|

Tebigatyñ gyzy

Tebigatyñ gyzy TEBIGATYŇ GYZY

Uzak syýahatdan dolandy öýe,
Tebigat enäniň «Ýaz» atly gyzy.
Sowgatlary bilen begendirdi ol,
Uly doganlary «Tomusdyr,Güýzi».

Jigisi «Gyş» bolsa ylgap geldi-de,
Uýasyny gujaklady mazaly.
«Ýazyň» beren oýunjagny aldy-da,
Oýnamaga çykdy öňküsi ýaly.

Penjiräni açyp tämiz howadan,
Içerini gandyrdy-da birsellem.
«Ýaz» öýüň her çüňkün bezäp başlady,
Dürli reňkli owadanja güllerden.
                      
A soňra mähirli garaýşy bilen,
Mährem käbesine ýylgyryp bakdy.
«Ýaz» alyp saçyna ildiren gülün,
Tebigat enäniň döşüne dakdy.

* * *

Ýalňyzlyk hakynda okasam şygyr,
Dünýämi gaplaýar ne dert,ne gussa.
Ne-de sumat bolýar ýylgyryşlarym,
Ýüzümden,gözümden
                                     ýüregim gyssa.

Aýdym aýdyp garga gyryk ses bilen,
Nurly gündizlerde,Aýly gijede.
Ýogsam,ýüregimde berç bolup ýatan,
Gussaly setirler bardy nijeme.

Syýamyň göz ýaşy bolan setirlem,
Bu gün ak kagyzda döredýär gülki.
Gamgyn ylhamymy inçe ýol bilen,
Sen gyz gözelligňe baglansyň belki.

Isa HOJAMERDANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle