Täsin şäher (He­ka­ýa)

Täsin şäher (He­ka­ýa)

Aleksandr Sergeýewiç Barkow,
rus ýazyjysy

Sentýabryň ümsüm hem agras günleridi. Köne seýilgäh giň hem ýagty görünýärdi. Garaňky aýlaglardaky howuzlar poslap, liliýalaryň ýapraklary suwa batyp durdy. Duýdansyz düşen agşam sowugy kerkawlary altyn çaýylan ýaly edipdi. Yzýany öwsen şemala ýapraklar tänýärdi.

Ýol süpüriji goja Arhip her säherde seýilgähi süpürýärdi. Bir gezek ol bäş ýaşlyja agtygy Mitkany yzyna düşürip äkitdi. Mitka ilkibaşda sübsesini çalasynlyk bilen hereketlendirip işe girişdi. Emma biraz wagtdan bu onuň ýüregine düşdi. Oglanjyk sübsäni agaçlaryň arasynda gizläp, daş-töweregine garanjaklady. Ol haýadyň ýanyna bir topbajyk ýaprak üýşürip, ony kümüşsöw kirpiniň ýaşaýan öýi hökmünde göz öňüne getirdi. Şondan soň ol dürli reňklerde öý gurmaly diýen netijä geldi. Öýleriň biri galaýydan esgerjikler üçin, beýlekisi mahmal aýyjyk — toptygin üçin, üçülenjisi bolsa ýük ulagynyň gijesini geçirmegi üçindi.

Mitka bir gujak ýaprak alyp, olary reňkleri boýunça tertipleşdirip başlady. Oglanjyk zähmet çekmäge, döretmäge, oýlap tapmaga hem gurmaga yhlas edýärdi.

Mitkanyň töwereginde gyzyl, mämişi, benewşe, başga-da dürli reňkdäki öýjagazlar yzly-yzyna «gurlup» ýetişýärdi. Ahyrsoňam täsin şäher emele geldi. Birdenem şemal öwsüp, öýjagazlar göýä, kebelekler, ýaly asmana göterildi duruberdi. Olar asmanda gaýyşyp, ganat baglap, ýodalara, skameýkalara hem Mitkanyň egnine emaý bilen gonýardylar. Emma ýaşajyk gurluşykçy birjigem ruhdan düşmedi. Onuň guran şäherindäki öýleriň uçup bilmegi gaýta onuň göwnünden turdy. Ol ýylgyryp, ýapraklary çöpleşdirdi-de, ähli zady täzeden gurmaga girişdi. Bu gezek öýjagazlar uçmaz ýaly gumjagaz sepeläp çykdy. Oglanjygyň horazyň kekeji ýaly bolup duran diýen etmezek alyn saçlarydyr maňlaýy gum bolupdy.

Dynç almak üçin elliklerini çykaryp duran atasy agtyjagyna garap şeýle diýdi:

— Gör, sen nähili hapalanypsyň. Munuň üçin almytyňy alarsyň.

— Aý hiç… Oňa derek men şäher gurdum — diýip, Mitka çekgelerini çişirdi.

— O nämäň şäheri?

— Ynha, seret… Bu görýän çägeden aýmançaň biziň çagalar bagymyz. A bu bolsa turba, zawod — diýip, agtyjagy atasynyň elinden tutup, seresaplyk bilen «şäheriň» köçelerinde gezdirdi.

— Görsene muny. Ol ýerdäki näme onsoň? — diýip, goja Arhip uly bir ýaprak üýşmegini görkezip gülümsiredi.

— Köp gatly öý. Kyrk gatly.

— Onsoň onda kimler ýaşaýar?

— Biz ikimiz… Özem iň ýokarsynda.

— Ol näme üçin iň ýokarsynda? — diýip, atasy geň galyp, sakalyny sypady.

— Kagyz kepderileri uçurmak hezil bolany üçin.

— Şeý diýsene! — diýip, goja Arhip haýran galdy. Göräýmäge agtygynyň işi onuň göwnüne ýaran ýalydy. Ol sübsesini bir gyrada goýdy-da, bir gujak ýapragy alyp, howlukman haýada tarap ýöneldi.

— Näme etjek bolýaň, ata?

— Näme etmeli bor?! Seniň şäheriň täze, ýöne demir ýol menzilini ýatdan çykarypsyňa. Geljek myhmanlary nädip garşylajak?

Goja Arhip çommalyp oturdy-da, agtyjagy bilen bilelikde demir ýol menzilini gurmaga başlady.

— Şäheriňe näme at goýjak?

— «Dostluk şäheri!». Edil biziň çagalar bagymyzdaky toparymyzyň ady ýaly.

— Şeý diýsene — diýip, atasy baş atyp makullady. Olar gurmagyny dowam etdiler.

Köne seýilgähden kädaýym bir ötegçi geçip gidýärdi. Olaryň käsi durup: «Geň adamlar» diýip, biri-birine ümleşip başyny ýaýkaşsalar, käbiri ümsüm ýylgyryp geçip gidýärdiler. Belki, olaram saralan ýapraklardan öz täsin şäherlerini gurmak isleýändirler.

Terjime eden Züleýha GULOWA,
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle