|

Täzelenen geçmişim

Täzelenen geçmişim

TÄZELENEN GEÇMIŞIM

Giç agşam çagy
meniň geçmişim,
ol hapysa gedaý,
jenaýatdan doýmadyk kempir,
ýene geldi ýanyma
hile gurup, maňa haýbat atmaga.

Git — diýip kowdum ony.
Git, Hudaýyň haky üçin
hiç dolanma yzyňa.
Git, ýogsa etjegim belli…

Edip biljek zadyň ýok — diýdi gyryk ses bilen,
syrtardyp dişigädik agzyny —
men saňa fundament, sen mende dursuň,
men kök, iýmiti men berýän saňa.

Şonda bir ýumruk bilen öldürdim ony.
Hem uly sowgat hasapladym özüme,
görenimde onuň geň-taň bakyşyn,
ynanman özüniň
ölüp barşyna.

Öldürdim. Indi meniň geçmişim täze,
ony men özüm döretdim.
Ine, ýylgyryp dur owadan,
nurly geçmişim.
Ol gül ysly, rahat hem mylaýym sesli.

Bu fundament ynamdar:
kökünde tejribe bar.
Bu protez has kämil
asyl hakykysyndan.

Bezelen ýalanyň ýok hiç kime zyýany,
Maýyşgak ol, toýun ýaly,
berip bilersiň oňa islän şekliňi.

Ýan RYBOWIC. 
Terjime: MANGO. 

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle