Tapyň, bir-biregi ýitirip, tapyň!
Tapyň, bir-biregi ýitirip, tapyň!
Tapyň bir-biregi şirin sözlerden,
Owadan gözlerden,
Güler ýüzlerden
Goý, siz aňsat tapyň, itinip tapyň!
Dostlary alysa ataryp tapyň!
Belentden-belende göterip tapyň!
Sag bilen çepiň,
Dürli tarapyň
Ýodalarnyň ýüpün,
Ýollaň tanapyn
Külterläp, tapylyň goýnundan tarpyň!
Gybatlaryň, içi güjükli gepiň
Gözünde ot ýakyň, açyň-da sepin,
Olar aramazlar bähbidin köpüň,
Diňe öz nepin
Gözlärler görmäge bäş günlik keýpin.
Ýerden,
Bagdan tapyň tapmadygňyzy,
Suwdan,
Dagdan tapyň tapmadygňyzy!
Tapyň bir-birekden bereket, tapyň!
Ilki ata öýden hereket tapyň!
Soň giderňiz ýaly geljege gorkman,
Bagty bir-biregiň raýyny ýykman,
Bir-birekden tapyň,
Päliňden tapman!
1985ý. Goşgular