| |

Täze ýyl gijesi

Täze ýyl gijesi TÄZE ÝYL GIJESI

Täze ýyl gijesi

Her öý, her jaý
Edip berjaý
Bütin bir ýyl borjuny,
Şat hoşlaşyp,
Gujaklaşyp
Ony ýola şaýlaýar.
Guşap bilin,
Öpüp ilin,
Egne atyp horjuny,
Sag bol diýip,
Içmek geýip,
Iline göz aýlaýar.

Eý, mähriban,
Eý, jana-jan,
Parahat ýyl, bar aman!
Ýeñiş bile
Güle-güle
Seni ýola salýarys.
Dert, gussa ýat,
Ýürekler şat,
Toýlar edýäs bu zaman.
Heññam uly,
Täze ýyly
Bu gün garşy alýarys.

Her bir tamda
Ýüz mukamda
Aýdym, sazlar seslenýär.
Ýetip gelýär,
Bagt äkelýär
Täze ýylmyz bu ýere.
Aýna garap,
Zülpüñ darap,
Gyz-gelinler beslenýär.
Sansyz sapa,
Dönmez wepa
Erklere bar edere.

Tolkun atýar,
Ýalkym atýar
Her öýüñ her bezegi.
Giñ älem heñ,
Bu wagta deñ
Altyn aý-da batanok.
Şowhun galýar,
Ýaşlar alýar.
Käte birden gezegi,
Bagtlar isläp,
Ýolka besläp,
Çagalar hem ýatanok.

Şirin sözler.
Gülýän gözler
Müñ bir hyýal döredýär.
Gara gaşly,
Buýra saçly
Ýaş ýigidiñ başynda.
Baş galdyryp,
Göz güldürip,
Jemagata seredýär,
Şowhun turýar —
Kah-kah urýar
Dost-ýarlary daşynda.
Oñ hyýaly
Tarlañ ýaly
Göklerde perwaz edýär.

Bagtlara baý,
Ýüz ýyla taý
Gelýän täze ýyl bilen,
Mejlis abat,
Ýürekler şat,
Gyş pasylyn ýaz edýär.
Ine, bulgur,
Ur, dostum, ur!
Geçdik biz täze ýyla!

Eý, gahryman,
Täze zaman,
Bagtlar gonsun başyña!
Sende zähmet,
Sende rehnet,
Sende toý-tomaşa bar.
Et hereket,
Köp bereket
Gelsin nanu-aşyña!
Zähmet azat,
Ýüregiñ şat,
Partiýam saña hossar.

Bilýän, bilýän,
Arzuwlar kän,
Ýeñjegñi salýañ ýada,
Sen geljekde
Has hem ökde
Üstünlikler isleýäñ.
Düşünýäs biz,
Arzuwyñ düz,
Ýetersiñ sen myrada!
Çünki eşret
Bolmasyn çet,
Oña men gurban diýýän!

Ne uly bagt,
Parahat wagt
Täze ýyllar meýlisi!
Goý, sowuk söz,
Bet ýaman göz
Mydam bizden daş bolsun!
Gül Watanda
Dañ atanda
Joş urup zähmet sesi,
Her bir merde
Ýeñişlerde
Şan, şöwket ýoldaş bolsun!

Rehmet SEÝIDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle