|

Täze ýylyñ öñ ýany

Täze ýylyñ öñ ýany TÄZE ÝYLYÑ ÖÑ ÝANY

Berjaý bolýar diýýäler
Ähli göwün isläniň,
Täze ýylyň öň ýany
Arzuwlara besläniň.

Hasyl bolar elmydam
Oglan-gyzlaň arzuwy.
Ýöne welin muň üçin
Yhlas etmeli gowy.

Okamaly hemişe
Ýaltalygy terk edip,
Maksadyňa ýetersiň
Öz-özüňe erk edip.

Bäşlik alyp okasaň,
Hasyl bolar arzuwyň.
Gadyryny bilmeli
Mekdep bilen okuwyň.

Ine bu gün köne ýyl
Gidip barýar hoşlaşyp,
Täze ýylda ikilik
Gitsin bizden daşlaşyp…

Sergeý MIHALKOW.

Rusçadan terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.

“Mydam taýýar” gazeti, 01.01.1989 ý. Çagalar edebiýaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle