|

Täsin çözgüt

Täsin çözgüt TÄSIN ÇÖZGÜT

Öňki zamanlarda Pul-Pugi atly kazy ýaşypdyr. Ol has çylşyrymly meselelerdenem ugurtapyjylyk bilen baş alyp çykmagy başarar eken. Bir gün onuň ýanyna üç dogan gelýär. Doganlaryň ulusy ýagdaýyny mälim edip ugraýar:
— Kakamyz dünýäden ötende, bize on ýedi sany düýe miras goýup gitdi. Mirasnamada ol düýeleriň ýarysyny maňa — uly ogluna goýýandygyny ýazypdyr. Üçden birini ortanjymyza, dokuzdan birini bolsa körpämize miras goýupdyr. Biz-ä her zat edip gördük welin, onuň aýdyşy ýaly bölüp bilmedik. Men-ä düýeleri satyp, puluny kakamyň aýdyşy ýaly paýlaşmalam diýdim, ýöne körpämiz razy bolanok. Ahyrynam, uly ýol söküp gelen gapymyz şu boldy.
Pul-Pugi biraz salym pikire çümüp oturýar. On ýedi düýäni, merhumyň aýdyşy ýaly, ikä-de, üçe-de, dokuz bölege-de bölüp boljak däl. Nätmeli? Ol ahyrsoňy doganlara ýüzlenip şeýle diýýär:
— Siz arkaýyn yzyňyza gaýdyň. Nesip bolsa, birki günden obaňyza baryp, dawaňyzy ýerinde çözüp gaýdaryn.
Aýdylan güni Pul-Pugi düýä münüp, doganlaryň ýaşaýan obasyna barýar. Gözi ýolda galan doganlar ony begenip garşylaýarlar. Pul-Pugi olar bilen giňişlik meýdana çykýar-da: — Hany, düýeleriňizi getiriň şu ýere — diýýär.
Doganlar, aýdylyşy ýaly, sähel wagtdan on ýedi düýäni şol giňişlik meýdana getirýärler. Geň dawanyň çözgüdini görmek üçin ol ýere adam bary ýygnanýar. Pul-Pugi düýesinden düşýär-de, doganlara ýüzlenýär:
— Baryň, meň düýämem özüňiziňkileriň arasyna goşuň.
Doganlar aýdylyşy ýaly edýärler.
— On sekiz — diýip, doganlar ýerli-ýerden seslenýärler.
— On sekiziň ýarysy dokuz bolýar. Büý-ä uly doganyň paýy. Şeýle dälmi? — diýip, Pul-Pugi duranlara ýüzlenýär. Hemmeler baş atýarlar.
— On sekiziň üçden birem alty bolýar. Dogrumy?— Indi san näçe boldy? — diýip, Pul-Pugi olara ýüzlenýär.
— Dogry.
— Diýmek, ortanjy dogana alty düýe ýetýär. Şeýle dälmi?
— Şeýle — diýip, doganlar ylalaşýarlar.
— On sekiziň dokuzdan birem iki bolýar dälmi? — diýip, kazy duranlara ýüzlenýär. Märeke ylalaşyjy äheňde baş atýar. — Şeýle bolsa, bu iki düýe-de körpäniň paýy bolýar. Ine, bu galan ýeke düýe-de, bilşiňiz ýaly, meňki — diýip, kazy doganlara seredýär. — Iniler, meseläň çözgüdini neneň gördüňiz?
Doganlardyr oba adamlary Pul-Puginiň ugurtapyjylygyna haýran galyp, oňa hoşallyk bildirýärler.

Rus dilinden terjime eden:
Myrat HUDAÝGULYÝEW. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle