|

Täze Mähnet

Täze Mähnet TÄZE MÄHNET

(The New Colossus)

Goşa topraga dabara bilen aýagyn dirän,
Ýunan şöhradynyň bürünç mähneti deý däl –
Bärde, biziň deňiz ýuwýan şapak derwezämizde dur,
Goly alawly, kuwwatly hatyn, alawy onuň –
Gapjalan ýyldyrym, ismi-de onuň –
Merdudlaryň enesi. Onuň çyrag-elinden
Bütin dünýä salam lowurdaýar, mähriban gözleri onuň
Goşa goňşy şähre egele aýlaga hökümdar.

“Gadym ýurtlar, goýuň siz özüňize rowaýaty ajaplyklaryňyzy! –
Gygyrýar ol, owazsyz dahany bilen. –
Maňa bolsa beriň öz garamaňlaýlaryňyzy, garyplaryňyzy,
Siziň erkana demiň yhlasyndaky mynjyradylan mazlumlaryňyzy,
Siziň bol-elin kenarlaryňyzyň nalajedeýin zibilini,
Tupanyň deminde bendi, öwzarsyzlaryňyzy, ýollaň siz maňa.
Men şamçyragym göterýän altyn işigiň öňünde!”.

1883.

Täze Mähnet

© Emma LAZARUS.

ABŞ-nyň Nýu-ýork şäheriniň aýlagynda duran «Azatlyk» heýkeliniň münberindäki şygyr. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle