|

Taýçanak

Taýçanak TAÝÇANAK

Bir ýerde durasy gelmeýär onuň,
Goýmaýar erkine arzuw-hyýaly.
Hälden bäri ikiýana at salyp,
Ýüwrük aýaklarna sarap ýör ýoly.

Toýnaklaň ýelini alarça boldy,
Duýmaýar, dynç almak ýada düşmeýär.
«Ýyndamlygmy neneň görýäň!» diýýän dek
Käte enesine garap kişňeýär.

Enesi hokranýar: «Çap, taýçanagym,
Kalbýňda hujuwyň, gylawyň barkan.
Toýnaklaň astyndan ot çyksyn seniň
Hem özüň ýol saýla jylawlanmankaň.

Soň-a islegiňe garap durmazlar,
Niräk sözleseler, gidersiň şol ýan,
Çapasyň gelende çekiler jylaw,
Ýaltansaň, gamçy bor sagryň sypalýan.

Häzir welin burnuň ýele tut-da sen,
Keýpini gör ýaşlygyň hem ýollaryň?..»
…Taýçanagam gulaklaryn ýapyryp,
Çapýar şemal bilen darap ýallaryn.

Çapýar, tüweleýden ozup geçýär ol,
Ýa ganaty, ýa halaty bar ýaly.
Kysmat baradaky pelsepelerden
Taýçanagy alyp gaçýar hyýaly.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle