mende-de derman ýok. Ol, señ özūňde.

Eger gerek bolsa derdiñ dermany,
Gaýrat atyñ mūnūp, añlasañ many

Tapyp ylmyñ kökün, azap yapragna,
Goşup kalbyñ sokusyna ūýşūrseñ

Namys tokmagynda yhlasly döwüp
Ynsap eleginden eläp geçirseñ.

Gözýaşyña hamyr edip haýada.
"Halal zähmet" küresinde bişir sen.

"Il-günüñ alkyşy" balyndan garyp,
"Kanagatyñ" çemçesinde içersiñ.

Üç  wagtyna içmek adat kylarsyñ,
Şeýdip, bu derdiñden halas bolarsyñ.

Danalardan bir söz dilime geler:
"Gyş geçer, garalyk kömüre galar!"

Many alsañ bu sözlerden, aslynda,
Gulak goýsañ "Çörek kesek üstünde"

Aşyñ bala döner, der döküp iýseñ,
Yrsgyñ üstünde bor, zähmeti söýseñ.

Aşyr SALYH OGLY.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle