Tazy
Tazy

Aýjyn ýumurtgasy.
Çykmadyk kelle.
Göründi ýoknasyz syrtaran dişi
Dünýäni özüçe suratlandyrdy,
Ozalybetinde hapysa tuşy.
Şäherde kän kişä aslyşjak bolup,
Erkek siñek görse guýruk bulady.
Nirde maşgalaly,
ýa eli işli
Goçak görse ters aýlandy daşyndan
Bähbit üçin ýetenden pul diledi,
Kän gowgalar geçip gitdi başyndan.
Boýy synyp,
namys tugy gidensoñ
Ten berdi bir telpegiagan çopana.
Nowbaharny ýygnap bilmän köçeden
Hem çydaman iliñ şallak gepine
Dyndy dünýäñ azabyndan kakasy.
Indem dikjek bolýan ýaly jürüni
Käbesine söger otursa-tursa.
Mahal-mahal malýataga ylgaşlap
Özün asýan ýaly sahna görkezer.
Şeýdip dilin ýygar gelnejelerniñ,
Haý-küş etjek hossarlaryn ürküzer.
Galplyk — galkanydyr,
Ýalan — nikaby.
Myjabatsyz oñmaz,
oñar höreksiz.
Ol görkezmek islär özüni dünýäñ
Iñ uly ýüregi…
Emma ýüreksiz,
Ugruny ýitiren jynssyzyñ biri.
Ýalanlary bilen,
Ýaşrygy bilen
Görmejegni bilse-de hiç höziri
Ynanýar öz toslan ýalanlaryna.
Betnamlygy ýüz-gözüni gemirip
gitse-de dek ýatmaz günde-günaşa
Del gujagyñ ysyn alyp küpürär.
Şonsuz geçmez güni,
geçmez sagady
Tapmasa-da agzyn ýuwmaga pursat
Gap-gara bolsa-da ýugrumy, erni.
Ylla eteginde eglip-galmaly
Mömin ýaly saga-sola gep urar.
Özüni pes görmez Merýem eneden,
Hyýal ýüwrer Rabiýadan dem urup.
Gije ýassyndan soñ, wyždany bilen
Başa-baş galanda bu bibatlygyñ
Günäkäri magat özi bolansoñ
Aglar demigip…
Barybir düzelmez
Ýene dañ atsa,
Gözlegine çykar başga erkegiñ.
Goltugynda mekan tutan şeýtanam
«Erkek — eşekdir-dä,
Ýigit boldy nä,
Ýa elliden agan bezzat gojamy…
Nebsiñ agyrmasyn maşgalasyna.
Bolşundan bäşbeter mysapyrsyrap
Iñ soñkuja harjyna çen çürkegin»
diýýän ýaly garanjaklap daşyna
Iblisi-de ompa oturtjak hyýallañ
Ummanyna boýyn çümer ýyrşaryp.
Bir deminde on erkege ýar bolup
Külpet seper bir ojagyñ başyna.
Şonda-da müýnsüzdir gezer gaýşaryp.
Ýazygyna galar görmediginiñ
Gezdim diýip gep etmäge çekinmez.
Geçiñ emjegi deý saglan döşlerin
Keşdi çeken bolmaz bu jelegaýda
Soñ tiñkesin diker Amsterdama
Kül-külüne düşer nätanyşlaryñ.
Nätse-de ýol almaz etsem-petsemi
Çünki sypyp bilmez gara pälinden.
Meger jyn-arwaham elheder eder,
Onuñ ýüz müñ tüýsli hile-a:lyndan.
Ömri ötinçä şeýle gitjegi anyk,
Kellesine ýaglyk atmak pikri ýok.
Näçe gudursa-da,
guduzlasa-da
Sowlupdyr bazary,
ýyldyzy sönük.
Sebäp tobasy ýok,
Sebäp şükri ýok.
Düzelmegne garaşýan ýok şoñ üçin
Her kim onuñ gepi ýetmese razy.
Bilmedim-dä, men-ä,
Ahyrsoñunda
Aw ýolunda öläýmese şu tazy… Goşgular