Tagangylyç guýusy
Tagangylyç guýusy
Tagangylyjymy her dem arzuwlap,
Döndi kalbym meniñ suwsuz kepäne.
Bu gün aýak basdym ýigit çykansoñ
Göbek ganym siñen dogduk depäme.
Bu ýerde oba ýok, adam-gara ýok,
Diñe yz galypdyr göçülen ýurtdan.
Hem bu ýerde çagalygym galypdyr,
Şony görsem diýip göwün ýüwürtdim.
Çagalykda elim göjek-kemanly
Yzyndan kowalap ýetip bilmedik,
Käteler husband gözlerim gidip,
Çenenip, çenenip atyp bilmedik,
Mele torgaýlarym bu gün öñümden
Alñasap uçup däl, ýorgalap barýar…
Hem bu ýerde galan çagalyk döwrüm
Bir ädim beýlämden gol bulap barýar…
* * *
Obama, ýolum düşdi üstünden bu gün
Ger gujagñy, sende ak süýt emene!
Obam, sen şeýle bir meñzäp otyrsyñ
Ýoluma göz dikýän çal saç eneme.
Göreçlere ýerleşerden uzapsyñ
(Ýaşasyn ussalañ synmaz sungaty!)
Seni göreçlerme sygdyrsam-da men,
Saña söýgim ýüregime sygmady.
Ýüregme sygdyryp bilmedigimi
Şygra siñdireýin men seni synlap.
Şeýdip, saña bolan halal söýgimi
Halal sözüm bilen göreýin synap.
Seni synlap, goşgy goşup bilmedim,
Seni synlap, artdy ýüregmiñ yşgy.
Seni synlap, synlap, ýañadan synlap,
Okan ýaly boldum bir ajap goşgy!
Kasym NURBADOW. Goşgular