Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? 2025-nji ýyl — Aprel

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? 2025-nji ýyl - Aprel

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04

Aprel aýy hamallara garaşylmadyk ýerden täze gözýetimler hem mümkinçilikler açylar. Şeýlelikde, olar özleriniň isleglerine we maksatlaryna has çuňdan düşünip başlarlar. Şonuň üçin olar bu gözel pursatlary özlerini ruhlandyraýjak adamlar bilen gatnaşyklara sarp etseler has gowy bolar.

Bu aý hamallara goşmaça girdeji getirjek işler hem tapylar. Ýöne olar özlerine nätanyş bolan haýsydyr bir işi boýun almazdan öň, bu ugurda çorba sowadan tejribeli adamlar bilen maslahatlaşsalar göwnejaý bolar. Başarnyga bil baglap, manyly netije çykarmak olara bolelin durmuşyň açaryny tapmaga ýardam eder.

SOWUR (Öküzçe) 21.04 — 20.05

Aprel aýy sizi tijenmäge çagyrýar. Bu aý sowurlar her näçe howatyrly görünse-de, öň edip görmedik işlerine ýaýdanmazdan, batyrgaý ýapyşsalar, iş meselesinde hem, şahsy meselede hem özleri üçin giň mümkinçilikleri taparlar. Şol sebäpden, bu aýda täze tanyşlyklara, görmedik ýerleriňize syýahata, öňki meselelere täzeçe çemeleşmäge taýyn boluň. Iş babatda sowurlara öz güýjüni seljermek gerek.

Aprel aýynda pasyl çalşygynyň sowurlaryň saglygyna täsir etmegi mümkin. Bu ýagdaýy arassa howada gezelenç etmek, sport hem-de döredijilik bilen meşgullanmak arkaly ýeňip bilersiňiz.

JÖWZA (Ekizekler) 21.05 — 21.06

Galjaň hem işeňňir jöwzalaryň aprel aýynda güýjüni biparh sarp etmezlikleri üçin duýdurýarys: size biraz dynç almak, öňde goýan meýilnamalaryňyza ser salmak, oýlanmak gerek. Ýogsa-da, oýlanýan wagtyňyz durmuşyňyza many çaýjak arzuwlara beslenmegi we olara tarap ädilmeli ilkinji ädim hakda pikirlenmegi-de ýatdan çykarmaň. Her bir zatda döredijilik ukyplaryňyzy ulanyň. Bu ýagdaý size özüňizi başga tarapdan açmaga hem kömek eder.

Aprel aýynda saglygyny berkitmek isleýän jöwzalar güýmenjelerini täzeleseler, meselem, sport bilen meşgullanyp, welosipedde gezelenç etseler, arassa howada ýöreseler ýa dynç alsalar peýdaly bolar.

SERETAN (Leňňeç) 22.06 — 22.07

Aprel aýynda duýguçyl hem duýgur seretanlar özlerine goşmaça bir güýjüň gelip goşulandygyny duýarlar we ondan tükeniksiz ylham alarlar. Eger öňden taýýar edilen meýilnamalary bar bolsa, olary amal etmek üçin şu aýdan amatly wagt tapylmaz. Seretanlar aprel aýynda iş babatda gyzykly teklipleri alarlar. Seýrek gabat gelýän mümkinçilikleri sypdyrmaň. Daş keşbiňize, özüňizi alyp barşyňyza üns beriň, gürrüňdeşliklerde döredijilik ukyplaryňyzy — duýgurlygyňyzy hem dilewarlygyňyzy ulanyp bilseňiz has-da gowy bolardy.

Bu aý seretanlar özlerini ýarawsyz ýaly duýsalar-da, ol sökellik sebäpli däl-de, öz duýguçyllyklaryndan ýaňa döreýän ynjalyksyzlyk zerarly bolar. Ondan gutulmak üçin gowy görýän adamlaryňyz bilen edilen ýürekdeş söhbetler, surat çekmek, saz diňlemek ýaly güýmenjeler ynamdar ýardamçy bolar.

ESET (Ýolbars) 23.07 — 23.08

Esetlere aprel aýynda ruhdan düşmän, özlerini ele almaklary gerek. Artykmaç alada iş başarjaňlygyňyza, ünsüňizi jemlemegiňize päsgel berer. Şeýle ýagdaýyň döräp, ýalňyşlyk goýbermegiňize sebäp bolmazlygy üçin köpräk dynç almaga çalşyň.

Bu aý girdeji meselesinde biraz düşünişmezligiň, näbelliligiň döremegi mümkin. Netije däl-de, ýagdaý hakda köpräk oýlanyp, «Assa ýörän ýol aşar» nakylyna eýeriň-de, ýuwaş-ýuwaşdan hereket ediberiň. Şu-da sizi öz maksadyňyza golaýladar.

Köpräk dynç almak, fiziki maşklar, ýoga hem arassa howada ediljek gezelenç esetleriň özüni gowy duýmagyna ýardam eder.

SÜNBÜLE (Gyz) 24.08 — 23.09

Aprel aýynda sünbüleler öz üstlerinde işlemelidirler. Duýgularyňyza gulak asyp, özüňizi närahatlandyrýan ýagdaýyň düýp sebäbini bilmäge çalşyň. Ejiz görünmekden çekinip, içki duýgularyňyzy ýaýmaga ýaýdanmaň. Ýagşy sözleri diňläň hem diňlediň. Ýagşy söz adama dermandyr.

Bu aý sünbülelere girdeji-çykdajy meselesinde seresaply bolmak gerek. Nähili edeniňde tygşytly bolup boljakdygy hakda oýlanyň.

Saglygyňyzy berkitmek üçin sport bilen meşgullanmakdan ygtybarly usul ýok. Sportda hem özüňize lezzet berýän ugry saýlaň. Mümkin ol ýogadyr ýa-da ylgaw, belki-de, fitnesdir?! Netijäniň üstünlikli bolmagy üçin bu barada mazaly pikirleniň.

MIZAN (Terezi) 24.09 — 23.10

Mizanlar üçin aprel aýy daş-töwerekdäkiler bilen gatnaşyga gaýtadan ser salmak üçin amatly. Dostlaryňyz, maşgala agzalaryňyz, işdeş ýoldaşlaryňyz bilen gatnaşygyňyz nähili? Aprel aýy sizi bu hakynda oýlanmaga çagyrýar.

Girdeji babatda durnuksyzlygyň döremegi ähtimal. Oýlanyşyksyz edilen islendik hereket maddy ýitgä getirip biler. Haýsydyr bir söwda ýa goýum işi babatda şübhe dörese, ony şolbada goýbolsun ediň. Diýmek, amatly wagt entek öňde.

Bu aý saglyk ýagdaýyňyz özüňizi alyp barşyňyza bagly. Gündelik hysyrdylaryň arasynda özüňize wagt tapmagy ýatdan çykarmaň.

AKRAP (Içýan) 24.10 — 22.11

Aprel aýy akraplar üçin möhüm aý. Bu aýda olaryň öz-özleri bilen syr alyşmaklary ömür menzilindäki maksatlaryna aýdyňlyk berer. Pursatdan peýdalanyp, öňde goýan maksatlaryňyz we edil häzir nämä ymtylýanyňyz hakda düýpli oýlanyň.

Bu aý akraplara hemmetaraplaýyn kämilleşmäge mümkinçilik bolar. Goşmaça kurslara gatnamak, seminarlara gatnaşmak, sizi diňe bir hünär taýdan ýokarlandyrman, eýsem, iş başarjaňlygyňyza, meselelere täzeçil çemeleşmäge hem ýardam eder. Peýda bolýan her bir täze mümkinçiligi höwes bilen garşylaň.

Akraplara şahsy durmuş bilen işiň arasynda deňagramlylygy saklamak zerur. Wagt tapdygyňyzdan, häli-şindi dynç alyp durmak, gowy uky size saglygyňyzy dikeltmekde ilkinji kömekçilerdir.

KOWUS (Keman) 23.11 — 21.12

Kowuslar üçin aprel düýpli özgerişlikleriň aýy diýsek, ýalňyşmarys. Ýagdaýlar birdenkä üýtgäp başlar, şol sebäpli täzeliklere ykjam taýyn bolmak gerek. Bu üýtgeşme şahsy durmuşa-da, iş ornuňa-da degişli bolup biler. Üýtgeşmelerden ýaýdanmaň, çünki ol siziň durmuşyňyzyň gowulanmagynyň hatyrasynadyr.

«Bu aý, eger-de mazaly yhlas edip, zähmet çekseler kowuslaryň baýamaklary-da mümkin» diýip, ýyldyzlar habar berýärler. Täze meýilnamalaryňyz bar bolsa, durmuşa geçiriň, ýok hem bolsa döretmek hakda oýlanyň. Öz bähbidiňiziň peýdasyna artykmaç taraplaryňyzy ulansaňyz-da bolar.

JEDI (Owlak) 22.12 — 20.01

Jediler aprel aýynda öňde goýan maksatlary ugrunda göreşmeli bolarlar. Bu göreş, beýlekilere öz pikirlerini düşündirmäge çalyşmak ýa-da öz-özleri, ýagny öz gorkularydyr howsalalaryny ýeňip geçmäge synanyşyk hem bolup biler. Özdiýenliligi bilen tapawutlanýan jedileriň maksadyna ýetmek üçin özgeleri diňlemegiň hem zyýan etmeýändigine düşünmegi gerek.

Ine, girdejini artdyrmakda welin, size hut özdiýenliligiňiz kömek eder. Netijeli teklipleri hödürläp, öz garaýyşlaryňyzy aýtmakdan ýaýdanmaň. Elbetde, bu ýerde hem daş-töwerekdäkiler bilen umumy dil tapmak ilkinji nobatda durýar.

Saglygyňyza eserdeň boluň.

DALUW (Gowa) 21.01 — 20.02

Her bir zada kaýyl bolup, bolmalysy ýaly kabul ediň. Okaň, öwreniň, islendik kiçijik zatda hem bagtyň bardygyna ynanyň. Kaýyllylyk hem kanagat daşky dünýä bilen içki dünýäniň sazlaşygyny saklaýan güýçdür.

Bu aý iş diýip halys özüňizi elden bermäň. Çünki ähli zadyň ýerli-ýerinde bolmagy üçin dynç alyş bilen zähmeti sazlamak gerek. Gereginden artyk ýük, islendik adamy-da ysgyndan gaçyryp biler. Arakesme ediniň, ýakynlaryňyz, dostlaryňyz bilen wagtyňyzy gyzykly geçirip, söýýän pişeleriňize güýmeniň.

Saglyk babatda hem şeýle. Özüňi gujurly hem sagdyn duýmagyň esasy çeşmesi kadaly uky hem iýmitlenmekdir. Sagdyn durmuş ýörelgesine wepaly boluň. Durmuşyň her bir pursadyndan gözellik gözläp, lezzet almagy başaryň.

HUT (Balyk) 21.02 — 20.03

Hutlara aprel aýynda öňde goýan maksatlaryna anyklyk girizmekleri gerek. Näme isleýärsiňiz we onuň üçin näme etdiňiz? Arzuwlara beslenmekden gorkmaň. Her bir ätjek ädimiňizi oýlanyşykly ätseňiz, arzuwlaryňyz wysal tapar. Beýlekileriňkä meňzemeýän ýiti duýgurlygyňyz size ýolgörkeziji çelgi bolup hyzmat eder.

Aprel aýy hutlaryň biznes maksatly meýilnamalaryny amala aşyrmak üçin hem düşümlidir. Töwekgellikden ýaýdanmaň, sizi näme has gyzyklandyrýan bolsa, şoňa tarap aýgytly gadam goýuň. Tejribeli kişilerden, degişli hünärmenlerden maslahat sorap, öwrenmek, pikirleriňizi baýlaşdyryp, özüňize ynamy artdyrar.

Aprel aýynda hutlara beden agzalarynyň sesine ünsli gulak goýmak maslahat berilýär.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle