Täleýnama
Täleýnama
Mañlaýym daş ýarmady, daş ýardy mañlaýymy,
Dünýä gelip görgüden gaýry gören zadym ýok!
Ýañy tutaşanymda, gaçyrdylar haýymy,
Tüsseledim, köredim, alawlaýan odum ýok!
Omrulmagym mümkindi, ýöne eglerli däldim,
Obalydym, sadadym, ýeser çeññege ildim.
Gönümellik bir aýbym, dilimden bela galdym,
Söýelgi merdiwanym, direg, goltgy — badym ýok!
Käte özüm ýykyldym, kä büdredip ýykdylar,
Kä köwşüm süpürdiler, kä depäme çykdylar,
Her edip, hesip edip, sürsüne goşjakdylar,
Ýöne eýgermediler, ol sürüde adym ýok!
Perişde däldirin men, elbetde alýan boýun,
Köp utuldym, az utdum, durmuş bu ýowuz oýun,
Döwseler-de gögerdim, erjel agaçlar deýin,
Göreniñ howun basjak, gabaram, şöhradym ýok!
Duşmanlarym öwretdi erjelligi, saklygy,
Her hili kynçylykdan baş alyp çykmaklygy,
Ýençdikçe — tapladylar — olaryn akmaklygy,
Şoñ üçin duşmanlardan nadyl ýerim, dadym ýok!
Dostlar selçeñläp barýar, edip otursam pikir,
Dost däl eken duz iýşip, her gülen kikir-kikir,
Dogandan pes durmajak mertleri gakdy şükür,
Dost-ýar bermedi diýip, pelekden perýadym ýok!
Mährem aýal duşmasa, durmuş ajy öt eken,
Duşsa, derdiñ paýlaşyp, çoýjak mähir-ot eken,
Ata bolmak hem añsat, hem juda kyn zat eken,
Şükür, ogul-gyzym bar, diýmerin zürýadym ýok!
Şygyrýet — kerwensaraý, ýük ýazdyrdym ugruma,
Her kitabym perzent deý mäkäm basdym bagryma,
Meniñkiden has uzyn ömür bersin şygryma,
Adymy ýaşatjak-da, etjek-de şol adym ýok!
• KELLE BILEN SÖHBET
Çagalyk döwrümde «nämüçinlerden»
Urlup dykylan deý doludyñ kelläm.
Jahyllyk döwrümde
Yşk heserinden
Gaýry zadyñ pikrin etmänim bilýän.
Gyzlar bir-birinden görmegeýdiler,
Şonda seni biraz ýitirdim kelläm.
Soñra şol gyzlañ iñ ezizi bilen
Seni gözläp tapanymyzy bilýän.
Içip-çekip, keýpden çykyp, ýaşlykda
Seni kak siwy deý buladym, kelläm.
Ýamaşgandan ýene durlamak üçin,
Gaty kän azaplar çekenim bilýän.
Meniñ kesbim: kelleleriñ ýaryşy,
Gör, näçe setiri taslansyn kelläm!
Özge kellelerden galmajak bolup,
Güwläp, reaktor deý işläniñ bilýän.
«Pañkelle», «guşkelle», ýa «goýunkelle»
Diýilmekden özüñ sakladyñ, kelläm.
Onsoñam hiç haçan hiç kim öñünde
Egilmäniñi bilýän!
Hemra ŞIROW. Goşgular