Taryha ýara salan ýalanlar: Reýhstagdan Yraga
Taryha ýara salan ýalanlar: Reýhstagdan Yraga

Hakykatlar ýüze çykjak bolup hemişe çyrpynar durar
Gaýgy-gam kalbymyza, hyýanatlar ruhumyza, ýalan-ýaşryklar bolsa taryhymyza ýara salýar.
1933-nji ýylyñ 27-nji fewraly. Berlin, Germaniýa.
Asmanyñ ýüzi gyzgylt öwüsýär. Çabrap uran alawlar garañkylygyñ bar ýerini gyzyla boýaýar. Berliniñ asmanyny ýagtyldan ýangyn Germaniýanyñ Parlamentiniñ binasy Reýhstagdan göge galýar.
Aýdylýanlara ynansañ-a, ýangynyñ bolmagynda kommunistleriñ eli barmyş. Şol gije özüniñ kommunistdigini aýdýan 24 ýaşly Marinus wan de Lubbe atly gollandiýaly ýaş ýigit saklanýar. Marinus günäsini boýun alypdyr. Adolf Gitler, Žozef Gebbels, Germann Gering ýaly meşhur nemes liderleri parlament binasynyñ öñüne gelipdir. Ol ýeri dessine miting geçirilýän ýere öwüripdirler. Gitler agzyndan ak köpük saçyp gürläpdir. Halkara kommunizmiñ dürüşde topary tarapyndan guralan bu teraktyñ Germaniýa garşy edilendigini öñe sürüpdir.
Sözüniñ dowamynda ol «mundan beýläk rehim etmek diýen zat bolmaz, öñümize geçeniñ kellesini togarlarys!» diýýärler. Nasistler parlamentiñ jaýynda bolan ýangyn üçin kommunistleri we sosial-demokratlary günäkärläpdir.
Ertesi gün meşhur «Reýhstag ýangyny hakdaky» kararnama çykarylýar. Konstitusiýa hendege oklanýar» polisiýa sebäpsiz tussag etme ygtyýarlygy berilýär, aýyplanýanlaryñ awlawjynyñ kömeginden peýdalanmak hukugy-da çäklendirilýär. Syýasy ýygnanyşyklary we mitingleri geçirmek gadagan edilýär, söz azatlygy çakdanaşa gysyşa alynýar, metbugata senzura girizilýär, oppozision habar berişdeleriniñ barsy ýatyrylýar. Uly tutha-tutluk başlaýar. Germaniýanyñ Kommunistik partiýasynyñ 81 deputaty tussag edilýär.
Soñky günlerde 100 müñe golaý kommunistik we sosial-demokratlar partiýasynyñ agzalary bu tutha-tutluklardan paýyny alýar. Kommunistik partiýanyñ saýlawlara gatnaşmaz ýaly derejede eli-aýagy baglanyp galýar.
Netijede Reýhstag ýangyny Gitlere ýeke özüniñ häkimiýet başyna gelmegine ýol arçapdyr. Bu hadysa oña ölýänçä çäklendirilmedik güýç beripdir. Kän wagt geçmänkä ähli radiolar we gazetler nasistleriñ metbugat organyna öwrülýär. Munuñ soñy jynsparazlykdan güýç alýan tutanýerlilik bilen, tekepbirlik bilen ýetişen ýeke adam režiminiñ Germaniýany getiren ýerdir. Bu ýer millionlarça adamyñ ölen, ondan has köpüsiniñem ýaralanyp maýyp-müjrüp bolan, söz bilen beýan edip bolmajak hasratlar bilen ganly howza dönen dünýäden başga zat däldir…
1980-nji ýylda Marinusyñ doganynyñ ýüz tutmagy bilen Reýhstag ýangyny täzeden derñelipdir. Geçirilen derñew işinde ýangynyñ binanyñ birnäçe ýerinde bir wagtda başlandygynyñ üsti açylýar. Ýangyn boýunça jaýy otlandygy barada Marinusdan alynan düşündirişden başga hiç hili subutnama tapylmandyr. Birinji soragda onuñ aklynyñ ýerindedigi hakdaky kepilnama-da ýok edilipdir. Marinus aklanypdyr. Kommunistik partiýanyñ düzen bir komissiýasy bolsa onuñ partiýanyñ ýeke agzasy bilenem gatnaşygynyñ ýokdugyny subut edipdir…

• Jesetleriñ ýük awtoulaglary bilen daşalan şäheri: Temraşwar
Togsanynjy ýyllara golaýlanda M.Gorbaçýowyñ eli bilen geçirilen «reformalar» arkaly ýöräp duran sistemany terk etmek işleri çaltlaşypdyr. Gündogar blogyna girýän ýurtlarda durnuksyzlyklar höküm sürüpdir. 1989-njy ýylyñ 20-nji dekabrynda Ýugowladiýanyñ «Tanjug» habarlar gullugy tarapyndan dünýä jemgyýetçikigine täsin habarlaryñ biri berilýär. Habar sosialistik we kapitalistik blogyñ arasyna gysylyp galan, birnäçe wagt bäri ýüzüni Günbatara tarap öwürmegiñ hyýalynda gezýän Rumyniýa bilen baglanyşykly eken.
Habarlar gullugy Rumyniýanyñ Temaşwar şäherinde 1989-njy ýylyñ 17-nji dekabrynda bolup geçen wakalarda «2 müñe golaý adamyñ ölendigini, köçeleriñ ganly aýmançalara dïnendigini, ýagan güýçli ýagyşyñ ähli gany syryp-süpürip gidendigini» aýdypdyr. Awstriýanyñ döwlet telewideniýesi «ýük awtoulaglarynyñ metrkublarça jeset daşandygyny wideogörnüşler bilen beripdir. Gündogar Germaniýanyñ «ADN» habarlar gullugy bolsa «Temeşwarda arasynda 4630 jeset bolan köpçülikleýin mazar tapylandygy» baradaky habaryny bütin dünýä alyp göteripdir…
Ertesi gün «Çawuşeskunyñ Temeşwar gandöküşligi» 72 dilde gazetleriñ birinji sahypasyndan berilýär. Onuñ yzyny orta çykarylan jesetler, synasynda zorluk alamatlary bolan ölüler, dowam edip duran mazar gazma işleri, 1200 jesediñ gürrüñini edýän rumyn lukmanyñ güwä geçmeleri… Bularyñ barsynyñ üstüni rumyn howpsuzlyk gullugynyñ şäheriñ suwuny zäherländigi hakdaky habarlar ýetirýär… Dünýä jemgyýetçiligi we rumyn halky şok geçirýär…
Netijesi-de howatyra düşen halk, howsala halynda parçalanan goşun, prowokasiýalar bilen dowam eden graždanlyk urşy… Ahyrynda-da wakalaryñ başlanyna ýañy alty gün geçen badyna premýer-ministr Nikolaý Çawuşesku bilen aýaly Ýelenanyñ atylmagy bilen ykbaly düýpgöter özgeren ýurt…
Şeýle-de bolsa, hakykatlar ýüze çykjak bolup hemişe çyrpynar durar. Munuñ üçin diñe azajyk wagt gerek.
Ýüze çykýaram welin, Temeşwarda aýdylyşy ýaly gandöküşligiñ bolmadygt belli bolýar! Dört esgeriñ linç edilmegi bilen başlan wakalarda ölenleriñ sany çakdanaşa köpeldilipdir! Kõpçülikleýin mazarlardan çykdy diýlip görkezilen 18 jeset morgdaky kadawralara degişli bolup çykýar. Bu ýagdaýy gönüden-göni ýerinde synlan žurnalist Uolter Ellis Angliýanyñ meşhur «The Sunday Times» gazetinde ýazypdyr.
Hakykatlar käwagt agzyñy uçukladýar. «The Independent on Sunday» gazetiniñ 1990-njy ýylyñ 4-nji fewralyndaku sanynda bolsa, başga bir hakykat ýüze çykýar. 17-nji dekabrdan ýylyñ başyna çenli tutuş Rumyniýada ölenleriñ jemi sany 71-den ybarat eken! Bularyñam aglaba böleginiñ şol wagtky režimiñ harby we raýat gullukçylarydygy çak edilýär…

• Yragyñ himiki ýaraglary
1990-njy ýylyñ 2-nji awgusty. Yragyñ goşuny Kuweýte çozdy.
Dünýä mediýasynda yzly-yzyna yrakly esgerleriñ Kuweýtdäki zalymlyklaryny gürrüñ berýän wideoýazgylar berilýär. Iki aý çemesi wagt geçenden soñam 10-njy oktýabrda ABŞ-nyñ Kongresiniñ Adam hukuklary boýunça komissiýasynyñ öñünde Naýira El-Sabah atly 15 ýaşlyja gyzjagaz aglap interwýu berýär. Ajy gözýaşa boglan gyzjagaz «Yrakly esgerleri görendigini, olaryñ hassahana gelendiklerini, kislorodly inkubatorda ýatan bäbejikleri çykaryp betona zyñandyklaryny, inkubatorlary bolsa alyp gidendiklerini» aýfyp berýär. Habar dünýä mediýasynda göni efirden berilýär we uly dowul döredýär. Waka Kuweýtiñ «Al-Adnan» hassahanasynda bolup geçýär. Hassahanadaky kislorodly inkubatorlaryñ sökülip Yraga äkidilendigi, içlerindäki 312 çaganyñam yrakly esgerler tarapyndan ýere zyñlyp, ölüme terk edilendigi barada habarlar ýaýraýar.
Yrak goşunynyñ eden-etdiliklerini gürrüñ berýän başga habarlaram bar. Bularyñ bidem nebit skwažinalarynyñ otlanmagy hakdadyr. Habar beriş serişdeleri uly tebigy betbagtçylygyñ bolup geçendigi hakdaky habary nebite bulaşyp hyrkyldap ýatan gotanyñ suraty bilen bile beripdir. Habara dünýä jemgyýetçiliginde uly howsala bilen tomaşa edilýär…
Üç ýyldan soñ dünýä mediýasynda bu gezek Yragyñ köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyñ dünýäni howpa iterýändigi hakdaky habarlar ýaýraýar. Amerikan we iñlis mediýasy himiki ýaraglaryñ saklanýan ammarlarynyñ ýerlerini görkezýän emeli hemradan alynan fotosuratlary-da çap edýär.
Netijesi: birinjisinde 37, ikinjisinde bolsa şoña golaý ýurduñ gatnaşan koalisiýasy bilen Yraga garşy alnyp barylan ganly uruş bolýar. Uruşda bir million adam ölýär, 4 million 700 müñ raýat ýerinden-ýurdundan jyda düşýär. Yrak döwleti mazaly señseledilýär. Yzyndan dörejek boşlukda YŞYD we şoña meñzdş jihadist bandalar ösüp-örñeýär… «Hudaýlar» indi dowzahyñ gapysyny ardyna çenli açypdy. Ýakyn Gündogaryñ ee dünýäniñ gan, ot, hasrat bilen gowrulmaga başlan döwri…
Muñ garamazdan hakykatlaryñ orta çykmak ýaly kejir gylygy bolýar. Birnäçe ýyl geçenden soñ BMG-nyñ habarnamalary Yrakda hiç hili himiki ýarag ýokdugyny ýüze çykarýar. Halkara habar beriş serişdeleriniñ eline berlen emeli hemra fotosuratlarynyñam hemmesiniñ galp we toslamadan ybaratdygy belli bolýar. Dünýä mediýasynda gaýgyly saz bileb birlikde dramatizirlenen nebite bulaşyp ýatan gotanyñam suratynyñ Yrakdaky nebit skwažinalary bilen ýakyndan-daşdan baglanyşygy ýok.
Garamañlaý gotan nebit syzdyran tankeriñ Demirgazyk deñzinde sebäp bolan deñiz hapalanmasynyñ netijesidir. Surat Fransiýanyñ kenarlarynda düşürilen bolup çykýar. 15 ýaşynda Naýirah El-Sabah hem Kuweýtiñ ABŞ-daky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nasser El-Sabahyñ gyzy eken. ABŞ-nyñ Kongresinde edilen çykyşam ýöriteläp taýynlanan senaridir we inkubator (kuwýoz) kyssasy «CNN» tarapyndan toslanan ullakan ýalandan ybaratdyr…
Uly güýçler dünýäni isleýişleri ýaly dolandyryp bilmek üçin uly ýalanlara mätäçlik duýýarlar. Munuñ üçinem uly mediýa imperiýalaryna eýe bolaslary gelýär. ABŞ-daky Jemgyýetçilik dogruçyllygy merkeziniñ çap eden habarnamasynda 2003-nji ýyldaky Ikinji Pars aýlagy urşynda Buş hökümeti tarapyndan 935 ýalan habaryñ ulanylandygy aýdylýar.
Ýusuf NAZYM.
«T24» internet gazeti, 14.03.2019 ý. Taryhy makalalar