|

Tarasyň watany azat ediler

Tarasyň watany azat ediler TARASYŇ WATANY AZAT EDILER

Öňki bürgütleriň uçan ýerinde,
Häzir süýnüşip ýör gara ýylanlar.
Gadym Dnepriň mele suwuna
Garalyp, akyp dur gyrmyzy ganlar.

Günüň her gün eňegini galdyryp
Dünýä bilen salamlaşýan ýerini
Bu gün, näme, gara duman tutdumy,
Dyza çökerdimi watan nerini?

Ýok, ýok, göýä itiň porsan maslygny
Joşgunly deňize taşlandyr bir güýç.
Emma aňyrsyna göz ýetmeýän suw
Bir maslyk zerarly zaýalanmaz hiç.

Söweş tupanyndan goralar watan,
Hä diýmän duşmanlar bolarlar berbat.
Gan içiji faşistleriň zulmundan
Tarasyň watany ediler azat.

• TARAS ŞEWÇENKONYŇ «WESÝETNAMASYNA» JOGAP

Ukrain halkynyň hatyry üçin
Gara guma garylan är, tur indi!
Eziz Dnepriň ýylpyldysyndan
Gamaşdy zamanyň gözi, gör indi!

Tur-da gör en, heläklenen ýolbarsy,
Bir eýýäm zynjyryn gyrdy, boşandy,
Seret, arzuwlaryň amala aşdy,
Synla, guwan, täze nagma joş indi.

Rehimsiz baýlardan, ganhor şalardan
Dynyp, halkyň aldy öz erkinligin.
Gutla, ukrainleriň ruslar bilen
Dostluk, doganlygnyň has berkänligin.

Indi bu şatlykly, azat ülkede
Al-asmana gal-da bürgüt dek uç sen.
Görersiň gül açan gözel mekanňy,
Gözellikler hakda gaýna-da, joş sen.

Gal ýeriňden, diň salyp gör halkyňa,
Olar seniň adyň bilen söz açýar.
Şygryňdan duşmanlar amana gelýär,
Tilki dek ýygrylýar, bukulýar, gaçýar.

Hawa, halkyň gyrdy şalyk köküni,
Rewolýusiýanyň goly, tur indi!
Sen nesliň ukudan oýandy birçak,
Tur senem, tur senem, Taras, gör indi!

Halk ganyny döken sütem tyglarny,
Halkyň özi gümün çekdi, syndyrdy.
Zalymlardan alyp kül-peýhun etdi,
Süýthorlara agyr zarba inderdi.

Guwanyp bilersiň, seniň neberäň
Ýeňişde jahana görelde boldy.
Ägirt uly sowet maşgalasynda
Garry eneň ýigdelip, aýaga galdy.

Indi bu diňe bir seniň ülkäň däl,
Deňiz kenarlary, al-ýaşyl çöller…
Gözel Dnepri, Ukrainany
Bu gün taryp edýär müňlerçe diller.

Suw hem daýhanlaryň «abyraýy» dek,
Bilýänsiň, biderek akar ýatardy.
Käte bolsa, göýä dönerdi gana,
Şeýle suwy synlamagam hatardy.

Bu günem ol ýeňşiň şöhraty ýaly
Akyp ýatyr, joşgunynda gujur bar.
Bol suw bilen Ukrainaň giň göwsi
Adamzat bagty üçin boldy gül-gülzar.

Häzir seň ülkäňde gam ýok, gussa ýok,
Diňe seniň agyň gelýär bir ýerden.
Duşmany ýeňiji gyzyl Goşunlar
Gorar watanyny howup-hatardan.

«Öldi» diýip bilmeýäris biz saňa,
Barsyň aramyzda, bilýäs aç-açan.
Biz seniň adyňy, hem wesýetiňi
Ýadymyzdan çykarmarys hiç haçan.

Meniň-de watanym ýesir bolupdy,
Ganly penjelerde galyp endişä.
Emma men sowetler ýurduna gelip,
Ýetişdim parahat, rahat durmuşa.

Häzirem her gije müň sany boýny
Sütem duzgagynda düýşde görýärin.
Soňra gyzyl baýdak Eýran üstünde
Parlaýar — pikirde, huşda görýärin.

Görýärin men, ezilýänleň ganyndan
Pars topragy jeýhun bolup daşyp dur.
Bir gigant salynýar Karun üstünde,
Bu derýa-da Dnepr dek joşup dur.

Häzir seň watanyň azat edildi,
Bu ýerde ýumruldy hesretleň dagy.
Elbetde, ertirem meň mekanymda
Parlar sosializmiň beýik baýdagy.

Hawa, bir gün hesret çekýän Eýrandan
Zulmuň kökün sogrup taşlarys hökman.
Şonda biz doganlyk maşgalasynda
Seni-de ýatlarys, Taras, unutman.

• MAKSIM GORKÄ

Ýürek derdin çekmek agyrdyr, agyr
Emma sen başyňy belent tut, gerçek!
Gam leşgeri saňa hüjüm edende
Il seni penalap kükregin gerjek.

• JAMBYLY ÝATLAP

Eserleri ölmez ol beýik adam
Müdimilik gelipdir bu jahana.
Öli okap bilmez, men bu hatymy
Bagş edýän Jambyla — ölmez ynsana.

• LENIN ORDENI

Ak ýürekden yhlas edip elmydam,
Zähmetkeşiň gullugynda boldum men.
Iň beýik sylagy — Lenin ordeni,
Dörediji, şanly synpdan aldym men.

Ýüregmizde mydam ýaşaýan Lenin
Synlap meniň — zähmetkeşiň bu işin.
Hoşal bolup, göýä gözmüň öňünde,
Galdyran dek boldy ol belent başyn.

Abulkasym LAHUTY.

Goşgulary täjikçeden terjime eden Baýrammämmet AHUNDOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 13.12.1967 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle