|

Täze ýyl

Täze ýyl TÄZE ÝYL

Alys menzilleri, alys ýollary,
Söküp geldiñ, ýene kakdyñ gapymy.
Öñküden has gözelleşip, ýigdelip,
Açdyñ täze arzuwlaryñ gatyny.

Yhlaslara umyt berdiñ, jan berdiñ,
Üstünlige çekip barýan golumdan.
Her kes ýüklenipdir bolşuna görä,
Kim zähmetden, kim ylymdan-bilimden.

Wagt ýyldyrym deý at salyp barýar,
Günleri, aýlary yzyna tirkäp.
Arzuwlar señ bilen asmana galýar,
Tutulýan maksatlar ýyl-ýyldan berkäp.

Garaşylýar saña günler sanalyp,
Geljek bagtly gadamlaryñ batly señ.
Ömrüm öñküsinden has paýhaslanar.
Täze ýylym, bosagamdan ätleseñ!

• TOÝ SAZYNY ÇALYP GEL

Güller açýan Watanyma golden çemen bogup gel,
Ak arzuwlaryñ wysaly, ak Gün bolup dogup gel,
Bereketli gazanlarda gaýnap-gaýnap, çogup gel,
Müñläp arzuw-hyýallara umyt beren, Täze ýyl!

Ýitirenler, gözleýänler señ goýnuñda sataşsyn,
Ýüreklere mähir dolsun, yşk ataşy tutaşsyn,
Her ojaga ýagşy niýet ýaran bolsun, gül açsyn,
Arzuw siñen ykballara nur getiren, Täze ýyl!

Gözleriñde şatlyk bolsun, bagtdan ýaña gülüp gel,
Goý, ýañlansyn has belentden, toý sazyny çalyp gel,
Baky Bitarap Watana üstünlikler alyp gel,
Uzap ýagty gelejege bagt getiren, Täze ýyl!

Enejan BABAHANOWA.

«Garagum» žurnaly, 1/2017 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle