Täleýnama – Iýun 2026

Täleýnama – Iýun 2026

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04

Iýun aýynda hamallaryň güýjüne güýç goşulyp, akyl-aň bilen aýgytly ädim ätmäge höwesli bolarlar. Başgalaryň gözüne ilmeýän mümkinçiliklerden geljege täsir edýän meýilnamalary düzmek arkaly olara üstünlige ýetmek başardar. Daş-töwerekdäki adamlar bilen umumy dil tapyp bilseler, işleri has-da şowlar.

Iş orunlarynda çözülmesi kyn bolan meseleleriň dogry çözgüdini tapmak, hamallaryň abraýyna abraý goşar. Olar ýolbaşçylarynyň hem kärdeşleriniň ýakymly gatnaşyklaryna eýe bolarlar. Aşa sowajaňlykdan uzakda bolup, biraz tygşytly bolsalar, geljek üçin mazaly maýa goýum hem edinip bilerler.

Bu aý hamallaryň saglyklary üçin edip biljek iň oňat zady, gaty ýadaman, iş bilen dynç alşy sazlap bilmekdir. Arakesmeleri arassa howadaky gezelençler bilen geçirmek, ýeňiljek bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanmak olaryň saglygyna rahatlyk eçiler.

SOWUR (Öküzçe) 21.04 — 20.05

Bu aýda özlerine bolan uly ynamy sowurlary ýalňyşmakdan hem sussupeslikden gorar. Hemme zady ilik-düwme seljermegiň ähmiýeti işiň netijesinde görner. Iýun gündelik meýilnamalary akylly-başly düzmek üçin amatlydyr. Köpçülik bilen düşünişmek, hemmeleri bolşy ýaly kabul etmek, aýratyn hem uzak wagtlap gatnaşýan ýa-da gatnaşjak adamlara goldaw bermek öz peýdasyny görkezer. Girdejileri çykdajylaryna görä bolar. Diňe zerur zatlary alyp, gerekmejek zatlardan gaça dursaňyz, soň gerek wagtynda el owkalap, ýaýdanmaly bolmarsyňyz.

Dynç almak babatda uka üns beriň. Beýniniň hem bedeniň diňe süýji ukuda rahatlanyp bilýändigini unutmaň. Şeýle-de kadaly iýmit hem köpräk gezelenç saglygyňyzy berkider.

JÖWZA (Ekizekler) 21.05 — 21.06

Tomsuň başy jöwzalaryň özlerine mahsus bolan işeňňirligi artdyrar. Bu gowy zat. Ýöne olaryň, şol bir wagtda, güýçli işjeňligiň baş bermezek ata meňzeş bir zatdygyny hem-de ony mäkäm «owsarlap», zerur ýere ugrukdyrmagyň hökmanydygyna düşünmekleri gerekdir. Iýun adamlar bilen gatnaşyklary berkitmek, täze tanyşlyklaryň başyny başlamak üçin düşümli aýdyr. Gündelik işler has ünsli bolmagy talap eder. Edil şonuň ýaly, üstünligem uzak garaşdyrmaz. Puly gazanmakdan beter, ýerbe-ýer harçlap bilmek, durmuş abadançylygynyň birinji şertidir. Ýyldyzlar jöwzalara aňa hem bedene artyk agram salman, zerur wagty dynç berip durmalydygyny ýatladýar.

SERETAN (Leňňeç) 22.06 — 22.07

Seretanlar ýakymly tomus günlerini maşgala ojagynda, ýakyn hossarlary bilen geçirmäge döwtalap bolarlar. Bu aý, olaryň pikir-oýlaryny tertipläp, geljekki meýilnamalaryna gaýtadan göz aýlamagyna gowy mümkinçilikdir. Dogan-garyndaş, dost-ýarlar bilen gatnaşyklaryň has çuňlaşmagy bir-birege gadyr-gymmatyň artmagyna getirer. Söwda-satyk meselesinde uly zatlary edinmäge howlukmaň. Soň gynanmaz ýaly, amatyna-aňsadyna garaşyň. Puly aýawly saklamakda öňüne adam geçirmeýän seretanlar bu aý hem şol häsiýetlerine eýerseler gowy bolar. Duýguçyl seretanlaryň, ilki bilen, ruhy saglygyna üns bermekleri hökmandyr. Olaryň daşky dünýäsiniň gözelligi içki dünýäsiniň rahatlygyndan başlanýar. Özüňe ideg etmek bilen islendik aladany oňuna çözüp bolýandygyny unutmaň!

ESET (Ýolbars) 23.07 — 23.08

Iýun aýy esetleriň öňbaşçylyk häsiýetlerini ýitelder. Bu bolsa, ilkinji nobatda, olaryň maşgala gatnaşyklarynda, galyberse-de, iş orunlarynda öňe çykmaklaryna getirer. Şeýle ýakymly ýagdaýdan ruhlanan esetler içki hem daşky sazlaşygyň güýji bilen, öňde goýan maksatlaryna tarap has ynamly gadam goýarlar. Maliýe meselesi pula akylly-başly çemeleşmäge çagyrýar. Beýläňde mazaly süýşürintgiň bolmagynyň islendik ösüşi çaltlandyryp bilýändigi her kime, şol sanda esetlere-de mälimdir. Birsydyrgyn fiziki maşklar, ir ertirki, giç agşamky gezelençler stresden saplasa, kadaly uky we sagdyn iýmitlenmek beden saglygynyň daýanç çeşmesidir. Esetlere bularyň ählisi-de zerurdyr.

SÜNBÜLE (Gyz) 24.08 — 23.09

Beýleki ýyldyzlar tomsuň nurana gözelliginden lezzet alyp, özlerini rastlaýarkalar, sünbüleler haýdan-haý öňden galan işlerini bitirmäge we şol aralykda geljek üçin meýilnama düzmäge-de ýetişerler. Başgalaryň diňe kynçylyk görýän ýerinde olar üstünlik gazanmak üçin mümkinçilik görerler. Adamlar bilen umumy dil tapyşmaga ökdedikleri sünbüleleriň işlerini ýeňledip, tejribe hem goldaw gazanmaklaryna ýardam eder. Soň maksatly menzillerde kösenmeziň ýaly, edil häzir puly biparh sowanyňdan beýläňde goýanyň peýdaly.

Sünbülelere hem edil işleýşiň ýaly mynasyp dynç almak maslahat berilýär. Uky, iýmit, gezelenç, bedenterbiýe maşklary saglyk üçin peýdaly endiklerdir.

MIZAN (Terezi) 24.09 — 23.10

Tomus dynç alşyň, rahatlygyň pasly. Mizanlar hem şundan ugur alyp, biraz böwürlerine diň salyp, geçeni-geljegi seljerenlerini kem görmezler. Bu, bir tarapdan, eden işleriniň netijesini bilmek bolsa, ikinji bir tarapdan, indi nämeleri başaryp biljekdigiňi çenlemekdir. Iýun aýy daş-töwerek bilen gatnaşyklary gowulamagyň tarapdary. Şonuň üçin öň bolan-goýanlary ýatlap, gerek bolsa, ötünç soramak, çözülmedik meseleleri usullylyk bilen çözmek maslahat berilýär.

Köp hysyrdyly işleriň näme sebäpden az girdeji berýändiginiň çözgüdini tapmak siziň esasy aladaňyz bolar. Muny anyklamakda mizanlaryň sabyrlylygy hem üşükliligi kömek eder. Pula ätiýaçly çemeleşiň. Şeýle etseňiz, ertir näme bolarka diýip alada galmarsyňyz. Özüňizi hemmetaraplaýyn seýisläp bilseňiz, bu aýda saglygyňyz zeýrenmäge sebäp döretmez. Asyl-a, şeýle kada diňe iýunda däl, hemişe-de eýermegi başarmak gerek.

AKRAP (Içýan) 24.10 — 22.11

Akraplara näme isleýändiklerini we häzir näme bilen meşgullanýandyklaryny kesgitlemek maslahat berilýär. Sebäbi iýun olardan bitmän galan işleriň hasabyny sorajaga meňzeýär. Elbetde, munuň üçin başda hem aýdyşymyz ýaly, islegiň bilen hereketiňi seljermekden gowy çykalga ýokdur. «Dost — dostuň aýnasy» diýlişi ýaly, bu babatda size ýakyn dostlaryňyzyň pikirleriniň peýda etmegi juda ähtimal. Nirede näme gazanyp boljakdygyny bilmegi siz hemmeden gowy başarýarsyňyz. Şol sebäpli eli ýukalykdan kösenen ýeriňiz hem ýok. Bu aý hem edil şeýle bolar. Ýöne nähili-de bolsa, biraz tygşytly bolmak hiç kime-de, şol sanda size-de zyýan etmez.

Iş başarjaňlygyňyz gönüden-göni saglygyňyza bagly. Köpräk arassa howada bolup, ýygy-ýygydan gezelenje çykmak dartgynlylygyňyzy gowşadyp, ruhuňyza aram berer. Gan aýlanyşygyňyz kadalaşyp, özüňizi ruhubelent duýarsyňyz.

KOWUS (Keman) 23.11 — 21.12

Kowuslara iş hem durmuş gerimini giňeltmek üçin täze we peýdaly tanyşlyklar gerek. Iýun siziň üçin gatnaşmaga, dostlaşmaga, tejribe alyşmaga isledigiňizçe sebäp döreder. Esasy zat, şolardan dogry netije çykarmagy başarmakdyr. Iş ornuňyzda mäkäm durup, yhlas etseňiz, yz ýany çeken zähmetiňiziň miwesini alarsyňyz. Siziň başarjaňlygyňyz owaldan hem ýolbaşçylaryň gözünde.

Maliýe meselesinde özgelere maslahatçy bolup biljek, pul gazanmagy başarmak ukybyňyz bar. Siziň gazanyşyňyz ýaly, haýryny görmegi-de oňarýandygyňyz gözügiderlikli häsiýetdir.

Üstüňize birden köp iş almak endigiňiz saglygyňyz üçin zyýanlydyr. Şu günki işi ertä goýmaly däl hem bolsa, käte «Agşamyň haýryndan ertiriň şeriniň» ýagşydygyny-da unutman, arkaýyn hereket ediberiň.

JEDI (Owlak) 22.12 — 20.01

Iýun aýy jedileri ýaryşa salana meňzär. Olar öňküden işjeň, ýöne has oýlanyşykly hereket ederler. Bu-da kän garaşdyrman özüniň üstünligini buşlar. Tertip-düzgün jedileri bolup biläýjek şowsuzlykdan gorasa, töwekgel häsiýetleri şowlulyga golaýladar. Daş-töwerekdäkiler bilen ýakymly gatnaşyklar indiki maksatlara ýetmegiň altyn açarydyr. Muny gowy bilýän jediler hem iýun aýy dost-ýarlaryna has golaý bolmaga çalşarlar. Ädim-ädim, esewan hereket bilen menzil aşmak girdejiniň çykdajydan köp bolmagynyň esasy syrydyr. Jedilere-de hut şu ýörelgä eýermek maslahat berilýär. Saglyk sizden terezi ýaly deňagramly bolmagy talap edýär. Iş bilen dynç alşy sazlasaňyz hemme zat ýerbe-ýer bolar.

DALUW (Gowa) 21.01 — 20.02

Tomsuň ilkinji aýy daluwlara täze dostlardyr tanyşlary wada berýär. Gowy ýeri, olar diňe daluwlaryň daş-töweregini doldurman, eýsem, pikirdeşlerine hem ýürekdeşlerine öwrülerler. Şonuň üçin wagty ownuk-uşak işlere sarp etmän, ulurak maksatlara ýapyşmak gerek. Şeýle çemeleşme soňlugy bilen iş endiginden durmuş ýörelgesine öwrülip, her ädimde üstünlige ýetmäge ýardamçy bolar. Pul meselesi hemme ýerde we hemmelerde bolşy ýaly, tygşytlylygy talap edýär. Ýyldyzlar edil uly bir zat satyn alynmagyna garşy däl, ýöne olar örän seresap bolmalydygyny duýdurýarlar.

Adamy owadan hem ynamly görkezýän zat onuň beden hem ruhy saglygy. Munuň üçin bolsa, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyryp, ikisinden hem lezzet alyp boljak derejede peýdalanmak gerek. Şonuň ýaly-da, iýmit, uky, gezelençdir bedenterbiýe maşklary hem öz ýerinde peýdasyny görkezer.

HUT (Balyk) 21.02 — 20.03

Bu aý gündelik işleri dogry gurnap, iş bilen öýüň arasynda özüňe-de wagt tapmalydygyny ýatladýar. Munuň üçin, ilki bilen, daş-töweregiňizdäkilere ünsli bolup, olara düşünmäge çalyşmak gerek. Olaryň hem saňa şeýle gaýtargy bilen ýüzlenmegi netijesinde özüňe bolan ynam döräp, indiki işlere yhlas bilen ýapyşarsyň. Bu hutlar babatda hem edil şeýle bolar.

Ýyldyzlar hutlara-da pullaryna tygşytly çemeleşmegi sargaýarlar. Tomus dynç alyş möwsümi her dürli lezzetli çaglary bilen biraz sowajaňlyga hem imrindirýär. Şeýle bolsa-da, islendik zady çaky bilen peýdalansaň, soňra ökünmäge bahana tapylmaz.

Tomusda, tebigaty boýunça näzik hutlara, esasan, iýmite hem uka esewan etmek gerek. Howanyň şypaly wagtlary gezelenje çykmak, açyk howada bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanmak göwnüňizi göterer.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle