| |

Täze kitap: «Hruşýowyñ ýalanlary»

Täze kitap: «Hruşýowyñ ýalanlary»

TÄZE KITAP

▶ "HRUŞÝOWYÑ ÝALANLARY"

Grower Furryñ ýazan "Hruşýowyñ ýalanlary" kitabynda SSSR-iñ KP-niñ XX kongresinde ýöñkelen ýalan-ýaşryk aýyplamalardan söhbet açýar.
SSSR-iñ ýolbaşçysy N.S.Hruşýow partiýanyñ 1956-njy ýylyñ fewral aýynda geçirilen XX gurultaýynda sözlän sözi dünýä jemgyýetçiliginiñ ünsüni özüne çekdi.
Hruşýow bu çykyşynda partiýanyñ özünden öñki ýolbaşçysy I.Staliniñ adynyñ kultlaşdyrylandygyny, hatda onuñ hudaýlaşdyrylandygyny, Staliniñ nämynasypdygyna garamazdan aşa beýgeldilendigini, döwleti we partiýany ýeke özi öz islegine görä dolandyrandygyny, köpsanly akýürekli sosialistiñ "halk duşmany" yglan edilip öldürilendigini paş etdi.
Dünýäniñ sosialistik jemgyýetleri tarapyndan ýadyrgama bilen garşylanan bu çykyşy günbatarlylar "möhüm taryhy waka" hasaplady. Mysal üçin Londonda çap edilýän "The Telegraph" gazeti beýannama "XX asyryñ iñ täsirli çykyşy" hökmünde baha berdi.
ABŞ-nyñ Nýu-Ýork şäheriniñ Montkleýr uniwersitetiniñ professory Grower Furr bu kitabynda Hruşýowyñ çykyşynda sözlenen sözleri ýekänme-ýekän analizleýär, Hruşýowyñ aýdýanlarynyñ köpüsinde açykdan-açyk ýalan-ýaşryk sözleriñ bardygyny subut edýär. Netijede şu sorag ýüze çykýar: Eýsem, "XX asyryñ (belki-de ähli döwürleriñ!) iñ täsirli çykyşy" bir kezzabyñ toslamalaryndan ybaratmydy?..
Häzire çenli halka aýan edilen sowet arhiwlerini-de inçegöz elekden geçiren Furr okyjylar köpçüligine heniz mälim bolmadyk birnäçe resmi maglumatlara salgylanýar. Leniniñ "wesýetinden" 1937-38-nji ýyllaryñ tutha-tutlugyna çenli, Ikinji jahan urşundan partiýa organlarynyñ tutaryklaryna çenli ymgyr köp maglumatlary jikme-jik öwrenen Furr Hruşýowyñ çykyşy bilen birlikde başga-da birnäçe maglumaty okyjylarynyñ dykgatyna hödürleýär.

Edebiýat täzelikleri

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle