Täze ýyl henekleri
Täze ýyl henekleri
Oglanjyk Aýazbabanyň IMO-daky salgysyna habar ýollaýar:
“Hormatly Aýazbaba! Size maňa beren Täze ýyl sowgadyňyz üçin minnetdarlyk bildiýräin!”.
Aýazbabadan jogap gelýär:
“Biderek zat-la, oglum! Sag bol aýtjak bolup azara-da galmaly däl ekeniň!”.
Ýene-de oglanjykdan habar gelip gowuşýar:
“Menem şeýle diýdim-le welin, onda-da ejem: “Edepli adamlar hatda bolgusyz sowgatlar üçinem minnetdarlyk bildirseler ýagşy bolýar!” diýäýdi-dä”…
*****
Täze ýyl baýramynyň ertesi güni oglanjyk daýzasyna jaň edýär:
-Daýza jan, Täz ýylda sowgat beren tüýdügiň üçin ägirt uly taňryýalkasyn aýdýaryn…
Begenen daýzasy jogap berýär:
-Wah ýegenjigim, ol tüýdük beýlebir gymmat zat däl-le. Bahasy bary-ýogy 10 manatjyk…
-Ol diýýäniň-ä dogry-la welin, daýza, ýöne kakam bilen ejem indi her gün daň bilen oýanyp, tüýdügimi çalyp başlan badyma maňa bes etmegim üçin her haýsy 10 manat berýär…
*****
Biri dostuna geňeşýär:
-Dost jan, maslahat bersene! Aýalyma Täze ýyl sowgady diýip näme alyp bersemkäm?
-Özünden sorasaň dogry gelmezmi-aý, dostum?!
-Äý,-diýip geňeş salýan ýeňsesini gaşaýar:-O diýýäniň-ä rast-la welin, mende onça pul ýok-da…
*****
Täze ýyl baýramçylygyndan bir aý soň biri dostuna aýdyp berýär:
-Dost, men-ä aýalyma geçen Täze ýylda “Maşgalanyň puluny nädip tygşytlamaly” diýen kitaby sowgat berdim.
-Ýeri onsoň, nätdi? Öýüňizde pul tygşytlanyp başladymy?
-Hawa, başlady,-diýip ol gaýgyly dem alýar:-Bir aýda alty kilogram-a horlandym, ulagyma guýjak ýangyjymyň puluny ogrynça karz alýan, piwo-çilim-arak…hemme zady taşladym…
*****
Yrymçyl gelinleriň biri jorasyna jaň edýär:
-Jora jan, eşitdiňmi? Bu ýylyň Täze ýyl baýramçylygy hut bäşinji güne düşýärmiş-dä…
-Hiý-wa,-diýip jorasy içini çekýär:-Hernä aýyň on üçüne düşmese bolýar-la…
*****
Oglanjyk gazetden “Aýazbaba we Garpamyga jaň ediň-de, öýüňize çagyryň!” diýen şygaryň astyndaky mahabaty okaýar. Derrew jaň edýär. “Aýazbaba” diýip özüni tanadan erkek kişini öýlerine çagyrýandygyny aýdýar. “Aýazbaba” oglanjygyň öýüniň salgysyny soraýar.
-Biziň öýümiz şäheriň merkezi bazarynyň günbatar tarapynda,-diýip oglanjyk düşündirmäge başlaýar:-dört gatly jaýyň ikinji girelgesinden üçünji gatyna galsaňyz, çepiňizdäki gapydyr. Burnuňyz bilen jaňyň düwmesine bassaňyz özüm gapyny açaryn…
-O näme üçin jaňyň düwmesine burnum bilen basmaly?-diýip “Aýazbaba” geň galýar.
-Sebäbi siziň iki eliňizem sowgatlardan doly bolar ahyry…
*****
Täze ýyl güni iki pessimist baýramçylyk meýdançasynda sataşýar. Olaryň biri şady-horram bolşup ýören adamlara gamgyn nazar oklaýar-da, lapykeçlik bilen hüňürdeýär:
-Men-ä şü adamlaryň Täze ýyl baýramynda näme üçin şeýle däliräp, begenişýändiklerine heýç düşünýän däldirin…
-Belki, geçen ýyly ölmän sag-aman geçirenlerine bolaýmasyn?!-diýip beýlekisi tukatlyk bilen çaklaýar…
*****
Biri dostuna zeýrenýär:
-Meniň gaýynenem bilen Täze ýyl ikisi örän meňzeş. Edil bir almany iki bölen ýaly…
Dosty geň galýar:
-O nähili? Nädip adam bilen baýramçylyk çalymdaş bolup bilýär-aý?!
-Äý, olaryň ikisinde-de bir esasy häsiýet bar. Sen olaryň gelmegini isle-isleme, barybir sümsünip bir ýerden çykýarlar…
*****
Täze ýyl güni myhmançylyga barýan aýaly ärini igelemäge başlaýar:
-Gyýw, bu gezek bir baran ýeriňde geçen ýyldakylaň ýaly ile gülki bolaýman, dogruja gepläwergin…
-Näme-aý,-diýip, eýýäm öýünden çykmanka hatynynyň gözüne güýdüşip, ýagdaýyny mazalyja gowulamaga ýetişen äri myňňyldaýar:-Men olar-a: “Siziň hemmäňize jan saglygyny, işleriňizde rowaçlygy, ýurt abadançylygyny arzuw edýän!” diýip çäklenerin-dä-how!
-A geçen ýyldaky ýaly: “Özüňe-de bir zatlar diläp gal-da!” diýseler näme?!
-“Özüme-de Täze ýylda üstünliklerden-üstünliklere toýnak salyp, ýyldyz bolmagy dileýän!” diýerin-dä…
-Düşnükli. Ulalyp oňalman geçen, ýene-de içip-içip myhman ýeriň arçasynyň çürbaşyna dyrmaşmakçy bolýaň-da, onda…
Internet maglumatlaryndan terjime edilip taýýarlandy. Degişmeler