Tebip (Hekaýa)
Arslan bu gün hem hemişekisi ýaly otagma-otag aýlanyp, syrkawlaryň hal-ýagdaýy bilen tanşyp barşyna şepagat uýasyna görkezmeleri berýärdi. Nobatdaky otaga girende tanyş ýüze gözi düşüp ýylgyrdy:
— Tebip kaka, salawmaleýkum, bärläpsiň-le, haýyr bol-a! Şu ýaşyňyza lukmana ýüz tutanyňyzy eşitmändim. Näsaglamaly adam-a däl siz, ýa garrylykdan basylyp, şägirtleriň ýanyna ýaşlygyň dermanyny gözläp geldiňizmi? Kakam-a başy agyryp, baldyry syzladygy: «Iküç günläp tebip kakamyň ot-çöpden taýýarlaýan melhemlerinden içip, gürrüňlerini diňlejek» diýip, siziň ýanyňyza, oba eňiberýärdi. Gaýdyp gelende-de ýüzi-gözi açylyp gelýär!
Tanyş lukmana gözi düşen ýaşulynyň ýüzi açylyp gitdi:
— Oglum, Arslan jan, üýtgeşik agyry-ynjym-a ýok welin, soňky döwürde biraz demim gysjak bolýar. Asyl-a munuň sebäpkäri garrylyk-la. Tebip kakaňam garrylygyň dermany bolmansoň, tilsimatyň bu ösen döwründe lukmanlar näme diýerkä diýip gaýdyberendir.
Arslan otagdaky beýleki näsagyň hem halyndan habar alyp, çykyp gitdi. Muňa garaşyp duran ýaly ýaşulynyň ýanyndaky näsag:
— Sakgaldaş, dost-ýarlaryň, dogan-garyndaşlaryň soraglap gelend-ä adyň: «Ussa kaka», «Bagban ata» boldy, Arslan lukmanam «Tebip kaka» diýip ýüzlendi. Içimizi hümledip ýatandan, belki, bu zatlaryň sebäbini gürrüň berersiň?
Ýaşuly ynjalykly ornaşansoň, söze başlady:
— Sakgaldaş, dogrudanam, ýaňky sananlaryň azan atlarym-a däl. Hersi bir sebäp bilen oglanlykdan galan at bolansoň, olar bilen öwrenişip gidipdirin. Emma tebip adyny alşym has üýtgeşik. Gowusy, men ony saňa bolşy-bolşy ýaly gürrüň bereýin-le…
…Tomusky dynç alşyň başlanmagy bilen oba oglanlarynyň kimsi mellek işlerine kömekleşse, kimler gününi mal yzynda geçirýärdi. Men bolsam obadan esli uzaklykdaky örüde çekene bakýan kakamyň ýanyna gyşlyk otdur odun daşardym.
Şol günem dostum Mämmetnur bilen herimiz bir eşegi münüp, «Niredesiň Heziliň çeşmesi» diýip ýola düşdük. Ýol uzak, gitdigiçe-de ýapy ýokary dyrmaşyp, egrem-bugram bolup, dagyň depesine çykyp barýar. Şonuň üçin tekiz ýa-da ýapaşak ýerlerde eşek çapdyryp barşymyza uzak ýoly nähili geçenimizi hem duýmandyrys.
Aýlaw-aýlaw gerişlerden aşyp, Kerkaw deräniň başyna çykdyk. Ýol indi ýapaşaklygyna uzap gidýärdi. Şonuň üçin gezek eşekleriňkidi. Duýup durun, dostum Mämmetnuruň hem bar pikiri ýoluň indiki ýokary dyrmaşýan ýerine menden öň barmak. Meniň eşegim has daýaw hem-de ýyndam bolansoň, bu oňa kän başardyp hem duranok. Şonuň üçin her gezek al gurap menden ozjak bolýar. Bir görsem, ol eşegini debsiläp gidip barýar. Muňa eşegim menden beter namys etdi öýdýän, sähel salymda olary tozana garyp, deňlerinden geçip gitdi. Bu ýolda ýeňiji bolmagyň eşekden başga, özüňe-de bagly ýerleri bardy. Sebäbi her ýerde-her ýerde arçalaryň tas ýoly ýapyp duran şahalaryna ilişip, ýykylaýmagyň daş däldi. Eýesiniň geçip biljegi-bilmejegi eşegiň azaryna däl, göwresi sygjak ýol tapsa, eňip barýar. Şol gidip barşymyza näçe öwrüm öňe gidenimizi bilemok welin, yzyma seretsem, yns-jyns görnenok. Näçe garaşsam-da, dostum gara bermänsoň, yzyma gaýtdym. Sähel ýöränimdenem öňümden Mämmetnuruň eşegi çykdy. Onuň üsti boşdy. Daş-töweregime garanjakladym. Gözüme hiç zat kaklyşmansoň, ol ýene bir hile etjek bolýandyr öýdüp, sesimiň ýetdiginden gygyrdym:
— Eý, Mämmetnur, bes et oýnuňy! Gijä galsak, kakam käýär, basymrak gideli, üçe çenli sanaýançam çykmasaň, eşegiňi goýberýän. Näçe sanasam-da, ondan jogap bolmansoň, eşegini arçanyň şahasyna daňyp, ýol yzarlap yzyma gaýtdym. Ýene bir öwrüm geçdim welin, iki baýryň ortasyndaky düz ýoluň boýunda ösen arçanyň düýbündäki gara gözüm düşdi. Eşegimi gyssap, onuň ýanyna ýetmäge howlukdym. Deňine ýetmänkäm, onuň Mämmetnurdygyny saýgaryp, böküp eşekden düşdüm-de, oňa tarap ylgadym. Ol ýüzin ýatyrdy. Barşyma gapdalyna çökdüm.
— Mämmetnur, näme boldy? — diýip, egninden silkeledim.
Ondan ses-üýn çykmady. Ýerimden galdym-da, dalda isläp, töwerek-daşyma garanjakladym. Eşegimden başga hiç zat gözüme ilmänsoň, golaýdaky depä ylgap çykyp, töweregime seretdim. Golaýda-uzakda gidýän-gelýäne-de, goýun sürüsine-de gözüm düşmedi. Onsoň duran ýerimde aşak çöküşime iki elim bilen kellämi tutup pikire gitdim: «Näme etsemkäm? Garaşyp oturanym bilen gelen-giden boljakmy, belli däl, golaý-goltumda oba-da ýok». Birden kelläme gelen pikire begenip ýerimden galdym: «Şu ýerden üç-dört kilometr uzaklykda deräniň içinde ýazlaga çykan gara mallar sürüsiniň goşy bolmaly. Çopanyň ulagam bar ahyryn». Ýöne dostumy bu halda nädip ýeke goýup gideýin?! Deň-duşam bolsak, Mämmetnur ýaşyndan has daýaw görünýärdi. Bizden birküç ýaş ulularam onuň bilen bil tutuşyp bilenokdy. Bu oňa deň-duşlaryň arasynda abraý getiren hem bolsa, edil şu pursatda maňa hupbat boljagy görnüp durdy. Sebäbi ony ýerinden gozgamaga däl, arkan öwürmek hem ýeňil düşmedi. Men köýnegimiň ýeňi bilen onuň ýüzüne siňen tozany süpürişdirdim. Soňam: «Döwlen-ýenjilen ýeri bolaýmasyn» diýip, onuň el-aýagyny barlaşdyryp başladym. Sebäbi garry enemdir kakam obada belli tebip bolansoň, olaryň tebipçilik edýän wagtlary hereketlerini synlardym. Olaryň «Ony getir, muny getirine», dürli otlardan derman taýýarlamak ýaly ýumuşlaryna ýarar ýörerdim. Men bilşimçe hereket edip ugradym. Onuň sol golunyň tirsegini basanymda gözüni açdy-da, ýüzüme seretdi. Men onuň gözlerini açanyna begenjime şatlykly hemem naýynjar gürledim:
— Mämmetnur, dostum, beýdip ýatmasana, görnüp duran döwük-ýenjik ýeriň ýog-a. Bir ýeriň gaty agyrýan bolsa, yzymyza, oba gaýdaly. Bilýäň-ä şu ýerden üç-dört kilometrlikde deräniň içinde mal çopany Aman aga ýaşaýar, onuň ulagam bar. Şoňa haýyş etsek, derrew oba aşyrar. Beýtjek bolsaň indi seniň bilen daga-da gaýtman, eşegem çapyşman. Häzir eşeklerimizi getireýin, çopan goşuna baraly.
Ol jogap bermän, gözlerini ýumdy. Men ýene-de haraý isläp, daş-töweregime seretdim. Soňam ýene-de onuň endamyny sermeşdirip başladym.
— Ilde eşekden ýykylan ýokmy senden başga, döw ýaly göwräň bilen tozana bulaşyp ýatyrsyň, gören-eşiden näme diýer?!
Dilim gürleýär, barmaklarym bolsa ony bogunma-bogun diýen ýaly barlaşdyryp barýar. Gözlerim welin onuň ýüzünde, sebäbi ondaky bolaýjak üýtgeşme boýunça many çykarjak bolýardym. Barmaklarym dyz çanaklarynyň üstünden basanda, onuň çirkin sesinden elimi birden çekip aldym. Näçe wagtlap äm-säm bolup duranymy bilemok, kömege garaşmagyň biderekdigine gözüm ýetensoň, haýal etmän işe girişdim. Öňi bilen onuň aýagynyň şikes ýeten ýeriniň ýokarragyndan berk daňdym. Soňam çaltlyk bilen galan ýerlerini birlaý basyşdyryp çykdym. Göräýmäge, başga ýerine zeper ýetmändir. Onsoň döwükmi-çykyklygy meniň üçin näbelli bolsa-da, çişen aýaga seýik etmeli diýen pikir bilen töweregime garanjakladym. Gözüme ilen hem guran sygyrguýruklar boldy. Ylgap baryp üç-dört sanysyny goparyp aldym. Soňam eşegimiň üstündäki torba tarap haýdadym. Barşyma ejemiň kakama iberen zatlaryny bir ýaglyga gapgardym-da, boşanyny alyp, dostumyň ýanyna eňdim. Gelşime aýagyň çişen ýerini berk sarap, daşyndan hem sygyrguýruklary goýuşdyryp, ýüp bilen çekip daňdym. Soňam dostumyň depäniň aňyrsynda galan eşegini getirip, boýnundaky ýüpüň ujuny arça ildirdim. Özümden esli agyr, hereketsiz göwräni eşege nädip mündürjegimi bilmän, töweregime seretdim. Ýigrimi-otuz metrlikdäki jara gözüm düşende, ýüzüm ýagtylyp gitdi. Dostumy şol ýere eltip bilsem, eşegi jaryň içinde goýup, näsagy bir zat edip, onuň üstüne mündürip bolmagy mümkindi. Derrew işe girişdim. Ýöne ony göterib-ä däl, dikeldibem bilmedim. Süýrejek bolsam, ýerindenem gozgap bilmedim. Men guşagymy çözüp, suwgabymy aldym-da, suw içdim. Birhili, gurplanan ýaly boldum. Soňam guşagymy çekip daňdym-da, «Ýa Alla!» diýip, dostumyň goltugyndan çekdim welin, ol ýerinden gozganaýdy. Muňa monça bolup, ony süýräp başladym. Badymy gowşatman niýetlän ýerime bardym-da, dostumyň kellesini emaý bilen ýerde goýup, gapdalyna çökdüm. Dostum dünýäni bilmän ýatyrdy, ýöne mahal-mahal zaryn iňleýärdi. Suw berdim. Ol bir owurt ýaly suwy kynlyk bilenem bolsa ýuwudansoň, açylan gözleri sähel salymdan ýene-de ýumuldy. Hasanaklap ýerimden turdum, eşekleri alyp geldim. Gelşime Mämmetnuruň eşeginiň boýnundaky ýüpüň ujuny golaýdaky arçanyň şahasyna daňyp, özümiňkä mündüm-de, jara tarap depgiledim. Ýöne bärden batly baran eşegim jara girmeli bolanda kürtdürip duruberdi. Şunça jan etsemem, gozganaýynam diýenok. Men biraz aňyrrak gidip, jara iner ýaly ýodajyk tapdym. Oňa giremsoň, eşegimi gyssadym. Dürli uzynlykdaky, dürli ýogynlykdaky arça, kerkaw şahalary jaryň içinde her ýerde-her ýerde duş gelýärdi. Iküç sany pilsapy ululygyndaky arça şahalaryny, dört-bäş sanam golboýy kerkaw bölejiklerini gujagyma gysdym-da, dostumyň ýatan ýerine tarap gyssandym. Gelşime arçalary ýere hatar ýazyp, kerkaw şahalaryny olaryň üstünde keseligine goýdum. Eşegimiň üstündäki horjundan ýüp çykaryp, kesişdirip alyp, goýan agaçlarymy bir-birine daňyşdyrdym welin, göräýmäge gül ýaly merduwan boldy duruberdi. Ony emaý bilen eşegimiň gaňňasynyň arasyna ornaşdyryp, gyrada duran ýüpi eşegiň garnynyň aşagyndan geçirip berk çekip, merduwany berkitdim. Onuň üstüne-de Mämmetnuruň eşeginiň palanyny ýazdym. Indi Mämmetnury eşege mündürmekde iş bardy. Emma men sähelem aljyramokdym. Hamana, atam gapdalymda durup: «Ony eýt, muny beýt» diýip, maslahat berip duran ýaly, gaty arkaýyn hereket edýärdim. Mämmetnuruň horjunyndaky ýüpi alyp geldim-de, onuň goltugynyň aşagyndan geçirdim. Niýetim ony süýräp eşege mündürmekdi. Süýräb-ä bilerin, emma eýlesine-beýlesine geçip, ala hysyrdy bolup ýörşümden tebil tapyp, eşegim ýerinden gozganmabilse ýagşydyr diýip biraz gorkym bardy. Bolsa-da, ol ýagdaýyma düşünýän ýaly, gozganman durdy. Men jaryň eýlesine bir geçip, beýlesine bir geçip, ahyrsoňy işi bitirdim. Eşegimiň boýnundan gujaklap, jardan çykardym. Mämmetnuruň eşegini ýüp bilen eşegime tirkedim-de, ýola düşdüm.
Oý-pikire çümüp, mytdyllap barşyma näçe wagt ýöränim-ä bilemok, atyny gyssap gelýän adama gözüm düşdi. Sähel salymdan Aman çopan garşymyza geldi-de:
— Tebibiň dogmasy, bolup gelşiň nähili? Eýgilikmi, näme boldy? — diýip, ýüzüme çiňerildi. — Biri eşegini awdan mas ýükläp gelýändir öýtdüm, görsem sen.
Men iki agyz söz bilen bolan zatlary gürrüň berdim. Ol dostuma siňe seredip:
— Kim muňa em etdi, bu merduwany ýasan kim? — diýip sorady.
— Hemmesini özüm etdim — diýip, ysgynsyz gürledim.
Ol ýüzüme çiňerilip seredip, geň galanyny gizlejegem bolman öwgimi ýetirdi:
— Berekella, Aga tebibiň dogmasy!
Bu sözlerden soň bogazym dolup, ysgynym gaçyp, eşegimiň boýnundan gujaklap ýykylmazlyga çalyşdym. Ol meniň halymy aňyp, goltugyma girip, ata münmäge kömekleşdi-de, göwünlik berdi:
— Durmuş-da bu, onça-munça boluberýä-dä, ýöne tebibiň dogmasyna ejizlemek ýaraşmaz. Ynha, muny derrewjik oba aşyrarys-da, lukmanlaryň eline bereris welin, nädersiň sanaýmaly günden aýaga galyp gitse. Dostuňa ilkinji kömeg-ä berip bilipsiň, sen-ä hakyky tebip ekeniň.
Ol şeýle diýdi-de, öňe düşüp ýöräp başlady, menem ysgyn-mydarsyz halda atyň eýerine ýapyşyp, olaryň yzyna düşdüm. Çopan goşuna gelşimiz, ol ýerde çopanyň awtoulagynda oba aşyşymyz meniň üçin düýş ýalydy.
Garry enemiň eden ýapgylary, dermanlyk otlardan taýýarlap beren içgileri dostuma em bolup, sähel günden gutulyp gitdi. Dostuma em edişime göwni ýetip, enem şondan soň maňa: «Tebip oglum» diýmegi çykardy. Soňlugy bilen obadaşlarymyň arasynda hem adym «Tebip» bolup galyberdi.
Edil şoňa garaşyp duran ýaly, Tebip aga sözüne dyngy berenden, gapydan mylaýym ýylgyryp şepagat uýasy girdi.