Täze ýyl goşgulary
Täze ýyl goşgulary
Aýaz babaň eline Garpamykdan jaň geldi
maňa beren ýumuşyň dyndym işim bitdile
»Jerenjige kitap gerek» diýip ondan hat geldi
geçen ýylky kitabyny jigijigi ýyrtdyla
Gurbanjyga at gerek,
Pena bolsa batbörek,
Suraýa gulakhalka,
Jemala uly guty milki şokalad gerek,
Serdar bolsa ýazypdyr, ,,Maňa diňe it gerek,,
geçen ýylky sowgatdan meniň jigim gorkdyla
Ýene de kän hatlar bar, motor, maşyn, welosiped,
hatlaryny okasaň ullakan bir pelsepe,
Şirin bolsa ýazypdyr ,, Mata gerek gülýüpek,,
geçen ýylky köýnegin gurjagyna gyrkdyla
sanardan kän hatlar bar gutylary taýynja,
sowgatlary getirseň, bezärdim men aýynja…
— Garpamygym, minnetdar ýygnap goýaý gaýymja,
bu ýyl baryp biljek däl menem häzir türkdele
* * *
Aýaz babaň jaňyna Garpamyjyk gamlandy
sowgatsyz goýup bolmaz, bir zatlara etmeli,
kimden kömek soraýyn, pikirlendi, oýlandy,
näme etsem, nätsemkäm kime arzyň aýtmaly
gelen hatlaň baryny , ýene gözden geçirdi,
wah görgüli bu hatlar walidoldan içirdi,
ýene bir, iki, üç gün bar, gije ýatman geçirdi,
ýylda bir gezek gelýär, bu ýyl işsiz ýatmaly.
gel ýene-de bir gezek, aýaz baba sözläýin,
— Bile işleşip geldik, gaýrat etde geläýiň,
ýa-da bir maslahat ber, bu hatlary neýläýin,
öňem iş tapylanok, men nääme etmeli.
Garpamyk kän ýalbardy,
Aýaz babaň çynydy,
diýýärdi Aýaz baba indi meni unudyň,
Sugunlary satypdym, aljak bolup bilidi,
menden saňa maslahat arabanam satmaly
Çagalaryň hossarlaryna iber ikije sözi,
Aýaz baba bolaýsyn atalarynyň özi,
dollar diýilen bela, işsiz goýdyla bizi,
başga çykalga ýokdur, otlap göýber hatlary.
bu sözden soň Garpamyk özüni ele aldy,
bezäp besläp geýindi aý parçaly halady
arabany satdy-da 30-na bilit aldy,
uly bildiriş ýazdy,
MENEM TÜRKE GITMELI. Goşgular