|

Täze durmuş…

Täze durmuş… TÄZE DURMUŞ…

Ol öýde ençe ýyl bile ýaşaşyp,
Öwrenşen adamlam gyz göçürdiler.
Durmuşa çykaryp men «pahyrjygy»
Gyz toýuňam hözirini gördüler.
Şonda garşylady edip uly toý,
Täze durmuş,
täze mekan,
täze öý.

Ýaryşda ýeňlen dek ýüzleri soluk,
Käbiri şumjaran hossarlarymdan
Meni aýra salyp alyp gaýtdylar.
Meni aýra salyp dost-ýarlarymdan.

…Men gaýdamsoň boşap galan bolmaly
Hakyt bagry badaşandym öýe men.
Gyz tarapda ünji goýup düşnüksiz,
Gaýtdym, daşda galdy atam öýümem.

Gelin gelýär diýip aýdym aýtdylar.
Ol aýdymda bardy gelin gussasy.
Toýlarda pul çöplän ýyllarma çenli
Ýaýrap gitdi ýüzärligiň tüssesi.

Olar sadalygy söýýän ekenler,
Meni ýylgyrşymdan sada gördüler.
Şertleşdiler, diňe söýüp ýaşasam,
Iň gowy günleri wada berdiler.

Soň pyşyrdadylar: «Ynha, görersiň
Ataň öýňe gidip-geler durarsyň.
Sen öňem myhmandyň, goý, gamlanma, goý»
Garaz, şol gün keýpden çykdy edip toý
Täze durmuş,
täze mekan,
täze öý.

Şeýdip düşürip yşgyna,
Döredi täze maşgala. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle