|

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? 2025-nji ýyl — Mart

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? 2025-nji ýyl - Mart

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04

Hamal ýyldyzynyň astynda doglanlar mart aýynda durmuşyň ähli ugurlaryndan baş çykarmagy başararlar. Bu aý olar iki esse artan gujur-gaýratynyň badyna, ähli işi birden etmäge höwesjeň bolarlar. Girdeji babatda hem aladalanara esas ýok. Ýyldyzlar hamallara yzygiderli damyp durjak gazanç çeşmesini wada berýärler. Eger bu gazanç çeşmesini ýerlikli peýdalanyp bilseler, onuň bereket derýasyna öwrülmegi-de ahmal.

Maşgalaly hamallaryň öz ýanýoldaşlaryna üns-aladany güýçlendirmegi gerek. Munuň üçin, iň gowusy, dynç günleri gözel ýerlere ikiçäk gezelenje gidip, ýürekdeş gürrüňler etmekdir.

Hamallar martda sagdyn bolmagyň hatyrasyna ýagly hem duzly iýmitleri azaltmaly bolarlar. Oňa derek miwe we gök önümleri iýmek olaryň özlerini oňat duýmagyna getirer.

SOWUR (Öküzçe) 21.04 — 20.05

Eger-de sowurlar ýylan ýylynyň özleri üçin döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleseler, onda adaty durmuş kadalaryny biraz üýtgedip, mazaly tijenmeli bolarlar. Şeýtseler, gönümel hem özdiýenli sowurlar daş-töwerekdäki bolup geçýän ýagdaýlara dykgatly bolup, söz bilen aýdylmaýan zatlara-da düşünmegi öwrenerler. Ýyldyzlar mart aýynda sowurlaryň girdeji meselesiniň durnuklylygy ýitirmejekdigini, gaýtam, söwda ulgamynda işleýän sowurlar üçin düşewüntli boljakdygyny ýaňzydýarlar.

JÖWZA (Ekizekler) 21.05 — 21.06

Mart jöwzalar üçin netijeleriň seljerilýän aýy bolar. Çeken zähmetiniň rehnedini görmegiň wagty geldi. Eger-de yhlasyňyz ýerine düşen bolsa, miwesi nesip etsin. Ýok, biraz ýaltalyk edip, garaşanyňyzdan pes netije alan bolsaňyz hem aýby ýok. Muny indiki ädimlerde sapak edinersiňiz. Iş ornuňyzda boş oturmaga wagtyňyz bolmaz. Ýöne munuň üçin darykmaň-da, goluňyzy çyzgap haýdaberiň. Görelde görkezip bilseňiz, işeňňirligiňiz girdejiňiziň artmagyna kepildir.

Saglygyňyza hemmetaraplaýyn eserdeň boluň. Bardy-geldi lukmana görünmek isleseňiz, munuň üçin aýyň ikinji ýarymy gowy bolar.

SERETAN (Leňňeç) 22.06 — 22.07

Seretanlaryň mart aýynda şol birmeňzeş hysyrdylardan ýadap, biraz çete çekilesleri geler. Ýöne özlerine ynanylan işleriň köplügi hem-de ýokary jogapkärçilik duýgusy olara muny etmäge rugsat bermez. Ruhdan düşmäň, basym siziň yhlasyňyz göze ilip, mynasyp baha eýe bolarsyňyz. Bu size gurplanmaga, öz arzuw eden zatlaryňyzy satyn almaga doly mümkinçilik döreder.

Mart aýy täze tanyşlyklar üçin şowly aý. Bu aý ýalňyz seretanlar öz arzuwlan taýlaryny tapsalar, maşgalaly seretanlar ýanýoldaşynyň öz arzuwyndaky ynsandygyna doly göz ýetirerler.

Ýyldyzlar bu aý seretanlara saglyklaryny berkitmek üçin sport bilen meşgullanmagy maslahat berýärler.

ESET (Ýolbars) 23.07 — 23.08

Esetler mart aýyny — raýdaşlygyň aýy diýip hasap etseler gowy bolar. Daş-töwerek bilen oňşukly bolmaga çalşyň. Işde, köpçülik ýerlerinde özüňizi sypaýyçylykly alyp barsaňyz, siz hakynda gowy pikirleriň döräp, özara işewür hem dostlukly gatnaşyk açmak isleýän adamlaryň köpelmegine getirer. Bu bolsa ilkinji nobatda, iş hem-de durmuş üstünliginiň açarydyr.

Mart aýynda hiç bir sebäpsiz özüňizi birahat duýmagyňyz ahmal. Bu, bahar paslynda adam bedeninde bolup geçýän üýtgeşmeleriň alamatydyr. Şonuň üçin howsala düşmäň-de, ruhy argynlygyňyza oňaýly täsir etjek ýokumly iýmitleri köpräk iýip, ukyňyzy gowy almaga çalşyň.

SÜNBÜLE (Gyz) 24.08 — 23.09

Mart aýy sünbüleleriň bitirilmän galan, yza süýşürilen işlerini amala aşyrmak üçin amatly bolar. Iş ornuňyzda käbir soraglaryň ýüze çykmagy mümkin. Her niçik hem bolsa, bu aý täze, uly işleriň düýbüni tutman, işjeňligiňizi öňki hörpde birsydyrgyn dowam ediberiň. Oňa derek, geljek üçin täze meýilnamalary taýýarlaň, olary durmuşa geçirmekde ygtybarly hyzmatdaşlyk etjek adamlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak hakda oýlanyň. Pul sowanyňyzda oýlanyşykly boluň.

MIZAN (Terezi) 24.09 — 23.10

Mart aýy mizanlar üçin çylşyrymly bolar. Olar daş-töwerekdäkileriň baryny özlerinden kem gözleýän ýaly görüp, biraz biynjalyk bolarlar. Ýöne bu asla beýle däldir. Içki rahatlygyňyzy saklap, adamlar bilen hoşamaý gatnaşygy elden bermäň.

Iş ornuňyzda adaty iş aladalary böwşeňläp, dynç almaga mümkinçilik dörär. Ýyldyzlar size ýygnanyşyklara ýygjamrak barmagy, öz zehin-ukybyňyzy görkezmegi maslahat berýärler. Algy-bergiden saklanyň.

Saglyk meselesinde ynjalyksyzlanmaň. Agyr-artyk agram götermekden goransaňyz bolany.

AKRAP (Içýan) 24.10 — 22.11

Mart aýynda akraplarda öz durmuşlaryny üýtgetmek islegi dörär. Ýylan ýyly dogumlylygy bilen saýlanjak töwekgel akraplaryň iş ýerlerini, hatda ýaşaýan ýerlerini üýtgetmeklerine-de garşy bolmaz. Gaýta, ol munuň üçin gerek bolan mümkinçilikleri döreder. Bu aý oba hojalygynda we azyk önümçiliginde zähmet çekýän akraplar üçin has-da ähmiýetli bolup, olar wezipeleriniň beýgelmegine-de garaşyp bilerler. Girdeji meselesinde uly düşewünt düşmese-de, gerek zadyňyz üçin pul tapman kösenmersiňiz.

Saglygyňyzy berkitmek üçin fitnes bilen meşgullanyň. Sport bilen meşgullanmagy saýlasaňyz hem ýalňyşmarsyňyz.

KOWUS (Keman) 23.11 — 21.12

Kowuslara mart aýynda höweslerine basalyk berip, durmuş barada çynlakaý pikirlenmek zerur. Iş orunlarynda jogapkärçiligi hem-de tertip-düzgüni saklamak bu aý olaryň esasy ýörelgesi bolmalydyr. Mart aýy, aýratyn-da, hukuk ugrundan işleýän kowuslara uly üstünlik getirer.

Girdeji meselesinde hem zeýrenere sebäp ýok. Puluna akylly-başly çemeleşjek kowuslaryň gymmatbaha goşlary satyn almagyna ýa-da öýlerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirip bilmeklerine-de şert dörär.

JEDI (Owlak) 22.12 — 20.01

Jedileriň mart aýynda öňkä görä ynjalyksyzlygy artyp, daş-töwerekdäkileriň dilini tapmakda az-kem kynçylyk çekerler. Şeýle ýagdaýda size, ilki bilen, öz hereketleriňize ünsli bolmak hökmandyr. Işi döwlet gullugy bilen bagly jedilere uly üstünlikler garaşýar.

Bu aýda girdejiňiz öňküden köp bolmasa-da, bu babatdan ýetmezçilik duýulmaz. Aýyň başy jedileriň duýguçyllygyny artdyrar. Şeýle halatlarda dostlukly duýgularyň söýgi gatnaşyklaryna hem öwrülip bilýändigi sebäpli, başyboş jedileriň uzakdan gözlän bagtyny golaýdan tapaýmagy ahmal. Maşgalaly jedilere öz hojalyklaryndaky işleri göwnejaý hem kemsiz ýerine ýetirmek maslahat berilýär.

DALUW (Gowa) 21.01 — 20.02

Daluwlar mart aýynda öz meýilnamalaryny berjaý etmek üçin yhlaslaryny gaýgyrman hereket etmeli bolarlar. Tanyş-bilişleriňizi şahsy bähbidiňiz üçin ulanmakdan saklanyň. Iş ornuňyzda başagaýlyk azalyp, öz maýdalyňyza işlemäge mümkinçilik dörär. Şonuň üçin, pursatdan peýdalanyp, öň taýýarlan hasabat-barlag işleriňiz bar bolsa, olara gaýtadan göz gezdiriň.

Söýgä garaşýan daluwlar garaşmagy dowam ederler. Maşgalaly daluwlara bolsa, öz ýanýoldaşlarynyň artykmaçlyklaryna mynasyp baha berip, kemçiliklerine geçirimli bolmak gerek. Öz taýyňdan göwnühoş bolmak we oňa muny aram-aram duýduryp durmak, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda mähir-muhabbetiň artmagyna gowy täsir eder.

Saglyk meselesinde näsazlyk duýsaňyz, özbaşdak bejergiden saklanyp, hökman lukmana ýüz tutuň.

HUT (Balyk) 21.02 — 20.03

Hutlar mart aýynda ahyrsoňy arkaýynlaşyp, öz nesibesini bagt ýyldyzlaryna ynanyp bilerler. Siz mart aýynda işleri iň şowlaýan ýyldyz. Şonuň üçin, gypynç etmezden, öz şahsy işiňizi ýola goýup bilersiňiz. Ýyldyzlar size ýaýdanmazlygy maslahat berýärler. Esasy bellemeli zadyňyz, öz işiňize entek doly tanamaýan adamlaryňyzy goşmaň. Öň iş salşan ynamdar adamlaryňyz bilen hereket ediň. Maşgalaly hutlara hojalykda ýüze çykýan soraglary birek-birek bilen düşünişip çözmek gerekdigini ýatladýarys.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle