Tarasow (Hekaýa)

Tarasow (Hekaýa)

Bo­ris ÝE­KI­MOW,
rus ýa­zy­jy­sy

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

— Rezeda-iki, men Rezeda-dört. Sesim gowy eşidilýämi, kabul ediň. Goý, ertir sübsegär klubuň pejini ýaksyn, ýygnak geçirjekler. Rezeda-iki, aýdýanlamma düşündiňmi? Kabul ediň.

Tarasow Taldykin gürrüňini gutarýança garaşdy, soňam:

— Ýarmany merkeze äkitdim — diýdi. — Şo taýdanam Wihlýaýewka gitdim, gapydyr penjireleri topluma eltdim.

— Örän gowy — diýip, dolandyryjy makullady. — Aladasyny edip ugrapdyrlar-ow.

— Gowy, ýöne beýle gowam däl — diýip, Tarasow agramyny ol aýagyndan beýleki aýagyna geçirdi. — Nikolaý Iwanyç, o taýda mallar açlykdan horlanýa. Gölejikler ham bilen süňk. Soňy bilen olara näme boljagynyň bellisi ýok. Eýsem, biz halys gallaç galaýdykmy, olara hiç zat eltip bilemzokmy? Olaram janly jandar-a. Sygyr bolaryndan bolmazlary ýakyn.

Dolandyryjy Tarasowyň aýdýanlaryna pitiwa kylman gulak gabardýardy, onsoň jogaby-da degdim-gaçdym çykdy.

— H-ä… Gölejikler diýsene… Etrabyň oýlap tapan sammyklygy, ortalyk bakyp saklamakmyş. Goý, şolar başyny agyrtsyn. Özümiziňkini oňarsak, zor boldugymyz. Iliňkini eklemäge ýagdaýymyz ýok.

— O taýda biziňkilerem bar-a.

— Ýeri, biziňkilerden näçesi bar? Kesekileňkini getirip döküp, kellämi gora sokdular. Owarrasyna gitsin… Goý, özleri çözsün. Arçynyň özi şeý diýdi: her hepde iým getirenoklar diýip etraba til kak. Şo taýda-da nädip baş alyp çyksalar, şeýdip baş alyp çyksynlar. Sen, näme diýsene… — Taldykin biraz çuslandy. — Toplumyň ikimize dahylly ýeri ýok, goý, bu meselede arçyn başyny agyrtsyn. Owarrasyna gitsin. Sen ertir ir bada çagalary äkidersiň, demir ussahanasynyň ýanynda dört sany ahyr bardyr, şolaram eglenmän yzyňa tirke. Ikisini Uly Dubowka, galan ikisinem Kiçi Dubowka eltersiň. Soň bolsa…

Gölejikler hakda-ha gaýdyp dilem ýarylmady. Dünýewi gürrüňe, işiň gürrüňine ýatyldy.

Tarasow ojakbaşysyna-da hiç zat pyşgyrmady, ony biynjalyk edip oturmagy artykmaç hasaplady. Diňe mazaly gijigensoň, ýatylmazynyň öňüsyrasy, ýatagyň ýapylýan mahaly Martanyň ýanyna baryp, arzy-halyny aýtdy:

— Noçkadyr Doçkamyzyň haly harap. Heläk bolarlar. Barysyna-da özüm günäkär, akyly keltelik etdim…

Tarasow uludan bir dem aldy. Marta welin onuň gam-gussasyna düşünmän, göwnübir halda gäwüş gaýtarýardy. Içinde täze gölejik düwüpdi, indem şondan başga zat bilen işi ýokdy.

Tarasow welin beýnisinden çykaryp bilenokdy, düýşünde-de gölejikleridi, huşunda-da. Hor-zar mallar barada şol pikir edip ýördi, pikir edip ýördi. Ynha, günlerde bir günem daýhan birleşiginiň esasy hojalyk merkezinden teležkasynyň içi boş gaýdyp gelýärkä, traktoryny sähralygyň ortasynda duran küdä tarap burdy. Şo taýda daýanybam traktorynyň yzyna tirkelen nowasyna näçe sygsa, şonçasynam ýükläp, ferma, gölejiklere alyp gitdi.

Äkidensoňam, indi her gün mallaryň agzyna seredip başlady. Çarşagy ýany bilen äkidýärdi, oňa nowanyň aşagynda ýörite ýer peýleýärdi. Üsti boş gelýän mahaly haýsydyr bir küdä tarap sowulýardy. Wihlýaýewkadaky göleler üçin ullakan elpe-şelpelik bolmasa-da, garaz, hörekdi. Maldarlaram bu ýagdaýy daşyna çykaryp ýörmeýärdiler.

Günüň güni şeýdip gidip otyrdy, tä sepi açylýança tigirlendi ýördi.

Indi zol-zol ýitirim bolýan sypalyň gürrüňi ýolbaşçylaryňam diline düşüp ugrady. Kesekilerden görýärdiler, özleriniňki şeýder öýdüp hyýalyna-da getirenokdylar. Tarasowam tä çoçgara çolaşýança zol daşady ýördi, daşady ýördi.

2

Gije düýşünde Tarasowyň yzyna kowgy düşdi. Diňe bir arçynyň çadyrly ulagy däl, eýsem, süri-süri çadyrly ulaglar söbügine münýärdi. Tarasow eýläk-beýläk, terslin-oňlyn pelesaň kakýardy: belentli-pesli ýerlere tutdurýardy, Gorodbişäniň ýanyndaky gum gerişleriniň arasyna girýärdi, Çurikowyň gyrymsy söwütligine sümülýärdi, Letnige gaçýardy. Şonda-da dumly-duşda kowgy, sarygözli ýasymaňlaý çadyrly ulaglar, ses-selemsiz armazak-irmezek wagşy möjek sürüsi deýin yzyndan ýetdim-ýetdim edip gelýär.

Olar tutuş gijesi traktoryň yzyndan kowdular, şonuň üçinem daň saz berende Tarasowyň süňňi ýeňläp gitdi.

Gyş säheri obada birden düşenok. Daňyň alasy, Günüň gyzylymtyl aýazy heniz daşdady. Häzir garaňkyda, aňzakda diňe dükanyň hem-de klubuň çyralarynyň sarymtyl yşygy ýagtylyp dur. Tarasow welin ilden ir örýärdi hem-de bosaganyň üstündäki, ammardaky, ýataklardaky — ähli ýerdäki çyralary yzly-yzyna ýakýardy. Yşyklaryň uzaklardan saýgardýan alawy Tarasowyň hojalygynyň, obanyň üstünden ýagty saçyp, gijäni aňryk süýşürýärdi.

Ynha, indem, hamala, birek-birekden gyssanýan ýaly, beýleki öýlerde-de örüşip başlaýardylar, çünki «Tarasowlar eýýäm çyralaryny ýakypdyr».

Ir säherler Tarasow hojalygyň işlerinden çalt dynýardy. Owlajyklary eneleriniň ýanyna goýberýärdi. Mallara tirt berip, suwa ýakýardy. Guşlary keteginden çykaranokdy, entek garaňkydy. Ýöne howlynyň aňyrsyndaky, gazlaryň iýmlenýän ýerindäki uzyn agaç ahyryna däne sepýärdi. Öýe gaýdyp baransoňam, hökman keýwanysynyň gulagyna guýýardy:

— Gazlara däne sependirin. Ýagtyldygy daşyna çykararsyň.

Raisanyň irden hereket etmesi ýagdaýlydy. Agyryly aýaklary bada-bat ýöräbermeýärdi. Şonda-da ol pejem wagtynda ýakyp, ertirlik şamyny-da taýýarlap ýetişerdi.

Bu gün ol kelemli çorbany tabaga guýup ýetişipdi, gowrulan etdir ýumurtgalary-da desterhana eltipdi, doňuz ýagyny-da kesişdirip goýupdy. Tarasow irden mazaly garbanýardy. Öňde tutuş gün bardy, nirä gitjegi, näme äkitmeli boljagy näbellidi.

— Ksenýa hat ýazmakçy — diýip, keýwanysy oňa ýüzlendi. — Aýtjak-goýjak zadyň barmy?

— Aý, neme… — diýip, Tarasow oýa batdy. — Goý, özleri görsünler-dä. Belket, myhmançylyga gelerler. Bir çenem boluberdi. Hojalyga kömekleşerler, artykmaç gazlarydyr doňuz ýagyny alyp giderler. Dänäni biderek harçlamak nämä gerek? Wagty ýetiberdi.

— Dogrudanam, şeýle — diýip, Raisa ylalaşdy. — Goý, äkitsinler. Gagyldy-wagyldy azalar, ertirden agşama çenli wakgyldaşyp ýörler. Ýekşenbe güni damagyny çalarys, Wiktor gelensoňam, ütäýeris.

Tarasow gazy köp saklaýardy, ýüz ýarym dagy bardy. Olary satyb-a satanokdy. «Gaz etini iýmäni özümizem öwrendik» — haçanam bolsa bir mahal ol özüniň bu ýörgünli sözüni dile getiripdi. Indem tutuş oba, daş-töwerek onuň bu sözlerini alyp göteripdi: «Özümizem öwrendik…». Bazara çykarmalaryny-da seýrekleşdirdiler, özlerine goýup ugradylar, ýogsa bahalary-da hiç neneň däldi. Tarasow-a düýbündenem satlyga çykaranokdy, guşlary çagalaryna sahylyk bilen eçilýärdi. Hatda Sibirde işleýän uly ogly Pýotra-da paý ýetýärdi. Ksenýadyr Wiktoryň maşgalasy-ha bazaryň nämediginem bilmän, atalarynyň arkasyndan gönenýärdiler.

— Kakasy, belki, sygan heleýleri golaýda ýene aňry-bäri satmaga gelerler. Indi-hä gysylyp durmazmykam öýdýän. Özüme-de aljak, Ksenýa-da sowgat ederis. Köpden bäri oňa hiç hili sowgat beremzok. Matasy juda kaşaň… Bägülleri çyndanam gülläp oturan ýaly. Taldyçih-a aldy, biz, näme, şonça…

— Näme etseň, özüň gör… — diýip, Tarasow göwnübir ýaly jogap berdi, ol heleýleriň işine goşulyp ýörmezdi.

Obanyň üstüni gijäniň garaňkylygy gaplap alypdy. Diňe aşakda, öýlerde çyralar ýagty saçýardy, hol traktor saraýynda-da solýarkanyň — ýangyjyň sap-sary ýalny burugsap asmana göterildi. Lowlap-lowlap gaty ýokary galdy, şonda demir ussahanasydyr ammarlary, hatda daýhan hojalygynyň edara jaýyny-da yşyklandyryp gitdi, ýöne ýalyn bada-bat peseldi. Daň bilen ot ýakýan Kostýa Dukowdy, ol ulaglar üçin suw gyzdyrýardy. Kostýanyň gowy işi bardy. Tomsuna ol at goşulan araba bilen suwly çelegi daşaýardy. Gyşyna-da suwly gazany otlaýardy. Otlansoňam, Tarasowa garaşýardy.

Ol hemişe ilden öňürti gara berýärdi. Kostýa gara görnümden, heniz Tarasowy saýgaryp ýetişmänkä, ony agyr-agyr gadam urşundan tanaýardy. Eşiden badyna-da heşelle kakýardy: indi daň agarýança öýe ýetip bolýardy.

Tarasow lowlap duran oduň ýanyna baryp, gep goşýardy:

— Ýeri, niçik?

— Barysy ýerbe-ýer, suw gyzyp dur — diýip, Kostýa keýpihon jogap berýärdi. — Seniň atlaňňam… — diýibem traktor telärine tarap ümleýärdi. — Syganlar alyp gaçmadylar. Islänoklar. Men onda gitdim, entek ertirligimem edinemok.

Kostýanyň ýönekeýje iş güni paýawlapdy. Indi ol öýlerine şaýlanýardy. Tarasowam ýeke galýardy. Şundan soň ol traktorlaryna tarap ýönelýärdi. Onuň iki sany ulagy teläriň aşagynda durýardy: eýesine meňzeş pessejik zynjyrly «DT» hem-de belent rezin tigirli gök «Belarus». Zynjyrly traktor häzir ýaza garaşyp, gyş ukusyna gidipdi. Gyşyna Tarasow «Belarusy» münýärdi.

— Ýeri, bäriň ýagdaýlary niçik? — diýip, ol teläriň aşagyna girip barşyna ýuwaşja sorady. — Ýerli-ýeriňizdemi?

Mähir-muhabbete ýugrulan bu gysgaça sözleriň aňyrsynda uly many ýatyrdy. Traktorlaram muňa düşünýärdi. Bar zada düşüş «Belarus» indi hojaýynynyň hereketlerine häzir bolup durýardy. Tarasow otly kesindini traktoryň aşagyna sokup, onuň düýbüni gyzdyrýardy, soňam ol radiatora gyzgyn suw guýýardy, şonda tenekar ýylylyk «damarlara» akyp başlar. Aňzakly gijede sowap galan polat göwrä-de jan girer. Tarasow üsti ýapyk nowaly (budkaly) traktory bilen daýhan birleşigiň edara jaýynyň ýanyna baryp daýandy. Mekdep okuwçylary doly ýygnanýança ogluna, Wiktora til kakmaga maý bardy. Ogly etrap merkezinde ýaşaýardy, öýünde telefonlary bardy.

Munuň ýaly ir çagy edara jaýyna özünden başga geljek adam ýok. Şeýle bolansoň, kesekiniň gözleri düşmezden, gerekli sanlary aýlady, aňyrdan oglunyň sesini eşidibem, şeýle diýdi:

— Ýeri, nähil-ow o taýda? Baryňyz sag-gurgunçylykmy? Hudaýa şükür. Sen neme… dynç günleri geliň. Iş kän. Geçileri ütmeli. Gazlaram ýerlemeli. Düşündiňmi?

Tarasowlaryň gürrüňi gysgaça boldy. Başgaça bolmaga hakam ýokdy, çünki ogullary-da atalaryna çekipdi. Petro-da, Wiktoram şeýledi. Oglan döwürleri, olaram ähli çagalar ýaly, oýun oýnapdylar, şapadaňlaşypdylar, jahyl çykanlarynda garagolluk edäýmejikleri-de bardy, ýöne çakyny bilýärdiler. Wiktor mekdebi gutardy, soň etrap merkezine — tehnikuma gitdi, şo taýda-da öýlendi. Kakasy oňa jaý satyn alyp berdi. Ýigit ýigrimi ýaşdan sähel geçensoňam, bada-bat şahandaz Witkadan Tarasowa öwrüldi. Häsiýeti tutuksylandy, ýognady, gepi agzyndan diläp almaly boldy, bar bileni-biteni-de kakasynyň ýörgünli «Ýeri, nämesi…» boldy. Oba ýygy-ýygydan gelerdi, gele-gelmäşe-de işe ýapyşardy. Bosaga ýeteninden täze köýnegini çykarardy, könesini kellesine sokubam, güni bilen hojalygyň işine berlerdi. Şonda daşyndan kimiň-kimdigini seljermegem aňsat däldi: howluda gydyrdanyp ýören Tarasowlaryň ýaşulusymy ýa-da ýaşkiçisi?

Aýdyp oturasy iş ýok, Tarasowlaryň ygtykady güýçlüdi. Hatda Ksenýanyň adamsy, şäheriň suwuny içen ýigit, ana, şolam ýörite Tarasowlar üçin dünýä inderilen ýalydy. Adatça, şäherli giýewler oba myhmançylyga gelenlerinde balyjak tutardylar, awa giderdiler, kömelek çöplärdiler, suwa düşerdiler — olaryň bu gylygyny geňläp durmazdylar. Tarasowyň giýewsi bolsa, gaýynlaryna ilkinji gezek gelende täze ýerzeminiň ýerini gazyp, daşyny kerpiç bilen ördi. Soňam ähli ýere çyra çekdi. Wiktor bilen bileleşibem, gaty ullakan bede jaýyny düzetdi. Tarasow giýewsidir gyzy üçin jaý satyn alyp beripdi. Ynha, indem Ksenýanyň adamsy şonuň öwezini dolup ýör diýýänlerem ýek-tük tapylýardy. Ýöne bu bir agzy boşlaryň gürrüňidi. Şäherli giýewlere pul eçilýänler başga-da gyt däldi ahyry. Akylly kişiler bolsa, diňe gözügidijilik bilen başlaryny ýaýkaýardylar: Tarasowyň giýewsi diý-de goýaý ýöne.

Okuwçylar wagtynda jemlendiler. Budka ulujalaryň özleri mündi. Ejeleriniň ýaglyklaryna çümrülen körpejeleri Tarasowyň özi göterip, olary öňräkde oturdýardy.

— Bir, iki, üç… — diýip, Tarasow sanaýardy. — Şlýapužonok ýog-a.

— Men bärde, Tarasow daýy! — diýip, Şlýapužonok burçdan jyňňyldaýardy. — Gitdik.

Tarasow alňasamaýardy. Ol budkany gözden geçirýärdi, gaňyrçaklary, ildirgiçleri barlaýardy, tigirleriň ballonlaryny tokguldadyp görýärdi. Diňe şondan soň kabina — kejebä girýärdi. Kejebe dardy. Tarasow onda jebis ýerleşýärdi. Hamala, traktor Tarasowyň irimçik göwresinden sähelçejik artykmaç zady sygdyrmazlyk üçin hut ýöriteläp ýasalan ýalydy. Ol hykgyldap kabina münýärdi, agyr aýaklaryny ýerbe-ýer goýuşdyryp hem-de ellerini jaýlaşykly ornaşdyryp, ýoňsuz wagtlap özüni ykjamlap, eýläk-beýläk gorsanýardy. Ýöne oturanda, misli, traktor bilen bile biten ýalydy. Indi Gawrila Tarasowam, «Belarus» atly gök reňkli traktoram ýokdy — ikisi bitewi jandara öwrülýärdi, gyzgyn demlerem, seslerem sepleşip, ulag bilen ynsanyň bilelikdäki gara güýjüne öwrülýärdi. Gara güýç alňasaman obadan süýrenip geçişine gözleri peträp duran ýaly çyralarynyň ýagtysyna warak ýola esewan edýärdi, obadan saýlanansoňam, badyny gataltdy hem-de doly ukusyny almadyk içi çagaly budkany üwräp, ýuwaşlyk bilen ýokaryk tigirlenip gitdi.

Tarasow günortan naharyna çenli etrabyň hojalyk merkezine dökün üçin iki gaýta gidip geldi. Soňky sapar üsti ýükli ammarlaryň ýanyna geleninde, bärde oňa milisioner, uly ile belli Listuhin garaşyp durdy.

Onuň egninde könelişen possuny bardy, tumşugy gyzyldy, agzyndan eýlekiňem, beýlekiňem ysy haplap urýardy. Listuhin indi otuz ýyl bäri motosiklli obadan-oba alakjap ýördi. Ol ähli kişini tanaýardy, özüne-hä, dogrusy, obanyň itlerine çenli beletdi.

— Ogurlaýasmy? — diýip, Listuhin bada-bat sorady-da güldi. — Berekel-la…

Tarasow ondan nazaryny sowdy, öýkeli halda pyşgyrdy.

— Näçeräk sypal çildiň? Elli tonna dagy barmy? Nirä daşaýaň? Hä? Borisowamy? Olar ömürboýy ellerini serşip ýör-ä… Nätdi, bildimmi? Häý, berekella! — Listuhin ýene-de hahahaýlap güldi.

— Adamlar galat aýdýa… Myjabat atýalar… — diýip, Tarasow gözlerini sowdy.

— Saňa myjabat atmazlar. Sen iň zor işgär hem ogry ahyry… Dopba-dogry. Iň zor işgär hem ogry. Men barysyny bilýän. Boýun al. Dogryňy aýtsaň — azrak jeza çekersiň. Bary-ýogy bäş ýyl — derrew gaýdyp gelersiň. Raýkaň içi gysyp ýetişmez — Listuhin hahahaýlap güldi.

Tarasow labyryny bir aýagyndan beýleki aýagyna berip, özüni aklamaga durdy:

— Adamlar galat aýdýa… Olaň sypalyny başyma ýapaýynmy?

Ikisi, hamala, henek edişýän ýaly gürleýärdi. Şu aralykda traktoryň tirkegindäki nowany — teležkany tas düşüreňkirläpdiler. Şonda Listuhin bilgeşleýin kakdyryp aýdýan gürrüňini kesdi-de, çynlakaý keşbe girdi:

— Seň sypal daşaýanyň hakykat. Men uzak gitmedim, Popow depesine sowuldym. Arpa sypalyny äkidipsiň. Arçakow käliniň ýanynda-da, seň yzlaň bar. Tekeriňe zynjyry Mitron Makeýew sepläpdi. Sen oýun etme! — Milisioner Tarasowyň ýüzüne çiňerilip, gepini bekine tutup, dowam etdirdi. — Men seni kowalap ýörmen, gijelerine-de aňtaman. Şu günki ýaly, gündiziň güni aýlanyp, goýan yzlaň şekilini alaryn. Ynha, şulary! — Ol traktoryň tigrine ümledi. — Onsoň işiň gaýtdygy biläýgin. Tarasow bolsaň boluber, biz üçin tapawudy ýok, segsen dokuzynjy maddaň esasynda aýagyňy sallap gidersiň. Ýagdaýyň-a şeýleräk, garyndaş.

Hälki degişgen, keýpi kök Listuhinden nam-nyşan galmady. Onuň nazary aldajydy, içiňden-bagryňdan geçip barýardy. Tarasowyňam ini tikenekläp gitdi.

Listuhin dükana tarap ýöneldi, o taýda ýegre dosty Maksimow söwda edýärdi. Milisioner gidipdi, Tarasow bolsa gaýga bürenip galypdy. Soňky günleriň ajysam ýetipdi, süýjüsem, öten günleriňem, häzirki günleriňem kän pikiri edilipdi, ynha, ýap-ýaňam ýanyna bir kimse gelip, bir zarbada ählisiniň köküne palta urup oturyberipdi. Onuň elinde güýç bardy, dikleşjek, eňekleşjek gümanyň ýok. Ondan Hudaýdan gorkan ýaly gorkaýmalydy.

Heleýler eýýäm traktora tirkelen nowanyň içini taňkyradypdylar, Tarasowyň bolsa, henizem ýanyndan giden milisioneriň yzyna seredip durşudy. Nähilidir bir oňaýsyz ýagdaýyň dörändigini syzan Wasilisa Tarasowyň huzuryna geldi.

— Düşürip bolduk — diýip, ol Tarasowa ýüzlendi.

— Näme? — diýip, Tarasow alasarmyk ýagdaýda sorady.

— Näme-näme… Gymmatlyja döküniňi düşürdik… Hol hasyly köpeldýän — diýip, zenan bir mahalky waka kakdyryp güldi.

Bahar aýlarynyň birinde mekgejöwene dökün berýärdiler. Günin işläpdiler. Eýýäm iňrik garalypdy, sygyrlaram meýdandan oba sürüp getiripdiler, öýe gider wagty boluberipdi. Tarasow welin haýdamak-haýdaýardy, meýdany doly dökünläp gutarasy gelýärdi. Ahyry Wasilisa çydaman: «Bessir, Alekseýewiç!» diýdi. Tarasow welin tas aglara gelip, zaryn sesi bilen ýalbarýardy: «Wasilisa Ýegorowna, bary-ýogy burçjagaz galdy. Ertir başga ýere ibärler. Takyr ýer somalyp galar. Dökün dökmeseň, mekgejöwen hasyl bermez». Şonda Tarasowyň bolşuna hezil edişip gülşüpdiler.

Ynha, häzir şo waka ýada düşüpdi. Ýatladylaram, ýylgyryşdylaram, Tarasowyň bolsa ýüregi düşüşen ýaly boldy.

— Listuhin nämä süýkenýä? — diýip, Wasilisa sorady.

— Dubowkada göleler ýitipdir — diýip, Tarasow ýalan sözledi. — Şolary gözleýä…

— Maksimowyň kapasasynyň aňyrsyndan tapar — diýşip, aýallar takykladylar. — Nepesini durlaga-da, dessine tapar.

Okuwçylaryň yzyndan gitmäge wagt boluberipdi. Tarasow traktorynyň syrtyna budkany dakyp, Wihlýaýewka ýola düşdi. Mekdebe traktoryň üstünde — ýokarda, belentde ornaşyp gideninden ötri toplumyň ak daşdan salnan jaýlary, ýatakdaky mallar oturan ýerinden eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Gözlerem, biygtyýar, şo tarapa dönýärdi hem-de misli, maňlaýy sakarja gölejiklerini, Noçkadyr Doçkany görýän ýalydy. Indi olar eýelerine çalt öwrenişip, oňa garaşýardylar. Garaşýardylar hem ynanýardylar.

Gaýdyşyn Tarasow gaty alňasak sürdi, şeýtmek bilenem ýüregine-bagryna düşüp barýan obadan, mallardan, beýnisini ýarara getirýän pikirlerden daşlaşaryn öýdýärdi. Ol howlukýardy, içi çagaly budka çarkandak ýerlerde bökýärdi, beýle ahwalat mundan ozal görlüp-eşidilmändi, hamala, traktory sürüp barýan Tarasow däl-de, eýsem, seri ýerinde bolmadyk Ýurka Silýaýew ýalydy.

Daýhan birleşiginiň edara jaýynyň ýanynda, okuwçylar budkanyň içinden çogup çykan mahaly, dişi gädik Şlýapužonok ýaýdanmazdan, içindäkini daşyna çykardy:

— Tarasow daýy, sen bu gün gulkudana meňzeýäň-le… Içegelem üzülere geldi. Biziň Olýajygymyz tasdanam nemedipdi… — Ol yzyny gürlemän ellijegine pyňkyrdy hem-de gahary gelen uýasyndan ökje göterip, ýazzyny berdi. Olaryň yzyndan çaga gülküleri ýaňlanyp gitdi.

Tarasow, hakykatdanam, eýgermändi. Süňňüni üýtgeşik geleňsizlik, perwaýsyzlyk gurşap alypdy. Birden bar zat ýadatdy, irizdi. Asmanam gamaşyk, adamlaryň gürrüňi-de ugursyz göründi, kabinada ýeke oturmagam ejirli göründi. Içini it ýyrtana dönüpdi, kükreginiň asty syzlaýardy, aram-aramam hopukdyryjy ýürekbulanma peýda bolýardy.

Ol etrabyň hojalyk merkezine ýene bir gatnaw etdi hem-de garaňky gatlyşmanka öýüne gaýtdy. irgözin öýe köwlenmeginden eýýäm gürlegen Listuhinden, onuň ülpedi Maksimowdan dükandan oba ýaýran bulam-bujar myş-myşlardan kejigip, howsala düşen Raisa aglamjyrap käkeledi:

— Näme, ýarawlyk tapdyňmy? Asyl ýüzüň-gözüň aýdyp dur… Bu taýda-da adamlar her jüre gep edýä. Ýanyňa… Listuhin gelipdir, aýagyňdan aslyşýa diýip gürrüň edýäler… Sen bir zatlar-a alypsyň, sypal öýdýän şo… Nähili sypal? Nä körüňe gerekdi ol? Ýa biri soraýdymy… Adamlara ýagşylyk edersiň, kötek iýjek welin, sen borsuň kakasy, öňýeten bilen çörňeşip ýörmezler. Bize hiç zat gerek däl, adamlaram, goý, öz günlerini özleri görsün.

Keýwanysynyň aladalary Tarasowa hoş ýakdy, ýöne oňa içini döküp durmady. Diňe köşeşdirip oňdy. Garbanyp bolansoňam, howla çykdy.

Gyş güni, bulutly, ýagynly gün indi agşama sanypdy, ýöne heniz ýagtydy, bütinleý ýagtydy. Köwsarlap ýagýan gar ýuwaşlyk bilen gaýyp düşýärdi. «Erkinlige» düşübem, topragy eýläp başlaýardy. Syrgyn üçekleriň üstünde gar sowurýardy. Howlynyň aňyrsyndaky gaz seslerine suw sepilene döndi, olar kellelerini gizläp, şemaldan goranýardy, diňe garry gaz, gyzylburun hojaýyn hüşgärlik bilen eýemsiräp durdy.

Tarasow geçidir sygyrlaryň ýatagyny arassalady, ýerde ýatan sypaly çalyşdy. Derhalam ýagyş ezmedik sap-sary sypaldan ýaňa ýataklar ýaraşygyna geldi, gallanyň ysy-da mese-mälim haplap burna urdy. Tarasow sygyr ýatagynda, diwarjygyň ýanynda oturdy, ýöne beýle bir uzak eglenmedi.

Soňra goşmaça jaýda geçiler üçin peji ýakdy, mallara, öýe suw daşady, aýalyna ertir üçin kömürdir odun taýýarlady. Tarasow gündizki aladalaryny birýan ýüzli edensoň, sani — buz arabasy bilen meşgul boldy. Ol özüne kiçeňräk buz arabasyny ýasanýardy. Daýhan birleşiginde ýabylar azlyk edenokdy, ýöne, ynha, arabadyr buz arabalary bilen welin, iş bütinleý pyrrykdy. Ne idili araba, ne-de buz arabasy bardy. Mundan niçe ýyllar ozal, Makeý Fetisow, Silan Rabunow, Anikuşa Ýudaiçew ýaly gojalaryň işlän döwründe ähli zat ýerbe-ýerdi. Çalt gidýänleri-de, buz arabalary-da bardy. Köne ýaşulular ýurduny başgalady, häzirki garrylar gowuja pensiýa alýardylar, olaryň ellerini sowuk suwa uraslary gelenokdy.

Hojalykda ýabysyz oňup bolanok. Şondan ötri Tarasow özüne araba edinipdi. Ine, indem ol buz arabasynyň daşyna geçipdi, buz arabasyny daýhan birleşiginiň akanak-çukanaklygynda ýüňsakgal bolmaz ýaly edip ýasamalydy. Buz arabasy hasyr-husur bejeriläýmeýärdi, keramara ýasalýardy, keýwanysynyň gülüp aýdyşy ýaly, baharyň batgasyna çenli taýýar bolup ýetişmelidi.

Bu gün Tarasow ýylmanak egri agaçlaryny taýýarlaýardy, birdenem arabanyň arşy güpbe ýadyna düşdi. Öz melleginiň garşysyndaky meýdanda iki sany ýaş dim-dik güjüm agajyny birçakdan bäri göz astyna alypdy. Güýzden bäri belläp goýupdy. Olary çapmaga hiç sypynyp bilmeýärdi: garaňky ir gatlyşýardy, işdenem giç gelýärdi.

Tarasow özüniň darajyk köçesi hem-de çöp-çalamlyk bilen gös-göni bellän ýerine bardy, güjüm agaçlaryny çapybam, olary öýlerine göterip gitdi. Bu saparky güýzde hem-de gyşyň başynda ýagyş bary ýagypdy, derýajyk joşupdy, kenary basmanam duran ýerinde doňup galypdy. Şonuň üçinem balykly gyş boldy. Obada zagara balyklarydyr çüý balyklaryň gürrüňi köpeldi, olary Arhip Sentýurin baba tutýardy. Tarasowlaryň kenar gyrasynda giň çuňňuldyk bardy. Ýaňy-ýaňyraklaram bärde ogly Wiktor aw awlaýardy hem-de balyk tutýardy. Tarasow ýüküni taşlap, darajyk ýola sowuldy, keýpine synlamak üçin sowuldy: ýogsa-da, balyjaga güýmenilse niçik borka?

Derýajygyň aşak başlary asudady. Çuňňuldygyň gar basan aýtymynyň o ýerinde, bu ýerinde towşan ýodalary göze dürtülip durdy. Ýodalar aňry tarapda ýitýärdi. Şo taýda ýemşen agaçlary, olaryň goýy gögümtil ösüntgileri garym-gatym garalyp görünýärdi. Ondan aňyrda hem-de ýokarda sürüm geçirilen giň, tekiz ala meýdan ýaýlyp ýatyrdy, çäge depeleridir hol alysdaky tokaýçylygyň garamtyl zolagy bolsa, goýy tüssejigiň içinde ümezläp görünýärdi.

Tarasow näme niýet bilen gelenini-de unutdy. Perwaýsyz nazary bilenem daş-töweregi synlaýardy. Köne örme aýmança bilen daşy gurşalan mellek ýerler garalyp, derýajyga tarap inýärdi: garamtyl mal ýataklarydyr saraýlar, öýlerem — bar zat tutuksydy hem-de ýürek hopukdyryjydy, gyşyň öň ýany, hemişe bolşy ýaly, bereketli garyň düşnügem ýokdy. Şo tarapa seredesiňem gelenokdy. Häzir mähriban obasynyň keşbi hoşuna gelip baranokdy. Şonuň üçinem Tarasowyň nazary äpet, gojaman söwütde eglendi. Daragt özi ýaly ýaş söwütler bilen birlikde kenarda seleňläp otyrdy.

Söwüt şeýle bir belentdi, şeýle bir mähnetdi hem-de iki eliň bilen gurşardanam ymgyrdy… Daragt toprakdan çal pil kimin silkinip galypdy, soňam ýokarda, golaýrakda hem-de aňyrrakda onuň kuwwatly bilinden örňän, ullakan agaçlaryň göwdesi ösüp otyrdy.

Häzir, çytawun ýanwar gününde, goja söwüt gözleriňde eglenýärdi hem-de dünýäde mizemez mäkämligi, ünji-aladalardan azarsyz-bizardygy, özüniň bakylygy bilen maýyl edýärdi.

Söz ýok, goja söwüt Ýer ýasy bolaly bäri gögerip oturan ýalydy. Heniz oglanjyk mahaly Tarasow onuň berk şahalaryndan derýanyň çuňňuldygyna bökýärdi. Baryp bir wagt ýagty jahan bilen hoşlaşan Tarasowyň kakasy-da şeýdýändigini gürrüň berýärdi. Nikanor baba-da, Motka mama-da şeýle diýýärdi… Bärde, gör, näçe adam geçdi, niçemesi bakyýete göçdi, ýene näçesi gitjek… Söwüdiň welin şol durkudy.

Tarasow nähilidir bir bilniksiz ýaýdanjaňlyk bilen goja söwüdiň ýanyna geldi, elini onuň göwdesine diredi-de, doňup galdy. Häzir daş-töwerekde mawy asmandan, Zemindir goja söwütden başga yns-jyns ýokdy. Tenha-täk Tarasowyň özi bardy…

Şu toprakda, şu goja söwüdiň ýanynda onuň ömür menzili neneň-niçik geçdikä? Ol bärik gelen mahaly söwüt göm-gök ýapraklaryny şowurdadardy, bu taýdan gider, hawa, gider, emma daragt welin sarsman durar, üstünden täze gyşdyr baharlary ötürer, ýeneki tomuslary geçirer.

Hüžžerip duran saçly, mawy gözli oglanjyk ýa-da häzir daragtyň ýanynda duran etli-ganly agyr pyýada birden aňyňda aýlanmazmy eýsem?.. Wah, haýsy birini ýatlajak… Ýaýraň şahaly, belent başly daragtyň aşagynda geçen wakalaryň hetdi-hasaby ýok ahyry. Şahalardan aslyşyp, hallan atardylar, alagalmagal bolşup, suwa bökerdiler, ýagyşdan bukulardylar, täze durmuşyň bosagasyndan ätlärdiler, barysy serçäniň jürküldisi ýaly şaglap geçip gitdi.

Kakasynyň çuňňuldygynda suwa düşüp ýöreni dek düýn ýalydy. Soň bärik Raisany getiripdi. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde-de, eýýäm öz çagalary — Petro, Wiktor hem-de Ksenýa yzly-yzyna söwüdiň astynda şalpyldaşyp ýördüler. Eý, Taňrym, beýle çalt ösüp ýetişäýişlerini… Düýnjügem bärdediler, ynha, indem — alysda. Dury suwly ýere, goja söwüdiň ýanyna gaýdyp hiç haçan dolanyp gelmezler.

Birmahalky hem-de düýnki wakalar hünji deýin biri-biriniň yzyndan düzülip gitdi. Olaryň hemmesi ýürege ýakyndy, ýüregi awadýany-da bardy. Çünki ählisi öz başyndan geçipdi.

Bärden, şu ýoldan ýeke sapar ata mekany taşlap gidipdiler. Hökman şeýdäýmelidi, ýogsa açlykdan gyryljakdylar. Açlykdan gutulan ýerlerinde, sowhozda, şol ýeriň naharhanasynda bulamak hem-de şüle bererdiler. Çagalar üçin baňkajyga guýup alyp gitmäge-de rugsat bererdiler. Aman galypdylar. Dolanybam gelipdiler.

Ynha, hol meýdanda, derýajygyň aňyrja ýanynda — uruşda Tarasow on dört ýaşly oglanjykka traktora atlanypdy. Nikolaý Silýaýew bilen Wasiliý Kursanowam bardy. Bileje ýer sürüpdiler. «Tigirliler» keşde ýatyp galan mahaly ony üç bolup herekete getirerdiler. Tutawaja guşaklaryny daňyp, alty el bolup birden pyrlardylar. Gögele oglanjyklardy-da…

Gaty gowy ekýärdiler, hasylam hasyl dagy däldi. Arpanyň ýa-da bugdaýyň dänejiklerini baňkada gowrup bolýardy. Soňam hütürdedip iýilýärdi. Düwünçegi çigip, radiatorda bugartmagam mümkindi. Üýtgeşik bir tagam bolýardy. Brigadir ejaza berýärdi. Diňe ygtyýarly wekiliň gözüne görünmeli däldi.

Azyk daşaýjy Tatýana mama ak baýtalda bulamak hem-de darydan bişirilen nan getirerdi. Baýtaly uzaklardan saýgaryp bolýardy.

Şu meýdanlarda durmuş tigirlenip, akyp gidip otyrdy. Diňe traktorlar könelýärdi hem-de hatardan çykýardy. Demir oturgyçly «tigirçek» ömür mütdetini sowupdy. Depesi teletin mata bilen basyrylan zynjyrly «dyzmaç» traktoryň wagty geçdi. Geň galmaly. Ýokarsy ýapyk… Daş-töweregi welin alaň-açyk. Gatyrak ýel turdugy üstündäkini alyp gitjek. Soňrak ganymatlary geldi.

Kyrk ýylyň dowamynda Tarasow şeýle polat bedewleriň, gör, näçesini elden geçirdikä? Misli, adamlar ýaly, barysy ýadynda galypdyr. Dogrusy, ýadyňdan çykarmagam günä. Olar ony ekläp-saklapdy, çagajyklaryny ese-boýa galdyrypdy.

Birdenem nirelerdedir bir şol alyslarda, öten günlerde süýji ýatlama süňňüni gaplady. Kelleleri akja iki sany sary gölejik bärligine, goja söwüde, derýajyga, ýola tarap ylgaşypjyk gaýtdy, hojaýynyň traktory ýoly külterläp, ýüzüni bärik sowupdy. Janawarlar guýruklaryny turba ýaly edip, sapandan sypan dek şalkyldaşyp gelýärdi… Ne traktoryň gohundan, ne-de ýangyjyň demikdiriji ysyndan eýmenýärdiler. Olar Tarasowy görüpdi, onuň traktordan düşüp, öňlerine, misli, ýatdan çykyp giden ene süýdi kimin gyp-gyzyl, süp-süýji, şatyrdap duran bir goltuk almany döküp goýberjekdigini bilýärdiler. Günüň güni şeýledi, gölejikler keýpihon molaşyp, oňa garşy atylyp çykýardylar.

Barysynyň beýle tiz gutaryşyny. Ýadyňa düşeninde ýüregiň dilim-dilim bolup gidýär.

Gölejikler ýadyna düşeninde Tarasowyň dünýäsi daralana döndi. Şonda ynsanyň durmuşy nähilidir bir geň-taň, düşnüksiz göründi. Çünki urşa-da, gyrgyna berlen adamlara-da, aç-zar çagalara-da — dünýäniň bu bela-beterine hiç akyl ýetirer ýaly däldi. Gölejikleriň, Doçkadyr Noçkajygyň nä sebäpden heläk bolýanyna-da düşünip bolanokdy. Eýsem, bu kime, näme üçin gerekkä?

Bada-badam ýüregi sançdy. Kalbyna-da geň-enaýy pikir dömdi: beýdip kösenip ýaşap ýöreniňden, şu taýda, kenaryň ýakasynda, derýajygyň ýanynda söwüt bolup duranyň müň paý gowy. Hezillik. Daş-töweregiňe seredip dursuň. Ýeliň sesem, adamlaryň pyşyrdysam deň derejede eşidilýär. Çülpe çagalaryň wagyrdysy hoşuňa gelýär, olary maýyşgak şahalardan oklaşdyryp, keýplerini göterýärsiň. Günüň howrundan penalaýarsyň, baharda bolsa gül salkymlaryny eçilýärsiň. Ynha, şunuň ýaly kuwwatly daragta öwrülip, sarsman dursadyň, saňa batyrynyp biljek kişi ýok. Ne arçyn, ne-de milisioner Listuhin azar berjek.

Tarasow daragtyň ýanynda ýoňsuz wagt eglendi, ahyry onuň büdür-südür gabygyndan elini aýyrdy-da, ýöräp gidiberdi. Birneme daşrakda, çapyp taşlan güjüm agaçlarynyň ýanyna baranynda ýene bir ýola goja söwüde nazar aýlady hem-de onuň katdy-kamatyna guwanmak guwandy.

Howluda bolsa ony eýýäm howsala düşen Raisa agtaryp ýördi.

— Kakasy! Kakasy! — diýip, ol bosagadan zowladýardy. — Nirede sen?! Guýa gaçdyňmy? Kakasy?

Tarasow heniz ýodajyk bilen ýöräp gelýärkä onuň sesini eşidip, ädimini gataltdy, çapan güjüm agaçlaryny saraýyň aşagyna oklady hem-de keýwanysynyň gözüne iläýjek ýere çykdy.

— Gidişiň-gidişiň, ne habar bar, ne hatyr! — diýip, Raisa nalap gürledi. — Gygyryp-gygyryp, sesim gyrlara geldi.

Kanagatyny ýitiren zenan adamsynyň ýanyna alňasap, bosagadan düşmäge durdy. Agyryly, diýen etmezek aýaklary agyr göwräni zordan göterýärdi.

— Gözlär ýaly beýle näme boldy? — diýip, Tarasow onuň ýanyna bakan haýdady.

— Kakasy… Sen bir işjagaz gaýrypsyň-a, özüňden bilib-ä aýdaňok. Listuhin-hä seni yzlap gelipdir ýaly…

— Ýene nireden tapyp ýörsüň bu gürrüňi?

— Ýanyma hol neme… gephalta geldi — diýip, Raisa goňşy howla tarap ümledi.

— Makarihamy?

— Şo heleý… Barysyny gylyny gyşartman gürrüň berdi… Listuhin serden geçip, haýbat atýa diýýä… — Keýwanysynyň gorkudan ýaňa jany karkara gelene dönüpdi, hatda gürlemäge-de çekinýärdi, diňe adamsynyň ýüzüne bakyp, gözlerini gyrpyldadyp, garaşyp durdy.

— Hiç bir weçden ýüregiňe agram salmagyn — diýip, Tarasow keýwanysyny köşeşdirdi. — Gorkara zat ýok. Men şo sypaly geregine ýaratdym. Şoň üçin meni Biribaram ýazgarmaz, adamlaram.

Raisa hemişe adamsyna ynanýardy. Ýüregi aram tapdy. Ýöne doly saplanaýmady. Herhal nähilidir bir müňkürlik saklanyp galdy. Şondan ötri ol şeýle diýdi:

— Listuhin, hakykatdanam, haýbat atýamyş. Jogapkärçilige çekerin diýýämiş…

— Aheý, özümiz Tarasowkak, Listuhin kimmiş… — diýip, adamsy parahat, hatda ýaňsy bilen gürläp, Raisany ynjaltdy. — Ýüregiňe alma, gam çekeniňe degenok — diýip, ol keýwanysynyň egnine agyr goluny goýdy. Birdenem ýadyna düşürip, dile getirdi. — Wiktor bilen jaňlaşandyryn. Gelýä. Çagalaryňam ýüregi gysýa, sizi göresi gelýä, bärik dyzaýalar diýýä.

— Gör-ä, muny… — diýip, Raisa begenjini saklap bilmedi. — Olýa janam getirler, Serýožanam…

— Sergeý-ä bilmedim. Okaýa. Häzir mekdepde talap güýçli. Olýa jan-a näme getirmän… Öte sowuk däl-le.

— Gyzjagaz çydar-la! — diýip, Raisa ynam bilen gürledi. — Çaga däl-de — mähek daşy. Geçen gyş sowuk boldy, gyzjagaz welin daşarda şapadaňlap ýör. Şeýle-dä. Bakjada öwredipdirler. Ksenýaň Natuşkasy onuň tersine — lellim. Ony barysy şapba-da-şupba ogşaýa. Olýa jan welin…

Ine, şundan soňam çagalarynyň, agtyklarynyň gürrüňine ýatdylar.

Tarasow keýwanysyna bosaga çykmaga tekge berdi. Şu ýerde-de, belent bosagada-da ýene kenar ýakasyndaky goja söwüt göz öňünde janlandy. Daragt saraýlaryň üçekleriniň üstünden, daş-töweregindäki ýerleriň ählisiniň üstünden saýlanyp dur.

— Raýa? — diýip, Tarasow keýwanysyna ýüzlendi. — Ýadymdan çykyp gidipdir. Goja söwüdi kimdir biri çapdy diýip Marfutka mama pahyr gürrüň berýämidi?

— O tüki Nikişka diýilýän biridi öýdýän — diýip, keýwanysy hakydasyna getirdi. — Şirokow guduzlardan ýaly şol. Şiroklaň atasy bolmaly.

— Tüýs şolardan çykaýjagy…

— Çapany çyn. Marfutka mamaň gowy ýadynda galypdyr. Paltasyny aýlap salaga-da, hakyt aýagyndan inderäýipdir. Süňküne çenli ýetipdir. Çapjak bolşy şoň bilenem gutarypdyr. Nämä soraýaň? Ýa-da senem oňa gözüňi dikýäňmi? Toba-toba…

— Goýsana walla. Kelläme gelensoň, soraýdym. Gör-ä, şondan bäri näçe wagt ötüpdir. Juwan mahalymyz şo taýda ygar ýörerdik… Çapylan ýeriň yzam ýokdy. Ýadyňa düşýämi?

— Ýadyma düşýä… — Raisa adamsyna tarap gabaklaryny galdyryp, ýuwaşja jogap berdi; şonda ýaşlyk ýyllarynyň gyzgyn howry ýüzüne haplap uran ýaly boldy.

Tutuş agşamsy bilenem geçen günleri ýatladylar. Waska atly daýaw geçiniň sütügini ütýärdiler hem-de işiň aralygynda birmahalky ötüp giden döwri ýatlaýardylar.

Bileje işleýişlerini-de ýatladylar: Tarasowyň özi traktoryň üstündedi, Raisa bolsa, tirkegde otyrdy. Güýzki sürüm döwri gijeler gaty uzak bolýardy… Tarasowyň Raisa uklaga-da, azalyň aşagyna düşer öýdüp, gara jany galmaýardy. Garaňky güýz gijesinde traktoryň depesinde görlüp-eşidilmedik derejedäki gözellik — göm-gök güljagaz ýaly öwüsgin gaýmalap ýördi: gözelligiň döreýşi täsin. Traktoryň gaz çykarýan turbasy ot ýaly gyzyp, onuň köze dönen agzynyň ýokarsyndan jadyly gülýaprakly mawy, narynç, benewşe howur ýalkym saçýardy. Günlerde bir günem, eýýäm dekabrda — şonda ýygymdan soň hem-de gyşyň öňüsyrasy uzak wagtlap ýer sürlerdi — ynha, şol dekabr günlerinde Petip kälinde bir zolagy sürüp gutaryp ýördüler. Dynman sürdüler-sürdüler, ýöne ir ertire çenli ýene sähelçe ýer galdy. Tarasow az-kem dynç almagyň, soňam gaýdyp bärik dolanmazlyk üçin galan ýeri doly gutarmagyň kararyna geldi. Kabinada — kejebede birek-birege gyslyşyp oturyşlaryna uklap galdylar. Oýanansoňlaram — serpmeden gaýdana döndüler — hakyt gyş düşüpdir. Gar dyza ýetäýsem diýýär.

Raisanyň başda başga bir traktorçynyň ýanyna gaçyp gidesi gelipdi. Tarasowyň işleýşi dagam bir näteňenäletdi, dem-dynç almasy ýokdy. Özüniňkini mamla hasaplardy. Gijelerine çyrasyz, töwekgellige salyp işlärdi ýa-da Raýany öňe, traktoryň alkymyna goýbererdi, olam ýöräp barşyna peli görkezerdi. Gyş eli otly kesindili gijesi bilen durman haýdap ýöräp giderdi. Ýa-da Tarasow radiatoryň ýanyna snarýad peşeňinden ýag çyra oturdardy. Şonuň ölügsi ýagtysyna-da şol ýer sürer ýörerdi. Eýýäm şo döwürler Tarasow barada çynaberimsiz hekaýatjyklar aýdardylar.

Ine, başga döwürlerem gelip ýetdi. Daýhan birleşiklerinde hak töläp başladylar. Tarasowam silkinip galana döndi. Haýsydyr bir ýyllarda üçegi ak demir basyrylgy täze jaý gurundy, maldyr öý guşlaryny köpeldip ugrady. Raisa obada ilkinji bolup panbarhat köýnek, lakly köwüş geýdi. Şeýlelikde, Tarasowyň şöhraty bolanu-bolmadyk zatlara bürenip, daş-töwerege tigirlenip-togarlanyp gidiberdi.

Köp zatlary ýada saldylar. Ine, häzirem, ötüp giden günleri oturan ýeriňden dörjeläp ýatlamak hem ýakymlydy, hem lezzetlidi.

3

Şol günüň ertesi Tarasow Wihlýaýewkadaky topluma ýene-de tas ýarym küde diýen ýaly sypal getirdi. Getirdi-de, dökdi, öz gölejiklerini sypalaşdyrdy, olaryň her haýsysynyň öňüne bir kesemen nan goýdy, wihlýaýewkaly daşkynrak garyndaşy bilen az-owlak gümür-ýamyr etdi. Ol diňe ah-wahlap, hüňürdeýärdi: «Akylyňa döneýin».

Tarasow şu hereketini ikinji günem gaýtalady, üçünji gün, anna güni bolsa, başlyklar bilen ýüzbe-ýüz çaknyşdy.

Arçyndyr dolandyryjy ony fermada, hamala, ýöriteläp garalaýan ýalydylar. Ine, Tarasowam geldi. Derweze açyldy, onuň gök traktory mal ýatagyna tarap tigirlendi; sygyrlar birahatlanyp, ahyrlara tarap alňasadylar. Ýöne mallar garaşmaly boldy. Daýhan birleşiginiň arçyny, onuň yzysüre dolandyryjydyr beýleki adamlar traktoryň öňüne çykdylar.

Tarasow üçin barysy düşnükli boldy. Ol traktoryny öçürip, ýoňsuz wagtdan soň içinden çykdy, haýaljakdan arçyna tarap ýöräp barşyna-da näme gep tapjagyny ölçermäge çytraşdy. Gürlemäge gezek gelende onuň duran ýeridi.

— Hojaýynsyraýaňmy? — diýip, arçyn ýüzüniň ugruna sorady.

— Şeýleräk-dä özi — diýip, Tarasow ellerini galgatdy. — Şeýleräk boldy… Biribara şükür, özümiz-ä mele myssyk nan iýýäs, mallar welin heläk bolýa. Sypal onsuzam meýdanda çüýräp galjak… — Ýöne gürrüňini gutarmaga maý bermediler.

Arçynyň ýerligi şu jelegaýlardandy. Tarasowdan biraz kiçiräkdi. Arçyn gözlerini onuň içinden geçiräýjek bolup, sesini kesdi:

— Ynha, seni başlyk saýlarlar, ana, şonda buýruk berersiň. Düşündiňmi? Meň başyma akylly bolaýşyňy? Burnuňdan aňryk hiç zady göreňok… Getir bärik açary?

Tarasow sessiz-üýnsüz traktoryň ýanyna gidip, açary sogurdy-da, yzyna tabşyrdy.

— Ine, şeýle… — diýip, arçyn kanagatlylyk bilen gürledi. — Indi öýüňe tarap ýöräber. Traktorlaň ikisinem elinden alyň! — diýibem, dolandyryja buýruk berdi. — Goý, mallara seretsin, birneme aňyna aýlanar. Akyly üýtgäni görnüp dur-a muň.

Tarasow loňkuldap gidiberdi. Arçynam onuň yzysüre kinaýasyny oklap galdy:

— Päheý-de weli, hojaýyn…

Sypaly mallaryň öňüne dökdüler. Tarasowyň traktoryny daýhan birleşigiň edara jaýynyň ýanynda goýdular. Onuň eýesi bolsa, bireýýäm daşdady.

Ol ýöräp barýardy, ýöräp barýardy. Wihlýaýewkadan geçdi, Tubadan aşdy. Özüniň belet ýoly bilen ädim ädip barýardy, ädim ädip barýardy, gitdigiçe-de agyr-agyr oý-hyýallara batýardy.

Birdenem eýýäm nirelerdedir bir ýoluň ahyrynda, ekin meýdanynyň hem-de köne, ýykylyp giden telärleriň deňesinde daýandy. Säginip, az-owlak töweregine ýaltaklady, soňam hyrra yzyna öwrüldi. Indi howlukmaç ýöräp gitdi.

Toplumdaky hälki ýolbaşçylar, elbetde, eýýäm gidipdi. Howlynyň ortarasynda maldarlar ýap-ýaňy bolup geçen wakanyň gürrüňine ýatypdylar. Tarasowy görenlerinden, barysy birden dymdy, onuň gelýän tarapyna seredişip, garaşmaga durdular. Emma Tarasow olara tarap däl-de, mal ýatagyna tarap barýardy.

Ol ýatagyň gapysyny açdy-da, çalaja gygyrdy:

— Noça, Noça… Doça… geliň, bärik geliň…

Tarasowyň gölejikleri eýeleriniň ýanyna atylyp geldi, ol göleleri derwezeden daşyna çykardy.

Nämäniň-nämedigine düşünen maldarlar onuň ýanyna okduryldylar:

— Garyndaş, eý, garyndaş, akylyň beri ýerindemi?! Beýdip bolmaz ahyry!

— Beýtmäweri, Tarasow. Soň biz jogap bermeli borus.

— Meň gölejiklem — diýip, Tarasow sarsman gürledi.

— Ozal seňkidi. Olar üçin hakyny aldyň-a!

— Men üç esse edip tölärin. Mallary heläk etmeli diýip hiç kim buýruk beren däldir.

Şundan soň Tarasow artykmaç gürläp durmady.

— Hany, sowluň… — diýip, ol bekine tutup buýruk berdi. — Gara baş meňki, näme soralsa, menden soralar. Çekiliň ýoldan, ýogsa-da, häzir…

Onuň ýowuz keşbi maldarlary bada-bat aýňaldyrdy. Onsoňam hiç kimiň başyny gora sokasy gelenokdy.

Ýene täzeden, indi eýýäm üç tirkeş bolup beletje ýollary bilen gidiberdiler: Wihlýaýewkanyň, uzak Tubanyň üsti bilen, soňam meýdandan, derýanyň üstünden, çöp-çalamlykdan geçdiler. Şeýdibem öýlerine geldiler.

Raisa tutuş agşamsyny aglap-eňräp geçirdi. Tarasow bolsa, diňe şulary dile getirdi:

— Raýa, indi meň ýüregim ynjaldy.

Şol günüň ertesi, şenbe günüdigine garamazdan, Naýdýonow obasyna ir bada myhmanlar döküldi. Säher bilen Tarasowlaryň öýleriniň deňesinde birbada iki sany ulag daýandy.

(Soňy).

Rus dilinden terjime eden Ç. GELDIMYRADOW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle