|

Tapyşyk

Tapyşyk

TAPYŞYK

Goşun bölüminden Enäň adyna,
Habar geldi: “Ogluň dereksiz ýitdi..!"
Ene diýdi: “O nähili dereksiz?
Gidend-ä ol derek tutjak ýigitdi!..”

Ötdi urşuň gutaranna ençe ýyl,
Derek tapylmady oglundan onuň.
Garaşdy ogluna Ene şonça ýyl..
Bir gün ýola saldy bir körpe oglun

Nowbaharyň söweş guran ýerlerne,
Hem garaşdy derek bilip gelerne.

Aýlandy inisi gözläp agasyn,
Berýozalaň, sosnalaryň arasyn,
Agasyndan ýaşy uly inisi,
Köp ýer gezdi,
Sökdi ili-ulusy.

Ýekän-ýekän barlap gubur arasyn,
Idäp
ahyr…
zordan tapdy agasyn –
Doganlyk mazardan tapdy agasyn..
Tapdy…
Indi begensinmi?
Aglasyn?!

Kasym NURBADOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle