| |

Tañrydan çykar

Tañrydan çykar TAÑRYDAN ÇYKAR

Toprakdan ýaratdy Adam atany,
Iñ beýik nakgaşlyk Tañrydan çykar.
Tapmarsyñ oñ kelamyndan hatany,
Hak söz gökden, Arşdan añrydan çykar.

Ýazsañ-da egsilmez halkyñ kyssasy,
Egsiler diñläniñ dertdir gussasy.
Ili-güni söýmek, mertlik nusgasy,
Togrul begden çykar, Çagrydan çykar.

Ýere tohum sepip, hasyl alanlar,
bugdaýy — ekinleñ şasyn alanlar,
oñaryp bişirseñ, datly tagamlar
mäşden hem tüwüden, darydan çykar.

Ýürege sünçse-de kirpik tyglaryn,
togap etseñ basyp giden yzlaryn,
Şamar saçy döşündedir gyzlaryñ
Gelin bolsa, zülpler sagrydan çykar.

Öwsen wagty sergin ýeli säheriñ,
Aklyñ kemal tapar, durlanar seriñ.
Gahry gelse, datsañ-da oñ zäherin,
derde derman ballar arydan çykar.

Il bilen il boldum iliñ deñinde,
Aýdym ýazdym dünýäñ çalýan heñinde,
Yşky sözler ýaş-ýeleñleñ dilinde,
Akyl söz gojadan, garrydan çykar.

Zehin ezeldendir, gyzyl gandandyr,
Setire saldam ber, sözüñ janlandyr.
Añrym yzarlasañ, Oguz handandyr,
Doglan ýerim sorsañ, Marydan çykar.

Atamyrat ATABAÝEW.

«Garagum žurnaly, 5/2016. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle