Tapylan gapjyk (Hekaýa)

Arkadiý ININ,
rus ýazyjysy
Irden jaň bolmaga ýarym minut galanda, institutyň agzyndaky adaty gaýda-gaýmalaşyk tamamlandy, köpçüligiň hereketi sabady. Gapyň öňünde deňiz tolkunlaryndan soň, kenarda galan daşjagaz ýaly, kiçijik gaýyş gapjyk ýatyrdy.
Men institutyň dälizleridir gatlaryndan iş otaglaryna tarap howlugyp barýan adamlaryň iň soňkusydym. Eger üstünden basmadyk bolsam, gapjygy meňem görmezligim mümkindi. Ony ýerden galdyryp daş-töweregime garadym, hiç kim ýokdy. Soň sagadyma seretdim, dokuz bolmaga bäş sekunt galypdyr. Onsoň elim gapjykly basgançak bilen ýokarlygyna tarap okduryldym.
Iş gününiň başlanýandygyny mälim edýän jaňyň üznüksiz jyňňyrdysy bilen iş otagyma kürsäp girdim-de, özümi kürsä goýberdim. Daş-töweregimdäki kärdeşlem demlerini dürsäp, çygjaran maňlaýlaryny süpürýärdiler. Jaň sesi kesilen badyna hemmeler işe başlady. Inžener Mamykin tapmaçaly žurnalyny, tehnik Çuwaýewa gabaga çalynýan reňkli gutujygyny açdy. Tejribeçi Kostýa bolsa bir kitabyň sahypalaryny şygyrdadyp ugrady.
Diňe men çyzgy tagtasynyň öňüne geçdim-de, oňa bir tagta kagyz berkitdim, soňra çyzgyçdyr syýa aldym-da, owadan bildiriş ýazdym.
Kimde-kim gapjygyny ýitiren bolsa, jemleýji bölümdäki Zykowa ýüz tutsun.
Soňra aşak düşüp, ony garbanyşhananyň ýanyndaky bildirişler tagtasyna berkitdim.
Ilkinji bolup institutyň direktoryndan başga adamlar bilen «sen» diýip gürleşýän garbanyşhana işgäri Ženýa daýza jaň etdi.
— Zykow, aý, Zykow, gapjykda näçe pul bar diýýäň?
— Näçeräk pul ýitirdiňiz, Ženýa daýza — diýip, men anyklamak isledim.
— Hiç zadam ýitiremok, tapdyň bu ýerde akmagy — diýip, Ženýa daýza gatyrgandy. — Ýöne häzirki adamlaň näderejede akýüreklidigini biläýeýin diýdim.
Ženýa daýza telefonyň tutawajyny şarkyldadyp goýan badyna, ol täzeden jyňňyrdady. Bu gezekki jaň eden nätanyşdy hemem mynny-mynny edip düşnüksiz gürleýärdi:
— Hm, ýoldaş Zykow… Men sylagyň möçberiniň näçeräkdigini bilesim gelýär?
Oň aýdanlaryna düşünmedim. Onsoň:
— Size nähili sylag gerek? — diýip soradym.
— Hm, ýok-la, men ýöne gapjygy gaýtaryp bereniňiz üçin näçeräk pul isleýäniňizi bilesim gelýär?
— Aýdýanyňyz näme! — diýip, men güldüm. — Sag bol aýtsaňyz bolýar. Geliň, hazynaňyzy alyp gidiň.
Emma telefon eýýäm goýlupdy. Men tutawajy goýdum. Şobada hem täze jyňňyrda jogap bermek üçin galdyrdym.
— Wiktor Semýonyç, gadyrdan! — diýip, maşinka-ýazuw bölüminiň müdiri, murtly Elwira Karlowna ýognas sesi bilen gürläp ugrady. — Size mälim bolşy ýaly, men tomusda Soçide dynç aldym, bilşime görä sizem şo ýerde dynç alypdyňyz. Ana, şonda deňizde, Güne çoýunylýan meýdançanyň gabadynda ysyrgalarymy ýitirdim. Gadyrly Wiktor Semýonyç, ýogsa-da siz ony tapan-a dälsiňiz?
Men aňk-taňk boldum-da, sakawlap zordan:
— Ýok — diýip jogap berdim.
Emma Elwira Karlowna meniň sakawlamagymy ýaýdanjaňlyk hökmünde kabul eden borly. Ol sesini has-da ýognaldyp, sözüniň üstüni ýetirdi:
— Gowuja oýlanyň, Wiktor Semýonyç, belkem, ýadyňyza düşer?
Bu gezek telefony özüm goýdum.
Ýerli komitetiň başlygy Stupow jaň etmedi, onuň hut özi ýanyma geldi. Ozalky praporşik göwresini dim-dik tutup, stoluň bir gyrasynda oturdy-da, gözlerime seredip şeýle diýdi:
— Hawa, Zykow, gürleşmäge taýynmy?
Men «taýýar» diýen terzde baş atdym.
— Diýmek, sen-ä ýöräp barýaň, olam ýerde ýatan eken, şeýlemi?
— Hawa, edil aýdyşyňyz ýaly. Men-ä ýöräp barýardym, olam ýerde ýatan eken.
— Sessiz-üýnsüz ýatan ekenmi?
Men: «Aý, hawa, maňa gürlemeýän gapjyk duşdy» diýip, bälçirejek boldum, ýöne ýerli komitetiň başlygynyň içiňden geçip barýan gözlerinden heder edip, hyýalymdan dändim.
Ol köp manyly äheňde:
— Şeýle, şeýle! — diýdi-de, başga hiç bir zat aýtman çykyp gitdi.
Ýene telefon jyňňyrdady. Ol şu minutdan başlap, tä arakesme jaňy kakylýança diňmedi. Arakesmä çykdygam welin, enjamlara seredýän Çuwaýewa golumdan tutdy-da, gamaşan asman ýaly edilip garaldylan gabaklaryny gözlerime golaýladyp, ýuwaşja pyşyrdady:
— Wiktor, bileje nahar edinelimi?
Soňra meni dälize süýräp çykardy-da, ýuwaşjadan:
— Siziň syrly adamdygyňyzy öňem bilýärdim! Sizde Dostoýewskä meňzeýän… bir zad-a bar! Siz akgöwünli adam, nebsiňize haý diýmäni başarýaňyz. Siz edil graf Maşkin ýaly…
— Knýaz Myşkin — diýip, men düzetdim.
— Hä, hawa, umuman, tentek-dä!
Garbanyşhanada nahar almaga-da, stoluň başynda oturmaga-da binobat ýer berdiler.
Nahardan soň meni hemem gapjygy görmek üçin, ýanyma nätanyş adamlar gelip ugrady.
Soňra ýene ýogyn sesli Elwira Karlowna jaň etdi:
— Gadyrdan Wiktor Semýonyç, meň bir teklibim bar! Ikimiz şu tomus saglygymyzy berkitmek üçin Soça gitsek nähili bolar? Siz hökman gulakhalkamy taparsyňyz, ony tapjagyňyza…
Men ýene telefony goýdum. Şondan soň üznüksiz gelýän jaňlara tehnik Çuwaýewa jogap berdi.
— Ýoldaş Zykow häzir işli! Ol habarçy bilen gürleşýär!
Ol biraz jypdyrýardy. Gürleşýän men däl-de, biziň diwar gazetimiziň redaktorydy. Ol özüniň men hakda ýazmakçy bolýan: «Biziň adamlarymyzyň bolşy şeýle» diýen makalasynyň mazmunyny joşgun bilen gürrüň berýärdi.
Soňra institutyň medeni işleriniň guramaçysy peýda boldy. Ol maňa eýýäm mekdepleriň birinde adamlaň garaşýandygyny habar berdi. Men şol ýerde gapjygy yzyna bermek barada nähili karara gelenligim hakda çykyş etmelidim.
Men hiç haçan özümde şeýle uly güýjüň bardygyny bilmändirin. Sebäbi medeni işleriniň guramaçysyny, diwar gazetiniň redaktoryny, olar bilen bilelikde tehnik Çuwaýewany hem daşky gapa südürläp çykardym-da, telefony köki-damary bilen goparyp, yşgapdyr stollary gapynyň iç ýüzüne örüşdirdim.
Günüň ahyrynda, gapjygy ýitireniň ir säher edaraň tabşyrygy bilen giden inžener Musowdygy belli boldy. Ol gartaşan, pikirleri dagynyk bir adamdy. Ol giden ýerinden gelenden soň, ep-esli wagtlap içinden gurlan gapymy tyrkyldatdy, soňra mekdepde okaýarka öwrenen borly, goşgy okady, ondan soň teleýaýlymda görkezmek üçin suratymy haýyş edip ugrady.
Men gapjygy gapynyň aşagyndan uzadyp, surat bermekden hemem gürleşmekden boýun gaçyrdym.
Iş wagtynyň tamamlanýandygyny yglan edýän jaňyň sesi maňa erkinlige çykanlygymy habar berdi. Men basgançak bilen çykalga tarap barýan kärdeşlerimiň aýak sesleriniň iň soňkusy ýitip gidinçä diňşirgenip durdum. Haçan-da, imisalalyk aralaşansoň, gapynyň iç ýüzündäki zatlary aýyrdym.
Institutyň aýnadan edilen pyrlanýan gapysy adam tolkunynyň ýap-ýaňy geçip gidendigini ýatladýan ýaly, henizem çalaja aýlanýardy.
Onuň öňünde bolsa, deňiz tolkunlaryndan soň kenarda galan daşjagaz ýaly, kiçijik altyn ýüzük ýatyrdy.
Men bir pursat doňup galdym. «Hiç kim gören däldir-le?» diýip, daş-töweregime seretdim. Adam-gara ýokdy. Men usullyk bilen ýüzügiň üstünden ätledim-de, gapyny itdim. Ol hem ýarym aýlaw etdi-de, meni güneşli meýdana çykardy.
