|

Täze «Jelaleddin Horezmşa» taryhy serialy hakynda maglumatlar

Täze "Jelaleddin Horezmşa" taryhy serialy hakynda maglumatlar JELALEDDIN HOREZMŞA

Häzirki wagtda Özbekistan respulikasynyň medeniýet minstrliginiň sargydy boýunça «Özbekkino» agentligi bilen Türkiýanyň «Bozdag film» kinoşerekti tarapyndan surata düşürilip başlanan «Jelaleddin Horezmşa»[1] serialiniň surata düşüriliş işleri dowam edýär. Serial Özbekistanyň medeniýet minstrliginiň sargydy boýunça Özbekistanyň «Best organiser» MCHJ we Türkiýanyň «Bozdag film» kinoşerektiniň arasynda baglaşylan şertnama esasynda «Orient Finans Bank» täjirçilik bankynyň hemaýatkärliginde surata düşürilýär.

Täze "Jelaleddin Horezmşa" taryhy serialy hakynda maglumatlar

Serialyň režissýory Mehmet Bozdag, ssenarisini ýazan, Nazar Işangul. Serial Türkiýanyň Aksaraý welaýatynyň çäginde ýörite taryhy dekoratsiýalar bilen mezelip taýýarlanan 50 gektar meýdançada, müňden gowurak adamyň üstünde işlemeginde surata düşürilýär. Serial üçin 7 million amerikan dollary sarp edilipdir.
Serialiň baş rollarynda oýnaýan aktiýorlar:

Emre Kywyljym,
Jemal Hünal,
Lewent Özdilek,
Aly Sinan Demir,
Kaan Ýalçyn,
Oguzhan Ýarymaý,
Alişer Uzakov,
Jawahir Zakirow,
Ýulduz Rajabowa,
Şahzada Matçanowa,
Ege Atabek Uýmaz.

Serial 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda tomaşaçylara hödürlenmegine garaşylýar. Häzirki wagtda serialiň haýsy telekanallarda ýaýlyma göýberiljekdigi näbelli, emma Özbekistanyň «MTW» (Milliý TW) Türkiýanyň «TRT1» telekanallaryndan ýaýlyma göýberilmegine garaşylýar.

[1]Özbekçe ady: «Mendirman Jaloliddin Manguberdi». Türkçe ady: «Harzemşahlar».

© Kitapçylar

#internet maglumatlary esasynda taýýarlandy Teatr we kino sungaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle