| | |

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary TARYHDA SAÇ ÖSDÜRMEGIÑ ÝA-DA KESMEGIÑ SOSIAL, YNANÇ WE SYÝASY TAÝDAN BERÝÄN MANYLARY

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Sekkez şäherinde doglan kürt gyzy Mehsa Žina Emininiñ 22-nji sentýabrda «ahlak polisiýasy» tarapyndan polisiýa uçastogynda urlup öldürilmegi bilen Eýranyñ 50-60 (häzir 180) şäherinde we birnäçe etrabynda yzly-yzyna protest demonstrasiýalary başlady.
Jemgyýetçilik-syýasy basyşlary ulanmak arkaly örtünme talabynyň çäklerinde aýal-gyzlara garşy alnyp barylýan köpugurly basyşlara sezewar bolýan dürli etniki toparlar, işçiler, talyplar demokratiýa, azatlyk, deňlik üçin köçä çykdylar.
Eýranly gelin-gyzlar we olaryñ dünýäniñ dürli ýurtlaryndaky hemjynslary protestleri goldaýandyklaryny bildirmek üçin raýdaşlyk tertibinde saçlaryny kesmäge başladylar.
Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Brýusselde Eýranyñ ilçihanasynyñ öñünde saçyny kesen eýranly aýal / Fotosurat: AFP

Görlüşi ýaly, aýal-gyzlaryñ saç, bürenjekli bolma, kelleaçyk gezme meselesi beýleki sosial-syýasy meseleler bilen eriş-argaç bolup, erkekleriñ höküm sürýän jemgyýetlerinde häkimiýet we diýdimzorluk meselesi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Mehsa J.Emininiñ öldürilmegini ýazgarmak üçin eýranly erkek saçyny gyrkýar, Brýussel / Fotosurat

Saç meselesini gündelik meselä öwren birnäçe mysalyň üstünde durup geçsem gowy bolar:
Bangladeşli aýal Nazima han 2013-nji ýylyñ fewral aýynyñ başynda «Bütindünýä bürenjek güni» ady bilen köpçülikleýin çäräniñ başyny başlapdy.
Muña garşy çykanlar bolsa, şol güni «Bürenjeksizlik gününiñ» başlangyjy etdiler.
Birinjisiniñ maksady, bürenjekli, başýapynjaly aýallara garşy edilýån basyşlara ünsi çekmek, ikinjiñki bolsa, kelleaçyk aýallary örtünip gezmäge mejbur edýän ýakynlarynyñ we ýurtlaryñ zorluklaryna ünsi çekmekdi.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Eýranly gelin-gyzlar protest tertibinde saçlarynyñ ýarsy görünýän terzde başýapynjaly / Fotosurat

Amerikanlar her ýylyñ 1-nji oktýabrynda ýurt derejesinde saç şüweleñini geçirýärler. Olar saçyna aýratyn esewan edýän we özüneçekijiligi döredýän her kese minnetdarlyklaryny bildirýärler.
9-njy mart bolsa iñ ajaýyp we adatdan daşary zenan sertaraşlar bilen mankenleriñ güni hökmünde tanalýar. Muña «Diwana saçlar güni» diýilýär.
Hytaýly bir aýal iki metre ýetýän saçy bilen Ginnesiñ Rekordlar kitabyna girdi. Oña «Hytaýly Rapunzel» lakamy berildi.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

«Hytaýly Rapunzel» diýilýän aýalyñ saçy iki metre ýetýär

Biz şu mynasybetli saç ösdürme bilen kesme däbiniñ köptaraply we ynanç taýdan berýän manysynyñ üstünde durup geçeliñ.

I. Gadymy döwürlerde saçyñ simwollaşdyrylmagy we aýratyn many berilmegi

Taryhyñ dürli döwürlerinde saç dürli hili manylary berýän simwoliki element bolupdyr. Saglyk we estetiki taýdan öñ hatara çykan uzyn saç ösdürme adaty hemme medeniýetlerde aýal-erkek üçin gelşikliligiñ, azatlygyñ, baýlygyñ nyşany hasaplanypdyr.
Sähralyk ýerlerde ýaşaýan halklaryñ medeniýetlerinde, Ýaponiýada, Moreýa (Pellopones) ýarymadasynda, Demirgazyk Ýewropa ýurtlarynda gysga saç gullara mahsus aýratynlyk bolupdyr, saç kesmek adama edip boljak iñ erbet kemsitmelerden biri eken.
Grekleriñ erkek we zenan hudaýlarynyñ hemmesi uzyn saçly şekillendirilipdir, mifologiki gahrymanlaryñ ählisi-de uzyn saçlydylar.
Filosoflar, şahyrlar, ýokary statusly ähli emeldarlar, ruhanylar, hökümdarlar, melikler hemişe uzyn saçly bolupdyr…
Gadymy Müsürde saçlara dakylýan aksessuarlar (jäjekler, şaý-sepler) ýoñ bolupdyr, erkekleriñ bolsa saçy syrylan ýa-da ýeke zülpli saçlary bar eken.
Faraonlar döwründe Müsürde saçlary düýbünden syryp aýryp, parik (oturtma saç) dakmak ýaly adat bolupdyr, saç adam synasynyñ hapa bölegi hasaplanypdyr…
Jöhit ynanjynda kelläñ çekge taraplarynda we maňlaý böleginde ösýän saçlaryñ gyrkylmagy gadagan edilipdir (Lewililer, 19/27) .
Erkeklerde güýji alamatlandyrýan saç Injilde Samson bilen Dalilanyñ hekaýarynda-da beýan edilipdir.
Samsonyň ysraýyllylaryñ ýolbaşçysy edilip, hudaýtarapyn saýlanylandygyna ynanylypdyr. Bir gezegem gyrkylmadyk uzyn saçy oña adatdan daşary güýç beripdir.
Onuñ bu syryny bilýän ýeke-täk adamam söýgüli aýaly Dalila eken. Dalila günleriñ bir güni söwer ýaryna dönüklik edip, duşmanlarynyñ hasabyna içalyçylyk edipdir.
Bir gije onuñ saçyny gyrkyp, ähli güýjüni ogurlapdyr. Şeýdibem, Samson duşmanlarynyñ eline düşýär.
B.e.öñki 8-nji asyrda Demirgazyk Ýewropada ýaşaýan keltlerde saç ýörite ösdürilipdir. Munuñ özi erkek üçin güýjüñ, aýal üçinem çaga dogurmaga ukybyñ bardygyny görkezmegiñ alamaty bolupdyr.
Gadymy gresiýalylar ýaşaýşyñ sakasy hasaplaýandyklary üçin mümkin boldugyndan saçy ösdürmäge üns beripdirler. Olaryñ pikiriçe saç diñe gurban edilmek we hudaýyñ ýoluna sadaka aýtmak maksady bilen gyrkylyp bilnipdir. Aýallar saçlaryny altyn-kümüş, gül wenoklary bilen bezäpdirler. Erkekler bolsa eginlerine ýetýänçä ösdüripdirler.
Klassyky Gresiýa döwründe (b.e.öñki 500-400-nji ýyllar) buýra saç diñe bir ýoñ bolman, şol bir wagtyñ özünde durmuşa dahylly özüñi alyp barşyñam görkezijisidi.
Towlam-towlam bolup duran şamar saçlar hereketiň, azatlygyň we durmuş bagtyýarlygynyň simwoly hasaplanypdyr.
Saç gargyşyň alamaty hökmünde-de taryha geçipdir. Grek mifologiýasynda Meduza görmegeý aýal bolup, Afinanyň ybadathanasynda Poseýdon bilen pynhan söýgi gatnaşyklaryny saklapdyr. Muňa gahary gelen Afina bolsa Meduzany bedroý ýüzli heýkele, onuň buýra-buýra bolup duran ajaýyp saçlaryny-da ýylanlara öwrüpdir. Oňa gözi düşen erkek şobada daşa öwrülipdir.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Ahamenileriň beýik hökümdary Kir we onuň emeldarlary uzyn saçly şekillendirilipdir

Eýrandaky ahameniler dinastiýasynyň beýik hökümdarlaryndan Kir bilen onuň ýanyndaky erkek emeldarlary owadanlamazdan görkezýän freskada uzyn saçyň, geýinmegiň we şaý-sep dakynmagyň antiki dünýäde sosial taýdan nähili kesgitleýji rol oýnandygyny görmek bolýar.
Rimliler saç meselesinde greklerden täsirlenip, parik ýa-da şoňa meňzeş zatlary ulanypdyrlar. Olara ýene-de bir täsirlenme žermen jemgyýetinden geçen bolmaly. Rimli erkekler respublika döwründe-de uzyn saçly we sakgally gezipdir.
Rimli erkekleriň gysga saç medeniýeti Ortaýer deňziniň ýakalaryna kem-kemden ýaýrapdyr. Hristianlara degişli gatlaklaryňam oňlamagy bilen bir hatarda gysga saç bu diniň simwolyna öwrülipdir. Katolik buthanasynyň gysga saçly gezmelidigini öňe sürýän käbir resmi duýduryşlary we bildirişleri saklanyp galypdyr.
Gündogar hristianlary gysga saçy hiç halamadylar. Uzyn saç Aziýanyñ hemme ýerinde giñden ýaýran däpdi. Hytaýda kämillik ýaşyna gadam basan ýigdekçeleriň saçyny syrmak modern döwürlere çenli jezalandyrmagyň sebäbi bolup geldi.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Budda birnäçeleri tarapyndan uzyn saçly sypatlandyrylýar

Buddanyň uzyn saçly we örän gelşikli edilip çekilen suraty we heýkelleri bar. Muňa garamazdan Buddanyň yzyna eýeriji ruhanylar saçyň özüňi güjeňlemek maksatly synanyň parçasy hökümnde egony, ulumsylygy we ýaramaz düşünjeleri ösdürýändigini öňe sürýärler.
Hindi-hytaý geografiýasynda buddizm jemgyýetiň urp-adatlary, edim-gylymlary bilen eriş-argaç bolandygyna garamazdan aýallar taryhyň dürli döwürlerinde saçlaryny syrdyrtmandyrlar we gyrkdyrmandylar.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Dürzi ruhanylary saçyny doly syrdyrýar, ýöne murtlaryny aýyrmaýarlar / ORDAF

II. Orta asyrlarda saç ösdürmegiñ beren manysy

Orta asyrlaryň Aziýasynda kellik (saçı düýbünden syrdyrmak, syrmak) belli bir derejede terkidünýä ýaşaýyşyň we dindarlygyň simwoly saýylypdyr.
Yslam jemgyýetlerindäki tasawwuf adamlary (sopular) ýa-da derwüşleriň agramly bölegi-de saçy syrylgy ýagdaýda gezipdir.
Ýapon ynanjynda samuraýlaryň käbir ýolbaşçylary saçyny syrdyryp gezýän eken. Syýasy işdäsi uly we karizmatiki keşpde görünesi gelýän aziýaly liderleriň köpüsi uzyn saçly gezipdir.
Yslamda-da uzyn saç giňden ýaýran eken, hatda bir pikire görä pygamber sünneti hasap edilýär.
“Hezreti pygamber (s.a.w) şol döwürde erkeklere saçyny ösdürmek däp bolşy ýaly, arkadan boýnuna, iki gapdaldan gulaklarynyň üstüne düşüp durjak derejede saçyny ösdüripdir”.
1700-nji ýyllarda Hindistanda hanapy mezhebiniň akydasyna laýyk ýazylan “Fetâwâ-i Hindiýýe” kitabynda şeýle diýilýär:
“Erkegiň saçyny iki gapdala daramagy ýa-da sertaraşa bejertmegi sünnetdir. Erkegiň saçyny örmän, gulagynyň ýarsyna we egniniň üstüne düşýänçä ösdürmegi jaýyzdyr. Şol ösdüren bölegini eplese ýa-da örse mekrudyr. Munuň özi kapyrlara meňzemek bolýar. Örmände-de, saçyňy şondan artyk ösdürmek aýallara meňzemek bolýandygy üçin mekrudyr”.

Hindistanda enäniň we gyzynyň hudaýlara bagş edilen saçy
XI ýa-da XIII asyrdan galan we dogrudygy anyk belli däl iňlis rowaýatynda iňlis begzadasy Mersiniň grafy Leofrigiň aýaly grafinýa Leýdi Godiwa äriniň diýdimzor salgyt düzgünini ýatyrtmak üçin diňe uzyn saçlaryna örtünen çuw-ýalaňaç ýagdaýda ata münüp, Kowentri şäheriniň köçelerinde aýlanypdyr.
Onuiň bu protest hereketi maksadyna ýetipdir, lord Leofrik halka salynan agyr salgytlary ýatyrypdyr. Leýdi Godiwa bolsa batyrgaýlygy, aýgytlylygy we dogruçyllygy bilen azatlygyň siwmolyna öwrülipdir.
Žanna d’Ark erkek urşujylaryň bolup biläýjek ýoknasyz lak atmalaryndan we el uzatmalaryndan goranmak üçin saçlaryny gysgaldyp, erkek eşiginde jeňe giripdir.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Fransuz zenan türgenleri eýranly hemjynslaryny goldap, saçlaryny gyrkýarlar

Basybalyjy iňlis esgerlerini ters aýlandyran watançy fransuz gyzy Žanna d’Ark iňlislere ýapjalyk edýän Bowe buthanasyyň ýepiskopy Pýer Koşonyň ýolbaşçylygyndaky inkwizisiýa sudy tarapyndan “erkek geýimlerini geýip uruşýan we gaýypdan sesleri eşidýän kapyr” aýyplamasy bilen ýaňy 19 ýaşyndaka 1431-nji ýylyň 30-njy maýynda diriligine oda ýakylypdyr.
Muňa garamazdan altmyş ýyldan soň “Keramatly” diýip yglan edilen Žanna d’Ark azat, özbaşdak, batyr fransuz zenanynyň siwmolyna öwrüldi.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Zanna d’Ark gysga saçlygy we erkek eşigini geýýändigi üçin buthana tarapyndan oda atylyp öldürildi

XVIII asyrda korolewa Ýelizaweta uzyn buýra saçlary bilen belli bolupdyr. Onuň ýaşynyň gartaşandygy sebapli selçeňleşen saçlaryny görkezmejek bolup, kofereňk we gyzyl reňkli 100-e golaý parik kolleksiýasyny ýygnandygy rowaýat edilýär.
Fransuz koroly Lýudowik heniz ýigrimi ýaşyndaka saçy düşensoň, 13 dürli parik geýip gezipdir.
Orta asyrlaryň baýlary dürli fasonlarda ýasalan buýra saçly we uzyn pariklere gyzygypdyr. Begzada aýallar çişirilen hüžžük saçlary bilen tanalypdyr. Jadygöý aýallar bolsa köplenç uzyn we endigan saçly bolupdyr.
Etniki ýerli amerikalylar häli-häzirlerem saçlaryny gyrkdyrmagy hormatsyzlygyň we edepsizleşmegiň alamaty hasaplaýar.
Afrikadaky “dreadlock” (hakyky saçyňy daramazlykdan, kämahalam kirden ýaňa gatap giden saç modeli) nysagy häzirem güýjüni ýitirenok. Örülen ösgün saç ritual derejede gymmaty bolan medeniýetiň bir parçasydyr.

III. Saç kesmegiñ sebäpleri we manylary

Mysallara bir rowaýat bilen başlaýyn:
Gadymy Germaniýada “Diňdäki ulugyz” lakamy bilen tanalan Rapunzel aýdylyşyna görä saklanýan diňinde söýgülisi bilen duşuşýarmyş.
Ol uzyn saçlaryny diňiň äpişgejiginden sallap, söýgülisini saçyna dyrmaşdyryp, ýanyna çykarýan eken. Şol sebäpli jadygöý aýal jeza hökmünde rapunzeliň saçyny kesipdir.
Jahankeşde ylmy-barlagçy Bilgehan Karajanyň bu baradaky makalasynda ýewropaly rysarlaryň uzyn saçly bolmagy we kömekçileriniň olardan has gysga saçly bolmagy hökmany hasaplanan hormatyň bir görnüşidigi aýdylýar.
Miladynyň 160-225-nji ýyllarynda ýaşan buthana atasy Tertullian aýallaryň saçyna ünsi çekmegi bes etmeklerini we Hudaýyň buýruşy ýaly ýapynyp gezmelerini aýdýar.
Orta asyr Ýewropasynda saç boýunça çemeleşmeleriň düýbi Injiliň tekstlerine goldanýar. Mysal üçin Apostol Paweliň korintlilere ýazan birinji hatynda (11:14-15) «Erkegiň ösgün saçly bolmagy ony kiçelder, aýalyň uzyn saçly bolmagy ony beýgelder, çünki saç aýala ýapynja hökmünde berilipdir” diýilýär.
V-VIII asyrlar aralygynda häzirki Fransiýanyň we Germaniýanyň arasyndaky territoriýada höküm süren frank dinastiýasy merowinglerde ösgün saç gowy görlüpdir, şeýle-de olar «reges criniti» (uzyn saçly korollar) diýip tanalypdyr. Dogabitdi azat oglanjygyň ýa-da gyzjagazyň saçyny ene-atasynyň rugsady bolmazdan gyrkmak jenaýat hasaplanypdyr. Olarda uzyn saç gul bilen azat adamyň tapawutlandyrypdyr.
Kenterberi şäheriniň arhiýepiskopy Anselm oglanlary “gyzlar ýaly saçyny ösdürýärler” diýip aýyplapdyr. Iňlis koroly Genri I-iň köşk emeldarlary-da ösgün saçly bolupdyr.
Korol maşgalalarynyň köpüsinde saç gyrkma däbi bolmandyr. Syýasy taýdan buthananyň goldawyna aýratyn zerurlyk duýan korollar, mysal üçin Etelred II saçyny tagt oýunlarynyň çäginde ruhanylaryň goldawy gerek bolandygy üçin gyrkdyrmaga mejbur bolupdyr.
Katolik butnahasy bilen gatnaşygy barlar, söwdagärler, senetkärler, gönüden-göni buthana garaşly maddy durmuşy bolan daýhanlar we krepostnoýlar saçlaryny gysga saklapdyr.
1640-1650-nji ýyllaryň iňlis graždanlyk urşundan buthananyň tarapyny tutýan dindarlaryň ýeňip çykmagyndan soň gysga saçy oňlaýan dini garaýyş güýçlenipdir we ösgün saçly (buthananyň ideýalaryna az pitiwa edýän) erkekleriň harby gullugy göwnejaý etmejekdikleri baradaky pikir goşunda makul bilnipdir. Goşundaky esgerleriň saç-sakgallaryny bejertme däbi-de iňlis goşunyndan çykyp, ilki Amerika, soňra Prussiýa, ondan soňam dünýäniň çar künjündäki goşunlara ýaýrapdyr. Osmanlylaryň harby lybas reformasy-da Prussiýanyň täsiri bilen geçirilipdir.
Aýratynam harby gullugy berjaý edip gelen “maço” erkegiň gelşigi gysga saç we sakgaly syrylan ýüz hasaplanyp başlandy.
Ösgün saç-sakgally, halpy geýnen erkekleri harby gullukdan we erkege mahsus beden güýjünden daşdaky kärler bilen meşgullanýan, meselem ylmy işlere gyzykýanlar, kompozitorlar, ýazyjy-şahyrlar ýaly sosial-ykdysady statusy pes erkekler hökmünde hasaplap başladylar.
Okap-ýazyp bilýän gatlaklarda ösgün saçly erkek ikonik ýagdaýda warwar medeniýetler bilen baglanyşdyryldy.
Ispan goşunynda gysga saçlylyk däbi Franko režimine çenli oňlanmady. Ýaponiýada diňe Meýji reformalary arkaly, onda-da kyn ýagdaýda gysga saç kabul edildi.
Hytaýda geçen asyryň 60-njy ýyllarynda ösgün saçlylygy gadagan edýän kanunlara zerurlyk duýulýardy.
Eýranda senagatlaşma döwrüne çenli ösgün saç däbi dowam etdi. Aýratynam, şaýy ruhany gatlagy saç gyrkmagy ret etdi.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Eýranly liseýde okaýan gyzlaryň başýapynja protesti

Biziň günlerimiziň protetsçileri bolan paň-puňlar (punkçylar) buržuaz ýaşaýyş-durmuş formasyna protest bildirmek üçin saçlarynyň gozgalaňyň simwoly hökmünde dürli görnüşlerde gyrkdyryp, geň galdyryjy reňklere boýapdyrlar.
60-njy ýyllarda aýal-gyzlaryň arasynda azatlygyň siwmoly hökmünde gysga we endigan edilip bejerilen saçlar ýoň boldy. Munuň özi zenanpisint hereketleri-de ýatdan çykarmazadan, olaryň özüni erkekler bilen deň görýändikleriniň alamatydy.
Ösgün saçly sazandalar döredýän sazlaryny beýan edýän rewolýusion äňeňli saz röwüşli saçy ilkinji gezek 1967-nji ýylda Nýu-Ýorkda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. Olaryň sazlarynyň köpüsi şu günlerem güýjüni ýitirmän gelýän ahlak gymmatlyklaryny, jynsylygy, milletçiligi, sütemkärligi derňew astyna alýardy.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Eýranda protest çykyşy we saç gyrkma hadysasy

IV. Ynanç esasly buýruk bolan ösgün we ýapyk saçlar

Hristianlykda uzynlygyna goýberilen saç ulugyzlygyň alamatydy, ýagny durmuşa çykma ýaşyna ýetenligiň, ýaşlygyň nyşanydy, emma şol bir wagtyň özünde jynsy meýilleri oýarýandygy sebäpli o diýenem halanyp durulmazdy.
Durmuş toýlarynda saçlar örülýärdi we munuň özi zenanyň statusynyň üýtgeýändigini görkezýärdi.
Muny Merýem enäniň keşbi şekillendirilen suratlardanam açyk görmek bolýar. Ol Isa pygamberi göwresinde göterip ýörkä, çagasyny dogranda we ölende kellesi mäkäm ýapylan bürenjekli ýagdaýdadyr. Çünki jadylarda ulanylýan adatdan daşary güýje eýedigine ynanylypdyr. Erkekleriň sözüniň ýöreýän jemgyýetlerinde-de şeýle güýçden gorkulyp, aýalyň saçyny örtmäge jan edilipdir.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Hezreti Merýem (Hezreti Isa pygamberiň ejesi) şekillendirilen hemme suratynda bürenjeklidir

Rimde-de şeýle bolupdyr, durmuş toýlarynda zenanyň saçy örtülipdir. Latyn dilindäki “gyzyň durmuşa çykmagy” manysyny berýän “nubo” sözüniň birinji manysy “örtmekdir”, soň-soňlar edebi manyda örtmesk sözüniň ýerine ulanylypdyr.
Käbir latyn sözlerine salgylansaň, “nubes” (bulut) sözi bilen bir kökden gaýdýar. Şeýlelik-de, aýal ärlidigini bildirmek üçin kellesi ýapyk gezipdir.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Rim döwrüniň aýal-gyzlarynyň saçy

Aslynda Orta asyr Ýewropasynda aýal-gyzlar we özüni dine bagyş eden zenanlar baýýapynjasyz gezmändirler.
Katolik buthanasynyň apostollaryndan Pawel bürenjek hakynda şeýle diýipdir:
“Her erkegiň başy Isa, her aýalyň başy erkerk we Isanyň başy bolsa Hudaýdyr. Erkek – Hudaýyň şany we keşbidir. Emma aýal erkegiň şanydyr. Başyny örtüp doga-dileg eden erkek ýa-da pygamberlik eden erkek başyny kiçeltdigi bolar. Ýöne kelleaçyk doga-dileg eden her bir aýalam başyny kiçeltdigidir.
Aýal örtünmeýän bolsa saçyny kesiň. Aýala saçyny gyrkdyrmak ýa-da kiçeltmek aýyp bolsa, örtünsin. Çünki aýal erkegiň ar-namysydyr. Çünki erkek aýal üçin däl, aýal erkek üçin ýaradyldy”.
(Korinflilere 1-nji hat).

V. Matam we saç gyrkma däbi

Matam (ýas) tutma we onuň wagty, amal edilişiniň görnüşleri taýdan medeniýetden medeniýete üýgemek bilen birlikde gaýgy-gamy görkezmekde hemmeler üçin birmeňzeş bolan belli hereketler bolupdyr.
Şatlanmaga sebäp bolup biljek hereketden gaça durmak, aglamak we ýas tutmak, oturyp-turmak, sessizlige bürenmek, eşikleriňi ýyrtmak, gara geýim geýmek, ýüzüňi örtmek, saçyňy gyrkdyrmak ýa-da saç-sakgalyňy ösdürmek, iýip-içmeden kesilmek ýas tutmagy alamatlandyrýan hereketleriň görnüşi bolupdyr.
“Köne Ähdiň” gürrüň bermeginä görä, Eýýup pygamberiň çaga-çugasy ölüp, maly-mülki ýok bolansoň, köýnegini ýyrtypdyr, saçyny gyrkypdyr. Oňa göwünlik bermäge gelen üç dosty hem seslerini gataldyp aglapdyr. Gelenlerem köýneklerini ýyrtypdyr, kelleleriniň üstüne gum sowrupdyrlar… (Eýýup, 1/13-2/13).
“Mukaddes kitapda” Hezekiýel pygambere ýas düzgünleri hakda maglumat berilýär (Hezekiýel, 24/16-17). Aýratynam eşigiňi ýyrtma, jula dulanma, ýere oturma, başyňa kül sowurma ýaly makullanýan ýa-da teniňi kesme, saçyňy ýolma ýaly makullanýan matam görnüşleri-de bolupdyr. (The Oxford Dictionary of the Jewish Religion, sah.: 484-485).
“Mukaddes kitapda” iň köp agzalýan matam görnüşi eşigiňi ýyrtmak bolupdyr. Şeýle däp diňe ibranylara mahsus bolman, assiriýalylarda (Judith, 14/14), perslerde (Ester, 4/1), greklerde we rimlilerde-de bolupdyr.
Musa pygamber (a.s) ýörite sebäpler bilen eşik ýyrtmagy Haruna we çagalaryna gadagan edipdir (Lewililer, 10/6), emma jöhit taryhynda şeýle däbe kän gabat gelinýär.
Žermen aýallarynyň hudaýa saç gurban edendikleri mälimdir.
Orta asyr hristian ruhanylary köplenç saçlaryny doly ýa-da bölekleýin bejerdendiklerini bilýäris. Saçyňy bejertmek dünýewi isleglerden el çekmegi, belli bir derejedäki pidakärligi aňladypdyr.
Aýratynam, şeýle saç bejertmeler käbirleriniň pikiriçe diwanalara gowy ýarapdyr we din adamsyny beýlekilerden tapawutlandyrypdyr.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Orta asyrda ýewropaly ruhanylaryň saç terzi

Aslynda saçyňy bejertmek özüni dine bagyşlamak üçin kasam etjek aýallar üçinem ýörgünli eken. Megerem, onuň iň belli mysaly assizili Klara bolsa gerek.
Aýalyň saçy günä bilen baglanyşdyrylandygy üçin bejerdip durmak ýa-da gysga saç ruhany aýallar üçin amatly bolupdyr ýa-da saçy doly örtmek buýrulypdyr.
Ýokarda hem agzalyp geçilşi ýaly, Paweliň korinflilere ýazan 1-nji hatynda (11:5-10) kelleaçyk doga edýän aýalyň başynyň kiçeljekdigini, aýal başyny açsa, onuň saçynyň kesilmelidigini, eger saçyny kesdirmäge utansa, doly ýapynyp gezmegi buýrulýar.
Täsin görnüşde erkek ýaly görünmek üçin oturtma sakgal dakyp egzen ruhany aýallar hem bolupdyr.
Zyna eden aýal-gylaryň (ruhany hem bolup biler) saçlary kiçeldilipdir we saz çalyjy toparyň öňünde köçeme-köçe gezdirilipdir.
Söwda düzgünlerini bozan jelepleriň saçynyň towlamlary kesilipdir. Saçyňy elden gidermek aýal-gyzlar üçin namys bolupdyr. Bular ýaly jezalar aýal-gyzlary juda kemsindiriji ýagdaýa salypdyr.
Aslynda hemme jemgyýetde diýen ýaly zyna we şoňa meňzeş ýüzüňi ýere salyp biljek etmişleri eden aýallaryň saçy syrylýan eken.
Erkeklerde-de saç kesilmegi jezany we sürgüni aňladypdyr. Tagtdan inderilen hökümdaryň saçynyň gysgaldylyp, buthana göýberilmegi muňa mysal bolup biler.
Dindar Lýudowik buýruga boýun egmeýän gullaryň ýalaňaçlanyp ýenjilmegini we saçynyň gyrkylmagyny buýrupdyr.
Karolinglerde giňden ýaýran saç gyrkma jezalary şahsyň mertebesini depgilemegi göz öňüne tutupdyr.
XIX asyra degişli bir kanunnamada (Capitula Remedii) halk arasyndaky jadygöýleriň we kapyrlaryň depesine gara zykgyç (mazut) dökülip, eşegiň üstünde obama-oba aýlamazdan öň ilki saçlarynyň gyrkylmagynyň gerekdigi aýdylýar.
Saç gysgaltma jezasy jana kast etme dildüwşüklerine gatnaşyjylaryna-da berlipdir. Beýle jezalar köplenç garaşly şahslara berilmek bilen birilikde, halk köpçüliginiňem görüp-synlap biljek jezalary bolandygy üçin irki döwür Orta asyr Ýewropasynda köp ýerine ýetirilipdir.

VI. Kürt (sünni, alawy we ezidi) jemgyýetinde üýtgeşik däbiñ mysaly:

Kürt jemgyýetinde aýala-erkege saç ösdürmek, örmek iňňän gadymy däpleriň biridir. Saç ösdürmede bolşy ýaly, matam we sina-girýan (uly ýas) wagtynda saçyňy gyrkmak edim-gylymy-da şol gynanjyň görkezijisidir. Ýas başa düşmese, aýallaryň saçyny kesmegine oňyn göz bilen garalmandyr.
Oglanjyklaryň saçy-da çem gelen wagty gyrkylmandyr, oglan belli bir ýaşa gelenden soň, saç gyrkma dabarasy maşgalanyň iň ulusynyň gözegçiliginde ýerine ýetirilýän aýratyn çäre bolupdyr. Oglan ýigitlik çagyna girenden soň saçyny gyrkdyryp-gyrkdyrmazlyga özi ygtyýar edip bilipdir.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

2018-nji ýylda YŞYD-niň elinde saklanandygy sebäpli protest bildirmek üçin saçyny gyrkan ezidi zenany

Gadym döwürlerde saç ösdürme däbi erkeklerde-de, aýallarda-da bolupdyr.
Aýratynam, ezdaýi (ezidilik) ynanjyna eýerýän erkeklerdir aýallar örüme gelen saçlaryny iki egniniň üstünden sallap gezipdirler. Örülgi saç her iki jynsyňam at-abraýyny, sylag-sarpasyny we mertebesini aňladypdyr.
Aýallar ýa-da saçyny ösdüren erkekler bela-beter başa düşende, meselem, ýakyn hossarlaryndan jyda düşende, düýpli jemgyýetçilik trawmasyny başdan geçirende (sürgün, gyrgynçylyk, gandöküşlik, ýer titreme, sil joşgunlary we ş.m.) ýas tutýandygynyň we raýdaşlyk bildirýändiginiň alamaty hökmünde saçlarynyň bir örümini ýa-da örülen saçlaryň barsyny kesipdirler. Kesilen saç örümleri elden giderilen şahsyň mazar daşyna daňlypdyr, kawagtam ýas tutulýan öýüň üçegine ýa-da dikilgi duran agaja asylypdyr, käwagt bolsa arassa mata bölegine ýa-da elýaglyga oralyp, ömürboýy saklanypdyr.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Ezidi zenany adaglysynyň ýasynda saçynyň örümini kesip, bir daşa orap goýupdyr

Abdylla Remezanyň makalasynda Ezidi Demokratik we Azatlyk hereketiniň (TEVDA) mejlis agzasy Şirin Ismail Ali Yrakda Mosul şäheriniň Şengal diýen ýerinde ýaşaýan ezidi ynançly kürt jemgyýetiniň saç gyrkma däbini gürrüň berende şeýle diýýär: “Ýas tutýan aýala häzirem “porkur” (saçy kesik, saçy kesilen) diýilýär. Ol taýpa we maşgala söýgüsini aňladýar. Çekilýän gam-hasratlaryň we tutulýan ýasyň aýallar nukdaýnazaryndan simwoliki manysy şudur: Mundan beýläk aýallygymy ýere gömýärin!”
Ýadyma düşýär: şol atlandyrma (por kur) diňe ezidileriň arasynda däl, sünni we alawy kürt jemgyýetinde-de şeýle görnüşde hem-de mazmunda däp hökmünde dowam edip gelýär.
Çagalyk we ýetginjeklik döwrümde hut öz gözüm bilen gören zatlarymdanam ýadyma düşýär: biziň ýaşaýan Serhat (Kars, Ardahan, Igdir, Agry ýaly) etrabyndaky kürt obalarynda bolup geçen şahsy we jemgyýetçilik tragiki wakalaryndan soň aýallar saçlaryny ýolarlardy ýa-da gyrkarlardy.
Ýüz-gözlerini dyrtmalap, pers-ala edip ýörenlerem bardy, tiresinden ýa garyndaş-doganyndan biriniň öldi habaryny eşiden aýallar şol gün egnindäki geýimlerini çykaryp tersine geýerdiler we saçlaryny (zülplerini ýa-da örümlerini) keserdiler.
Eger egnindäki geýimi al-elwan reňkli (ak, sary, gyzyl gülli) bolsa, öýüne gidip, goýras gara reňkli uzyn etekli köýneklerini ters geýip, 20 günden 40 güne çenli ony çykarman gezipdirler.
Häzirki döwrüň aýal-gyzlarynyň örtünip ýa-da örtünmän gezme erk-ygtyýaryna yşyk tutup biljek we aýal-erkek diýmezden jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň sosial, syýasy-ykdysady azatlyklaryny gazanmaklary ugrunda peýdaly bolar diýen umyt bilen adamzadyň şu güne çenli başdan geçiren tejribeleri baradaky maglumatlary siziň bilen paýlaşdym.

• Çeşme:

1. Bilgehan Karaja, «Uzyn saçyñ gysga taryhy: Adamlar näme üçin saç ösdürýär?», 11.03.2019 ý. https://evrimagaci.org/uzun-sacin-kisa-tarihi-insanlar-neden-uzun-sac-birakiyor-7508,
2. Wiktoriýa Şerrow, Encyclopedia Of Hair: A Cultural History, 2006. ISBN: 0313331456. Neşirýat: «Greenwood Press».
3. Alton Duglas, Dennis Moore, Jo Duglas, Coventry: A Century of News, fewral 1991.
4. Dr. Özlem Genç, «Orta asyrda saç-sakgal, murt» https://www.akademiktarihtr.com/ortacagdasacsakal/, 31 Mart 2021
5. https://www.facebook.com/PassionKuafor/posts/429264647132682/, 19 Ekim 2012.
6. https://dinisualler.com/muhtelif-meseleler/erkeklerin-sac-uzatmasi-caiz-mi/
7. https://islamansiklopedisi.org.tr/matem, 28-nji jilt, 2003 ý.
8. Ünwer Günaý, Harun Güngör «Türk dini taryhy»
9. https://www.gazetevatan.com/gundem/incildeki-basortu-emri-150666, 29.09.2021.
10. https://www.tigrishaber.com/sac-kesme-ve-mahsa-amini-80845h.htm, 24.09.2022.

Taryhda saç ösdürmegiň ýa-da kesmegiň sosial, ynanç we syýasy taýdan berýän manylary

Faik BULUT,
žurnalist.

16.10.2022 ý.

© The Independentturkish Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle