|

Taryhy ýomaklar -2

Taryhy ýomaklar -2 TARYHY ÝOMAKLAR

Leonid Ilýiç Brežnew aeroportda. Ol trapyñ üstünde Gromyka bilen hoşlaşyp, onuñ bilen üç gezek ogşaşýar. Şundan soñ olaryñ ikisi-de bir samolýota münýär. Ikisi-de Bonndan Moskwa uçýar.

* * *

Leonid Ilýiç Brežnew Bakuwda çykyş edende, şeýle diýýär: «Ýaşasyn, Owganystanyñ nebitçileri!».

* * *

— «Kiçi ýer» bilen «Igoryñ ýörişi hakynda hekaýatyñ» arasynda nähili meñzeşlik bar? («Kiçi ýer» Brežnewiñ ady bilen kitap görnüşinde çykarylypdy).
Ikisiniñem awtory näbelli.

* * *

— Brežnew döwründe sowet ykdysadyýetiniñ uçudyñ gyrasynda durandygy hakmy?
— Dogry. Ýöne şondan bäri ol gaty uly ädimler ätdi.

* * *

Ýokary derejedäki ýygnak gidip dur. Çilim çekişlik yglan edilýär. De Goll kümüş çilim gapyrjagyny çykarýar. Onuñ ýüzünde şeýle ýazgy bar: «General de Golla minnetdar Fransiýadan».
Jonson altyn gapyrjagyny çykarýar. Onuñ ýüzüne: «Lindona söýgüki aýalyndan» diýilip ýazylypdyr.
Brežnew göwher bary çaýylan çilim gapyrjagyny çykarýar. Onda şeýle ýazgy bar: «Onuñ Alyhezretleri imperator Aleksandr II-ä -Russiýa dworýançylygyndan».

* * *

Brežnew bilen Gromyko dostlukly sapar bilen Afrika ýurtlaryna gelipdir. Uçar ýere gonansoñ, olary garşylamaga gelen afrikalylar dumly-duşdan hyñ beripdir. Brežnew bilen Gromyko trapa münüpdir. Şonda Brežnew apbasylygy ýokaryk zyñyp-gapypdyr hem-de Gromyko şeýle diýipdir:
— Şaýyñ iç tarapy düşdi. «Bijeli oglan aglamaz» diýipdirler. Indi öpüşmek señ gezegiñ.

* * *

Brežnew bir adamyny ýanyna çagyryp, oña şeýle diýipdir:
— Sen Kremlde otur-da, kommunizmiñ şapagyny garşyla! Aýda 300 manadam menden al…
Ýañky adamyñ göhi gelipdir. Dogrusy, gönenipdir. Aýda 300 manady jübüsine urup, döşüne kakyp, gezip ýörmüşin. Günlerde bir gün ol ABŞ-a gezelenje gidipdir. Şol ýeriniñ prezidenti ýañky adamyny garşylap, oña şeýle teklip edipdir:
— Halypa, gowusy, gel, sen meñ ýanymda işle. Ak tamda oturagetdin kommunizmiñ şapagyny garşylarsyñ.
— Weý, muny! Bu adamlar, nä, pekgedir öýdýäñmi? — diýip, ýañky adam ör-gökden gelipdir. — Sizde men wagtlaýyn işlemeli boljak, SSSR-de welin şu işim maña ömürlik kepil geçilen iş!

* * *

Leonid Ilýiç gyz agtyjagy bilen henek edýär:
— Meñ ýaly ullakan bolañsoñ, kim bolasyñ gelýä?
— Baş sekretar bolasym gelýä!
— Weý, bize iki sany baş sekretar nämä derkar?

* * *

Daşary ýurt habarçysy Brežnewden soraşýar:
— Siz şeýle ägirt ýurduñ üpjünçilik meselesini nähili çözýäñiz?
— Şundan añsat zat ýok. Muny merkezleşdirmegiñ üsti bilen çözýäs. Bar zady Moskwa getirýäs, Moskwadanam ilatyñ özi gerekli ýerine daşaýa.

* * *

Brežnewiñ ejesi Moskwa ~ oglunyñ ýanyna görme-görşe gelipdir. Oglunyñ öýünde gymmat bahaly zatlary, hyzmatkärleri, garažlarda maşyn köküni görüp, ejesi pahyr ýarym-ýaş aglapdyr:
— Wah, Lenýa jan, oguljygym! Eger-de birden gyzyllar ýene-de ýurdy alaýsalar, ikimizi näderkäler?

* * *

Sowal:
— Brežnew Sowet Soýuzynyñ marşaly diýen ady näme üçin aldy?
Jogap:
— Kremli alanlygy üçin.

* * *

SSSR Aragatnaşyk ministrligi Brežnewiñ şekili çekilen poçta markasyny çykarypdyr. Marka bukjalara oñat ýelmeşmändir hem-de ýygy-ýygydan gaçypdyr. Ýörite komissiýa munuñ näme üçin şeýle bolýandygynyñ magadyna ýetipdir: ilat markany ýelimlemeziniñ öñinçäsi onun arka tarapyna däl-de, ýüz tarapyna tüýküripdir.

* * *

Günlerde bir gün Brežnew bilen Karter ýaryşmaşak, kim uzak aralyga öñ geçmeşek edipdirler.
Karter has ýaş bolansoñ, elbetde, Leonid Ilýiçden ozupdyr. Bu ýaryş metbugat sahypalarynda şeýle şöhlelendirilipdir.
Amerikanyñ metbugaty: «Düýn uzak aralyga ýaryşda Kartwr birinji bolup, Brežnewem soñky bolup geldi».
Sowet metbugaty: «Uzak aralyga geçirilen ýaryşy Brežnew ikinji bolup tamamlady, Karterem soñkyñ öñ ýany bolup tamamlady».

* * *

Gyzyl ploşadda.
— Kaka, bu diwar nämä gerek?
— Galtamanlaryñ geçmezligi üçin?
— Haýsy tarapdan geçmezligi üçin?

* * *

Iki aýal biri-biriniñ ýanynda çagalarynu magtaýarlar.
— Dogan jan, meñ oglum edil Karl Marksyñ özi-dä! — diýip, birini aýal agzyny köpürjikledip gürläp ugrapdyr. — Hiç kitaphanadan çykanok, şol okap ýör, okap ýör…
— Meniñ oglum-a agynjal Leniniñ ýaşlyk ýyllaryndaky bolşuna ogşaýar — diýip, ikinji aýalam gürrüñe goşulypdyr. — O türmeden çykyp, bu türmä girip ýör.

* * *

— Kommunist bolduñyzmy? — diýip, başlyk ýanyndakydan sorapdyr.
— Ýok — diýip, işe alynjak jogap beripdir.
— Dogryñy aýt, hany, göni ýüzüme gara!
— Weý, başlyk jan, ýadyñyzdan çykaýdymy? Mundan on ýyl ozal şu taýda meñ arzamy öz eliñiz bilen ýyrtyp, «Ozal basmaçy bolan ekeniñiz!» diýmänmidiñiz näme?

* * *

— Ogullamdan aýlanaýyn, üçüsem akylyñ öýi. Her hepde gelip, meniñ halymdan habar alyp gidýärler.
— Çagalañ näme kär edýä?
— Biri söwdagär, ýene biri reketçi, beýlekisem milise.

* * *

Iosif Stalin Bagirowy ýanyna çagyryp, oña barmagyny çommaldyp, käýinipdir:
— Sizde parahorluk ýaman ösüpdir diýýäler. Şondan ötri, size iki hepde möhlet ~ parañ soñuna sogan ekilsin. Ýogsa-da, eýgilige garaşmañ!
— Ýoldaş Stalin, bir hepdä ýetirmän Azerbaýjanda parahorlugy teýim-takyr ederin. Ýöne siz maña şoñ üçin näme berjek?

* * *

Ýangyjy gutaran uçar adamhorlaryñ mekan tutan jeññelligine gonupdyr. Uçardan iñlis, fransuz, ors düşüpdir. Üçüsiniñ hem amanyny-zamanyny ýetirmän, adamhorlaryñ serkerdesiniñ ýanyna eltipdirler.
— Bu ikisini bişiriñ-de, agşamlyk şamyna taýýarlañ! — diýip, serdar iñlis bilen pereñlini görkezipdir. — Muny bolsa… — Ol orsa ümläpdir. — Syrtyna depip, bärden kowup goýberiñ!
— O näme üçin? — diýip, adamhorlar haýran galypdyr.
— Bu meñ tabakdaşym bolupdy. Ikimiz Moskwada ýokary partiýa mekdebibde bileje okapdyk.

* * *

Deputatlaryñ ýygnagy gidip dur. Gün tertibinde ýurdy ykdysady krizisden alyp çykmak meselesi keserdilipdir. Biri çykyp, şeýle diýýär:
— Geliñ, ABŞ-a, Kanada, Günbatar Ýewropa uruş yglan edeliñ. Olar bizi ýeñerler hem-de ykdysasy krizisden alyp çykarlar.
— Birdenkä biz ýeñäýsek näme? — diýip, oturanlardan biri sowal beripdir.

* * *

— Oglum, «Özbegistany Orsyýediñ basyp alşy» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar.
— Ýogsa-da, señ özüñ haýsy temadan gorapdyñ?
— «Özbegistanyñ Orsyýede meýletin goşulmagy» diýen temadan gorapdym.

* * *

Bir möjek ferma müdirini süýräp barýamyş. Onuñ bolup barşyny gören tilki yzyndan gygyrypdyr:
— Eý, möjek dogan, sen goýun ýerine ferma müdirini alyp barýañ-la?
— Nädeýin dagy?… Fermañ goýunlary arryk-da! — diýip, agyr ýüki göterip barýan möjek has-haslapdyr.

* * *

Bir gaz joşup-joşup gürläpdir:
— Men ördegiñ daýzasy.
Pişigem ondam kem galmandyr:
— Menem gaplañyñ balasy.

* * *

Çeññege düşen balyk gözünden boýur-boýur ýaş döküp, ah çekdi:
— Arman nebsime buýrup bilmedim-dä, ýogsa, geçip durmaýan günüm ýokdy…

* * *

Daşary ýurt habarçysy Wladimir Ilýiçe sowal berýär:
— Siziñ pikiriñizçe, Russiýada näçe sany hakyky bolşewik bar?
Proletariatyñ serdary biraz böwrüni diñläp, şeýle jogap berýär:
— Meñ bilýänim-ä, üç sany: Lenin, Ulýanow we men!

* * *

Stalin döwründe üç adamyny türmä dykypdyrlar. Kamerada olar birek-birek bilen tanyşýarlar.
— Seni näme üçin basdylar?
— Görnükli partiýa işgäri Radegi tankyt edenim üçin…
— Menem şol adamyny goldanym üçin.
— Menem Radegiñ özi.

* * *

Iki sany gedaý otyr. Biriniñ döşüne «Iwan», beýlekisiniñkä «Abram» diýlip ýazylypdyr.
Ötegçiler pul taşlap geçip durlar. Olar Iwana bir manat oklasalar, Abrama hiç zat bermändirler.
— Senem döşüñe «Iwan» diýip ýaz, onsoñ, saña-da pul bererler! — diýip ötegçileriñ biri oña maslahat beripdir.
Ötegçi gidensoñ, Abram Iwana şeýle diýipdir:
— Moýşa, ýankyny gördüñmi? Bu alasamsyk ikimize akyl berjek bolýa!

Rus metbugat materiallaryndan terjime edildi.

Çeşme: «WATAN» gazeti, 1996 ý. Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle