Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy
Soñky ýaprak ýyl daragtyn terk etdi,
Dünýä indi garaşylan Täze ýyl.
Arzuw etdi bir-birege ynsanlar:
— Bagtyýar bol, oñat bolsun täleýiñ!
Bu pursat ýol bolsun bar öýke-kine,
Ýagtyldalyñ ýürekleriñ gijesin.
Arzuwlar toşaba öwrülsin bu gün,
Şerbet şiresinden agzyñ süýjesin.
Gazanan bar ýeñşim, ýalñyş ädimim, —
Bu gün yzda galan geçmişim bolar.
Ýöne, köne ýylym, unutsam seni,
Geljegiñ öñünde etmişim bolar.
Seniñ maña beren şatlyk, aladañ
Belli däl täzede artyp-kemjegi.
Bagtly boldum señ göwsüñde köp gezek,
Maña belli haýryñ şeri ýeñjegi.
Ýürek ýagşylygyñ hyzmatyn etdi?
Il bilen den gopdum, döretdim, gurdum
Synagña döz geldim, ýykyldym käte —
Hiç başym egmedim, aýakda durdum.
Köne ýylym, hoşlaşaly, gideýin,
Adam ömri doly ýüz-müñ işlikden.
Käte ýatlamalañ kilmin galdyryp,
Gararyn men geçmiş bolup işikden.
Orazguly ANNAÝEW.
«Garagum» žurnaly, 1/2017 ý. Goşgular