Täze goşgular
Täze goşgular
Güni görmek üçin inipdiris biz,
Gün bilwen dogulyp gülli baharda,
“Bir ynsan doguldy” diýlipdiris biz
Päkizwe asmanly, günli säherde.
Derrew gün nuruna garylyp gitdim,
Nurly gün nuruny bize eçildi.
Ien şeýdip başlanypdyr ömrümiz,
Ömrümizem güller ýaly açyldy.
Säher bilen başlaýarys ömri biz,
Gözlermizi gün nurunä dikýäs-de.
Herekete getirýäris elleri,
Dumly-duşda elwan güli ekýäs-de.
Keşler bilen çekip barýas pelleri,
Tohum sepýäs Zeminmiziň gatlagna.
Tohumymyz dürterýär-de boý alýar,
Boý alýar-da, galýar abatlygyna.
Gämik bilen gözlerimiz oýanýar,
Öpýär ol gülleriň çemenzaryny.
Toprakdan güýç alan altyn däneleň
Gözlerimiz görmäwersin haryny.
Dänelerim kök uruň-da, käneliň
Topragmyzyň belendinde-pesinde!
Gözlerimiz Gün nury dek nur döksün,
Togalak Zeminiň dik depesinde!
***
Säher wagty gerinýän-de, turýaryn
Düşýär meni daragta nazarym.
Täp-täzeje pikir bilen eýlenen
Beýnim diýýär: “Haçan goşgy ýazaryn?”
Ýürek diýýär: “Ine lowlap gyzaryn”
Eller bolsa herekerte başlaýar,
Dünýä ýaly kökün uran daragt
Bu bolşumy Gün nuruna buşlaýar.
Göwün şeýdip, öz-özüni hoşlaýar,
Daragtym sarsdyranok synasyn.
Bu zatlary aňyp durka ýüregim,
Ne-de bolsa, goý, özüni synasyn.
Ýürek weli: “Indi boldy” diýmesin,
Meniň göwräm öňküsi dek çeýedir.
Daragtyň bolşy ýaly bu göwre
Ne-hä şaha, ne-de köke eýedir.
Gollaryňy uzadyber daragt,
Säher wagty Güneş bilen birleş-de!
Daragta meňzejek bol, ýüregim,
Beýik bilen, Güneş bilen gürleş-de!
***
Bezäp gitdi Güneş Ýeriň göwsüni,
Ýerem Güne tarap atdy owsuny.
Dumly-duşy tutup ýatyr iýmişlik,
Ýaşa sen, ýaşa sen, giden giňişlik!
Tos-togalak Zemin bakdy Güneşe,
Güneş diýdi: “Nurum bilen bezel sen”.
Daş-töwerek ýaşyl begres geýindi,
Ene toprak, gör, neneňsi gözel sen!
Aýdym aýtdy meýdanlaryň gülleri,
Aýdym aýtdy sap zähmetiň pelleri.
Güneş bilen bu topragy bezeýän
Berekella size, Adam elleri!
Köprüler gurýaňyz dumly-duşlarda,
Güne tarap galýar olaň binýady.
Beýniňizden dörýän durmuş ýollarna
Haýran bolýan galagoply Dünýädi…
Dörediji Adam, köpriň beýgelsin,
Köpriň bilen, goý, özüň-de beýgel sen!
Köpriň bilen ähli kenar birleşsin,
Ýüreklerde güneş bolup ýerleşsin!
Bir eliňde göter tegelek Güni,
Göter-de, ýylat sen, dostlaň baryny.
Şahyr aýtmyşlaýyn, beýleki eliň
Saklap dursun Zeminmiziň şaryny!
***
Ýer ýüzüne ýaplap eginlerimi
Gözlerimi güne dikip ýatyryn.
Ýürek köräp urýar Günüň nurundan,
Diýýän ýaly: “Güne salam ýetirin”.
Ynha şeýdip uzak günüm ötürin.
Günüm bolsa saçyp dur öz ýalkymyn.
Gün bilen urunýan birje ýürekde
Ýatyr oý-pikiri beýik halkymyň.
Ýürek diýýär ellerime: “Galkynyň!”
Eller gulak asýar ýürek emrine.
Durşy bilen güneş bolan ellerim
Ömür goşýar topragymyň ömrüne.
Toprak mäjum bolýar, toprak özgerýär,
Günüň nury ýer göwsüni ýyladýar.
Zähmet bilen berdaşlanan gollarym
Sagu-solda elwan güli bol edýär.
Ýürek bolsa öz ellerin gül edýär,
Ellere ornaýar ýürek aýdymy.
Ýürekden, ellerden dörän aýdymdan
Dumly-duşyň bolmaz eken doýdumy.
Daş-töwerek bezäp gitdi beýdimi
Menem ynha, güller ýaly açylýan.
Ellem bilen ýere zähmet paýlasam,
Ýürek bilen ile güneş eçilýän!
“Edebiýat we sungat” gazeti, 03.09.1966 ý. Goşgular