Tarasow (Hekaýa)

Boris ÝEKIMOW,
rus ýazyjysy
1
Etrap merkezinden gijäniň tümünde gaýdyp gelýärdiler. Arçynyň çadyrly ulagynda dördünji bölümiň dolandyryjysy Taldykin hem barýardy, ony öýlerine taşlamalydy. Şonuň üçinem olar beýikli-pesli, çarkandak ýoldan sowuldylar-da, ýoluň gyrasyndaky tekiz, torç edilen yzy çalyp, otluk bilen küren oba tarap ýeňillik bilen tigirlenip gidiberdiler.
Obanyň ýarpy ýolunda, Týorn ( Týorn — bägüller maşgalasyndan bolan gyrymsy agaç hem-de onuň miwesi (terj. bel.).) käliniň ýanynda birdenkä öňde gyzyl yşyklar göze kaklyşyp gitdi. Haýdan-haý ulagyň uzak aralygy ýagtyldýan çyralary ýakyldy. Şonda öňlerinde üsti sypally «Belarus» traktory göründi.
Gören batlaryna-da onuň yzyndan kowup başladylar.
— Kim ol? — diýip, arçyn sorady. — Nireden alyp barýalar? Näme üçin alyp barýalar?
— Bilmedim… — Dördünji toparyň dolandyryjysy Taldykin alasarmyk ýagdaýda eginlerini gysdy. Onuň bilmeýäni gara çynydy. — Aý, biziňki däldirläý…
— Onda kimiňki? — Jogapdan göwni bitmedik arçyn nägileli hüňürdedi. Şol pille-de seri durlanyp gitdi. — Şodur! Edil özi! Girimize düşendir!
Taldykinem, baş agronom Nistratowam, hatda sürüjem gürrüňiň nirä syrygýanyna bada-bat düşündiler.
Şu gyşda, ýanwarda sypal ogurlygy başlandy. Ferma eltilenlerine el degirmäge milt edip bilenokdylar, çaky gorkulýan borly, ýöne meýdanda goýlanlary alýardylar. Arpa, dary, nohut sypalyny saýlap-seçip äkidýärdiler. «Rossiýa» daýhan birleşigindäki goňşularam «eňňereçiligi» aňýardylar. Wagt geçdigiçe, sypal gürüm-jürüm bolýardy, ogrudan welin nam-nyşan ýokdy. Ine, indem, ahyry…
— Sen şu gün sypal üçin adam iberipmidiň? Hany, ýadyňa saljak bol! — diýip, arçyn sorady.
Bärde diňşirgenere, kelle agyrdara zat ýokdy. Taldykiniň sypal diýip hiç kimi ýollamany magatdy.
— Hiç kimem iberemok — diýip, ol barha golaýlaýan teležkadan gözüni aýyrman durşuna jogap berdi. Ahyry ony tanadam. — Tarasow… — Ilki ynamsyzrak gürledi, ýöne dessine gepini çürt-kesik etdi. — Tarasowyň traktory. Şondan başga hiç kim däl.
Terjimehal
Boris Petrowiç Ýekimow 1938-nji ýylda Russiýanyň Krasnoýarsk ülkesiniň Ugarka şäherinde dogulýar. Ol zawodda tokçy ussa, Týumen oblastynda hem-de Gazagystanda gurluşykçy, oba mekdebinde zahmet mugallymy bolup işleýär. Ilkinji kyssa eserini 1965-nji ýylda ýazýar.
1976-njy ýylda Ýekimow Ýazyjylar birleşigine kabul edilýär. 1979-njy ýylda Ýokary edebiýat kursuny tamamlaýar.
Döredijilik bilen meşgullanyp başlaly bäri Boris Ýekimow iki ýüzden-de gowrak eser ýazýar. Onuň eserleriniň gahrymanlarynyň aglabasy Donuň ýakasyndaky obalaryň ýaşaýjylarydyr. Ýazyjynyň eserleri iňlis, ispan, italýan, nemes, fransuz hem-de beýleki dillere terjime edildi. Onuň «Çopanyň bagty» atly powesti rus ýazyjylarynyň ajaýyp eserleriniň tapgyryna goşuldy.
Boris Ýekimow köpsanly ululy-kiçili baýraklaryň eýesidir. 1997-nji ýylda oňa Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýragy berildi. 2008-nji ýylda bolsa, ol Solženisyn baýragyna mynasyp boldy. Şol ýyl hut meşhur ýazyjy Aleksandr Solženisynyň özi Boris Ýekimowyň täsin döredijiligine uly baha beripdi.
«Sakgallylaryň gysgajyk döwri» powesti, «Hususy derňew» powesti, «Atamyň öýi» romany, «Holýuşanyň mülki» hekaýalar ýygyndysy onuň iň saýlantgy eserleri hasaplanylýar.
«Dünýä edebiýaty» žurnalynda Boris Ýekimowyň «Gara dogan» hekaýasy, «Edebiýat we sungat» gazetinde bolsa «Synag» hekaýasy türkmen dilinde çapdan çykypdy. Size hödürlenilýän «Tarasow» atly hekaýa-da çap edilen döwründe rus okyjylarynyň arasynda uly şüweleň döredipdi.
— Tarasowmy?! — diýşip, ulagdakylaryň barysy birden dillenip, geň galmakdan ýaňa aňňalak gapana döndüler.
— Yzyndan ýet-de, sakla! — diýip, arçyn buýruk berdi.
Traktor yzyndan wazlap gelýän ulaga özünden ozmaga maý bermek üçin sag tarapa burdy. Çadyrly ulag traktor bilen deňleşdi, düýtdüldedibem, ondan ozdy-da, öňde, sag gyrada sägindi. «Belarus» badyny gowşatman, ulagyň deňinden geçip, öňe tigirlenip gidiberdi. Ulagyň gapysyny çalarak açan arçyn ýene ony ýapdy hem-de aljyraňňy ýagdaýda ýanyndakylara äňetdi.
— Päheý, deýýusyň biri…
Sürüji, buýruga garaşyp durmazdan, ýola düşdi, ýene-de çaýkanyp barýan traktor teležkasynyň yzyndan kowalamaga başlady.
— Yzyndan ýet-de, ortada sakla.
Indi traktor ýol bererli däldi. Çadyrly ulag aldygyna düýtdüldedip, eýdip-beýdip sag tarapdan, otluk ýerden ondan ozup geçdi-de, elli-altmyş ädimlikde, ýoluň ortasynda saklandy. Traktoram ulagyň şol bir hereketini gaýtalady. Ulagyň içindäkiler nämäniň-nämedigine aň ýetirip bilmänkäler-de, teležka tirkegli «Belarus» olaryň duşundan tarlap geçip, öňe gitdi.
— Ýet-de, ulagy keseligine goý! — diýip, arçyn ganyny gaçyryp gürledi.
Şu aralykda bir ugurly ýoda birden tokaý zolagynyň sag tarapyndan çep tarapyna geçdi hem-de agaçlaryň pür-pudaklarynyň we esasy ýoluň aralygyndaky oýtak ýerde gysyldy. Indi öwrüm edere, sowlup geçere maý ýokdy. Traktor ortadan barýardy, ondan ozup geçmek mümkin däldi. Sürüji düýtdüldedip düýtdüldetmez boldy, paltasy halys daşa degdi, soňam kälde açyk ýeri görüp, ulagy şoňa burdy, ekini sowlan düz meýdança çykybam, traktoryň öňünden aýlanyp, köne towukhananyň ýanynda onuň ýoluna düşmek üçin badyny gataldyp-gataldyp gidiberdi.
Elbetde, traktordan ozdular, özem kän ozdular, ýoluň çatrygynda säginibem, oňa garaşyp başladylar. Arçyndyr dolandyryjy ulagdan düşdüler hem-de alysdaky çyra yşyklaryny saýgarmaga dyrjaşyp, yzlaryna, tümlüge nazarlaryny dikdiler.
Birki minut geçdi. Sabyrsyzlyk bilen garaşmaga durdular.
— Gadyrdan gardaşjygymyz häzir geler… Indi gitjek ýeri ýok — diýip, ol sürüjä buýruk berdi. — Ulagyňy, ynha, şeýleräk goý. Bizem bärde durarys. Bialaç togtamaly bor.
Traktor welin gara berenok. Ýene birsellem irikgä bolup durdular.
— Çyrasynyň ýagtysy görnenok — diýip, sürüji gürrüňe goşuldy. — Nirä ýitirim bolduka?
— Çyrasyny öçüren bolaýmasyn?
Sürüji ulagyna girdi hem-de ony öçürip, sesini ýatyrdy. Indi dördüsem ýoluň ortasynda durup, tümlüge gözlerini dikip, diň salýardylar.
Torç edilen ýoluň töwereginde çalarak gar saýgardýardy, daragtlaryň şahalary garalyp görünýärdi, ýöne biraz aňyrda, on ädimlik aralykda bar zat tümlüge gaplanypdy: ýolam, meýdanlaram, ýalaňaç agaçlaram, asmanam seljerer ýaly däldi. Diňe hol alyslarda, depede, ýörite düşelen ýolda iki sany ýük ulagynyň ölügsi yşyklary biri-birine tarap ýetip barýardy, yşyklar gabatlaşdy, soňam gijäniň giň tümlüginde barha daşlaşa-daşlaşa, süýşe-süýşe ýitip gitdi.
— Ses-selem ýok… — Arçyn janyýangynly gürledi. — Nirä ýok bolduka?
— Ýer gytmy bü jelegaýda… Käle girendir-de, durandyr. Sähralyga sowlandyr, jaryň içinde gizlenendir, hany, indi gözläp tap-da.
— Näme üçin sen ýoldan sowuldyň? — Arçyn sürüjä igesini sürtdi. — Yzyny çalyp gidibermelidiň ahyry.
— Gowusyny isledik-dä. Öňüni gabsarys öýtdük. Şeýtandan sapak alan bü Tarasow öte ýeser eken…
— Şeýle-e… Häý, jüre getiren Tarasow…
— Ahow, onuň dokuzy düzüw ahyry!
— Açgözlük keseli degendir. Öňünden çykan zady ýuwutjak.
— Ýuwudaram şol. Öküz ýaly haw ol…
— Wah, Tarasow, Tarasow…
Obalarda ir döwürden bäri başbilt familiýalary ykrar edilmeýärdi, her bir maşgala özleriniň tohum-tijiniň haýsydyr birine berlen lakamy göterýärdi. Islendik kişi Rabunowlary lakamy bilen tanaýardy. Olaryň Matrýona mamalary heniz gelin döwründe goňşulara rubanok — rende dilemäge barypdy, adyny doly bilmänem oňa rabun diýipdi. Şol günden bärem ol Rabuniha, tutuş tohum-tiji-de Rabunlar boldy. Kursanowlaryňam ir döwürde merhum Moseý babalary traktor kurslarynyň kursanty eken. Fetisowlarda jalaý, wäşi, aýdymçy Fetis meşhurlyk alypdy. Kaznaçeýewleriň babasy heniz köne döwürde gaznaçy bolupdy.
Diňe hat-petek gatnadýan Fokiç ählisini familiýalary boýunça tanaýardy, ýöne olam ýaşynyň soňunda ýatkeşligini ýitirip başlady, aram-aram bukjanyň ýüzüne seredip: «Kosihin Nikolaý… Kimkä bi — diýip hüňürdäp, ýadyna saljak bolup, kelle döwýärdi. — Haýsy Kosihinkä… Ýa-ha Ýudanowlardan?.. Ýudaiçew Nikolaý…».
Ýeke-täk Tarasowyň lakamy ýokdy, ýogsa köneden bäri ile bellidi. Olaryň maşgalasyna ýöne Tarasowlar diýäýýärdiler.
Bardy-geldi kimdir biri obada gazlarynyň sanyny artdyryberse, ondan: «Näme, Tarasowdan ozdurjak bolýamyň?» diýip soraýardylar. Eger köpräk bede ýatyrsa, «Tarasowlaňky ýaly» diýşerdiler.
Tarasowyň özi barada-da ony tanamaýanlara köp hem-de dilleriniň hezilini görüp, gürrüň berýärdiler. Onuň bir oturyşyna ýigrimi sany gaýnan ýumurtgany iýşini ýa-da tutuş gazy çärýek süýt bilen bokurdagyndan ötürişini süýjüdip-süýjüdip aýdýardylar. Şondan soň ol bir gije-gündizläp traktordan düşmän aldygyna ýer sürýär. Onuň ot ýygşynyň-da iliňkiden üýtgeşikdigini gürrüň berýärdiler. Ol oty kütek aňňal bilen ýatyrýardy, güýji öküziňki ýaly bolandan ötri bardy-geldi ýiti aňňal bilen ýatyranlygynda, aňňal zarbyna aýlanagetdin aýagyny çapaýmagy mümkindi. Kütek aňňal badyny saklaýardy hem-de ony goraýardy. Ol traktory bilenem adam ýaly gürleşýär, traktoram onuň diline düşünýär diýişýärdiler. Obalarda Tarasow barada aýdara gürrüň kändi.
Ine, häzirem ýoluň orruk ortarasynda oňa arçynyň özi, dolandyryjam, baş agronomam irikgä bolşup garaşyp durdular. Emma gijäniň düz ýolunda hiç zat görnenokdam, eşidilenokdam. Diňe aňyrda, ýeňse tarapda oba ýakyn fermalaryň hem-de jaýlaryň sarymtyl yşyklary ýylpyldaýardy. Hol alysdan itleriň hawwuldysy gelýärdi, asuda, parahat gijede diňe şolaryň sesi çalaja gulaga ilýärdi.
Tarasowa garaşmakdan netije bolmajagyna göz ýetirensoňlar, herhal, ätiýaçdan ötri, çyralary saga-sola ýagtyldyp, ýol bilen geçip gitdiler. Gözedürtme tümlükde temen tapdyrjakmy näme? Öwrüme çenli gidip, yzyna dolandylar, Tarasowa-da sözlerini gysganman, üstüni ýagly sögünçlerden gömüp, keýpden çykdylar.
— Utançsyz bihaýa diýse…
— Binamys. Ýeri, niräňe daşaýaň? Bedesi üç gyşa ýetjek. Sypalam alyp gitdi, özüm rugsat berdim. Tutuş küde. Ýene azyrganýa…
— Doýmaz-dolmaz…
— Bu bir kesel — diýip, agronom heçjikledi. — Çekip ýatmaly, çekip ýatmaly. Ony görüp, beýlekilerem yzyna eýerse nätjek.
— Aý ýok, men oň mazalyja suwuna degerin. — Arçynyň gahary kekirdegine geldi. — Gözüne görkezerin. Ogurlygyny resmileşdir diýip milisä aýdaryn. Berkden-berk çäre gördirin. Özüne daşamaýany göz-görtele ahyry. Üstünden bir «böwenjik» görjek bolup nireleredir bir ýere daşaýandyr… — Arçyn şeýle diýdi-de, sägindi. Ol Tarasowyň agzynyň arassadygyny gowy bilýärdi. Ol ýene käýinjiredi. — Häý, seň bir… Nirä alyp barýaka ony?.. Öz meýdanymyzdanam, «Rossiýaňkydanam» daşap ýör-ä.
— Satyn aljak adamlaram gyt däldir — diýip, sürüjem öz pikirini öňe sürdi. — Durnowkada-da, Borisowkalarda-da ýeterlik.
— Biz oňa mazalyja satdyrys, gözünde ot ýakdyrys… — diýip, arçyn çynyna çykjakdygyny bildirtdi.
Şu aralykda ulag obanyň içine girdi hem-de gös-göni traktorlaryň durýan ýerine — saraýa ýüzlendi. Dolandyryjy ulagdan düşüp, barlamaga gitdi, yzyna öwrülip gelensoňam:
— Tarasowyň traktory ýok — diýdi. — Şondan başga hiç kim däl.
Şundan soň Tarasowyň howlusyna, gös-göni derwezeleriniň ýanyna baryp, ýoňsuz wagtlap düýtdüldetdiler. Gazlar ynjalykdan gaçyp, howsalaly gagyldaşdylar. Biraz wagtdan bosagada çyra ýandy — öý bikesi Raisa howla çykdy. Garaňkyda daşarda kimiň düýtdüldedýänini görmänem gygyrdy:
— Näme? Kim gerek? Hojaýyn heniz gelenok! Işde!
— Ine, indi barysy aýan boldy — diýip, arçyn sözüniň üstüni ýetirdi. — Ýagşy, biz onda gitdik, dolandyryjy, sen bolsa, bar-da, özüňiň öňdebaryjyňa garaş. Ol sährada ýatymlyga galaýasy ýok. Tagapyl kyl-da, görjek bol. Men ertir ýanyna milisäni ibärin. Goý, çäresini görsün.
Ulag ýerinden gozganyp gidiberdi. Taldykin ony nazary bilen ugratdy hem-de uludan bir demini aldy. Onuň Tarasowyň öýüne aýagy çekenokdy, sorag-ideg edip, ýakymsyz gürrüňe çörňeşesi gelenokdy. Ýöne başga alajy-da galmandy.
Tarasowyň keýwanysy Raisa entegem bosagada durdy. Taldykin derwezäni açdy-da, howla, ýagty ýere girdi.
— Raýa daýza, bu men, salam.
— Nikolaý Iwanyç, senmi? Men-ä çiňerilip-çiňerilip, tanap bilmedim. Ulagam guguldap-guguldap aldy. Kim geldikä diýipdirin. Ýeri, geleweri-geçeweri…
Taldykin belent bosaga galyp, öýe girdi. Gap-gara owlajyk zaryn mäläp, onuň aýagyna dolaşdy.
— Nirä urdurylyp gelýäň… — Ol owlajygy seresaplylyk bilen ýanyndan itdi hem-de pejiň ýanynda heniz gurap ýetişmedik başga birine-de gözi kaklyşdy. — Guzlap başlapdyrlar-ow.
— Başladylar… Haltadan patlap gaçan ýaly boldular. Ekiz-ekizden. Eýýäm üçüsi guzlady. Özümiz-ä ýeke-ýekeden guzlasa-da razydyk.
— Üçüsi ekiz guzlaýdymy? — diýip, Taldykin gözügidijilik bilen sorady.
— Nikolaý Iwanyç, muňa begenerligim ýok — diýip, Raisa jogap berdi. — Ýuwaş-ýuwaş saglygyň ugry gaçyp barýa, indi hiç zat ýaranok.
Tarasowyň keýwanysy ýaş mahaly şekilli zenandy, süňkbaşy iridi, ýaşy durugşan uçurlary keseligine ýarsdy, ozalky katdyny ýitirdi, ýüregi bardygyny bildirip başlady, aýaklaram çişip ugrady.
— Indi hiç zat ýaranok — diýip, ol gaýtalady. — Artykmaç hossa. Özüm sandan galdym, hojaýyny bolsa, siz eýerläp mündüňiz, dem almaga maý bereňzok. Gijeden-gijä traktordan düşenok. Ine, bu günem haýsydyr bir itiň ölen ýerine iberipsiň, henizem gara berenok. Sagadam-a dokuz bitip ýör. Nirede, näme bolupdyr oňa? Gördüm-bildim ýok.
Taldykin Raisa öňünden sepini açasy gelmänsoň, ikuçly jogap berdi:
— Gelmelidir öz-ä. Okuwçylar-a getiripdi, gözüm bilen görüpdim. Demir ussahanamyza kömür almak üçin merkeze haýdap gidenini bilýän.
— Şu okuwçylarmy… — Raisanyň agyrýan ýerinden tutulana döndi. — Nikolaý Iwanyç, men senden ony okuwçylardan aýyr diýip näçe gezekler haýyş etdim. Eýsem, başga bir adamy, ýaşragyny tapyp bolmaýamy? Gyşdan gyşa çenli… Adam şekilliler Gün dogansoň örýä, biziň sammygymyz bolsa, daň atmaka turup, ilden öňürti haýdaýa. Bir sagatlap traktoryny gyzdyrýa. Beýleki mehanizatorlar hasap-hesiplerine jür, dokuza barýalar. Olar ýaňybir ýola düşendir, meňki bolsa, eýýäm Wihlýaýewka baryp gelendir, äkidensoňam, indi oňa başga iş bermelidir. Eýsem, gyşda beri oň ýüküni ýeňledip bolmaýamyka? Goý, Şlýapužoklar gitsin, Ýudaiçewler… Hiç kimiň gidesi gelýän däldir. Tarasow welin eňer.
Bu bir köne heňdi, ynjyk, emma adalatly gürrüňdi. Ýöne, hemişe bolşy ýaly, dolandyryjy diňe ellerini galgadyp oňaýdy:
— Dagy näme edeli?.. Bular bir okuwçy, çülpe çagalar-a… Olary başga kime ynanjak? Şlýapužok bokurdagyny öllär-de, agdarar. Mişka Ýudaiçew bolsa, ýatyp galyp, çagalary üçünji sapaga elter.
Obadaky mekdebi birçak ýapypdylar, gyş döwürleri, batgalykdyr çalpawlykda-da balajalary her gün Wihlýaýewka budkada — üsti ýapyk nowada äkidýärdiler. Olary ýylyň-ýylyna Tarasow daşaýardy. Adamsyna nebsi agyrýan Raisa-da ýylyň-ýylyna käýinýärdi.
Pejiň ýanynda esgä dolanan owlajyk boşady-da, ýerinden galmaga çytraşdy. Ýylmanak reňkli agaç düşegiň üstünde ysgynsyzja aýajyklary typýardy hem-de çaýşanaklaýardy. Ýöne owlajyk gaty erjeldi, ahyry ýerinden turup mäledi. Ol enaýyjady. Endamy halka-halka dartylyp ýalpyldap duran garaja owlajygyň kellejigi gabady, gulaklary hem-de burny ap-akjady. Ol birki sapar ädimläp, süýt tamakin bolup mäledi.
— Entek özüni dürsänok, tagapyl kyl — diýip, Raisa ony öz ýanyndan köşeşdirdi. — Ilki aşhanadaky agzyny açyp duranlary gandyrmaly. Nikolaý Iwanyç, sen biraz otyr…
— Menem kömekleşeýin… — Dolandyryjy ýerinden dikeldi. — Biderek boş oturmaýyn. Seň ekizjeleňňem göreýin.
— Gör-gör, eger özüňkileňkiden bizar bolmadyk bolsaň — diýip, Raisa güldi.
Tarasowlaryň hojalygyna, olaryň mal ýataklaryna, jaý gurluşyklaryna gözüň gitmezçe däldi. Raisa çyralary ýakdy. Üsti telpekli çyralar garalyp oturan howlynyň tekiz meýdançasyny ýagtyldyp gitdi. Ortarada suw kolonkasy durdy. Ondan aýlawlaýyn üsti ak demir basyrylgy belent jaý hem-de birgeňsi goşmaça binalar bardy. Üsti şifer bilen basyrylgy peseňräk saraýlardyr mal ýataklary, üsti şiferli, misli uçar saklanýan ýer ýaly bede jaýy-da seteram görnüp durdy. Bede jaýyny geçen ýyl Tarasowyň ogludyr giýewsi gurdy. Şondan bäri obanyň ähli heleýi ärlerine gyjyt berip gelýär.
Owlajyklar goşmaça salnan jaýlarda goýlupdy, bärde ot ýakylýardy. Taldykin owlaklary elinde göterermen boldy, ýöne Raisa oňa ýekenden örülen ýumşak, giň göwrümli sebedi uzadyp, şeýle diýdi:
— Şuňa sal, barysyny birden götereli.
— Büý-ä ýeser… — diýip, Taldykin geň galdy. — Işi aňsatlaşdyrmagyň täze usuly. Men-ä ýeke-ýekeden göterýän. Näme, özüň ördüňmi?
— Dagy kim örsün?
Geçileriň ýatagynda-da telpegi tutuksy çyra ýanýardy. Aýlamça ahyrlar diwarlaryň arasyndan uzalyp gidýärdi. Aşak meşe agajynyň kesindileri ýazylandy. Owlajyklar bada-bat öz enelerini tapdylar. Raisa diňe ekizjelere tekge berýärdi, olary birek-birege çolaşmazlary ýaly ýerleşdirýärdi. Guzujyklar gözüňe söweýindi, sagdyndy. Enelerine höwrügip, aldygyna sorýardylar. Bulara ýylgyrman seredip bolanokdy.
— Goý, çekeläbersinler — diýip, Raisa ýatagy ýapyp durşuna gürledi.
Öý bikesiniň bardygyny syzan goňşy ýatakdaky jojuklaram kanagatyny ýitirdiler. Olar ördüler hem-de toýnaklary bilen diwary düňküldedip başladylar
— Häý, doýmaz-dolmaz ýalmawuzlar… — diýip, Raisa olara käýindi.
— Ulujasyny, näme, soýaýdyňyzmy? — diýip, Taldykin sorady.
— Şo dynç güni. Onsuzam artygy bilen semredip bildik. Howa-da garaşyk edip bildi.
Howa adatdakylardanam üýtgeşikdi: tutuş dekabr maýyl hem-de ýagyşly geldi. Diňe çilläniň başynda gyş özüniň bardygyny duýduryp ugrady. Şonda obalarda howlukmaçlyk bilen maldyr guşlaryň daşyna geçip başladylar.
— Men-ä özümiňkini indi-indi soýjak bolup ýörün. Raýa daýza… — Taldykin ahyry niýetini daşyna çykarmagyň kararyna geldi. — Belki, men biderek garaşyp oturandyryn. Eýläk-beýläk sowlaryn diýip duýduran-a däldir-dä hernä?
— Hiç zadam aýtmady. — Raisa howsala gaplandy hem-de dolandyryjynyň ýüzüne çiňerildi. — Muň ýaly howada… Ýa bolmasy bir zat bolaýdymyka? Sähraň ortasynda döwläýdimikä?
— Döwülmäge haky ýok… Mümkin däl…
— Mümkin däl şo! — Raisa birden sesini inçeldip şumjardy. — Iliň äri öýünde otyr, meňki welin, basym traktorynda ýatymlyk galjak! Beýdip dünýäni düzedip bolmaz, ähli ýaltadyr işýakmazlara göz görkezip, terbiýeläp bolmaz!
— Ýeri, näme bolupdyr… — Derwezäniň ýanyndan hojaýynyň sesi eşidildi. — Nämeler gopupdyr? — Tarasow howla girdi, bir dolandyryja, bir-de keýwanysyna äňetdi.
— Bolan zatmy… Gijäniň bir çaky. Mallar suwa ýakylanok, agzyna seredilenok, sen bolsaň, ýedi gat ýeriň teýine gitmiş şo işiň bilen syňsyraklap ýörsüň. Bir özüm eýgerip bilemok… Niçeme ýola käkeledim: barysyny başyňdan aýlap ur-da, samsyjak biri bolagetdin brigada geç. Hemişe öýde, ýyljak ýerde-hä borsuň…
— Bes et, Raýa, bes et… — Tarasow başyny egip gürledi… — Hany, öz işiň bilen boluber, Raýa… Biz derrew bellisini ederis.
Raisa adamsynyň diýeni bilen bolup, öýe tarap ýüzlendi.
— Owlajyklar… emip bolşandyrlar… — diýip, ol bosagada hamsygyp duran ýerinden adamsyna ýatlatdy. — Akja burunly hem-de otüki ýanyndaky beýlekisi-de guzlady. Olaram doýurmalydyr.
— Naçar-da… — diýip, Tarasow aýalynyň ýagdaýyny düşündirmäge durdy. — Ýüregi ýukalypdyr. Derrew gözýaşa bogluberýä… Aý, indi saglygam… — Munuň özi uzaga çeken gürrüň boldy. Tarasow üçin gaty uzak gürrüň boldy. Şol gürrüňiň içinde keýwanysynyň gözýaşy üçin ötünjem bardy, umuman, aýal jynsy barada oý-pikirlerem, Raisanyň ejirli derdi baradaky gürrüňem bardy.
— Gawrila daýy, seň ýanyňa gelenimiň sebäbi… — diýip, gürrüňe başlan dolandyryjy birbada sakyndy. — Näme üçindigini özüň bilýäň. Rast, ele düşdüňmi, buýtar-suýtarsyz boýun al. Sypaly nirä daşadyň?
— Sypal daşa diýip sen maňa buýruk bereňog-a — diýip, Tarasow samsyklyga salyp mönsüredi.
— Bar gepem meň tabşyrmanlygymda-da. Daşanyň welin çyn. Şoň üçinem sorap durun: nireden, nirä, näme üçin? Özüňe-hä ýetýän ýaly.
— Men hiç hili sypal daşamok — diýip, Tarasow müýnürgäp jogap berdi.
— O nähili daşamanmyşyň? Hut özüm, arçynam, baş agronomam ulagly yzyňdan ýetdik, iki sapar sakladyk, sen welin gaçyp gitdiň. Biz kowalap durmadyk, gitjek ýeriň nire? Beýdip gaýkyjyklap durmagam, Gawrila daýy, gelşiksiz. Gola düşdüňmi, erkek ýaly boýun al.
— Siz ýalňyşan bolmaly. — Entegem nireleredir bir gapdala seredip duran Tarasow parahat gürledi. — Sypal daşamok, başyma ýapaýynmy men ony?
Dolandyryjy az-maz aljyrady.
— Gawrila daýy, näme, meni akmak saýýaňmy? Rast, gola düşdüňmi…
— Siz ýalňyşan bolmaly — diýip, Tarasow ikilenjem gaýtalady. Gürrüň agyrdy, şonuň üçinem tizräk soňuna nokat goýmalydy. — Ýalňyşypsyňyz, gepi süýndürip oturmagam nämä derkar?
— Gör-dä, Gawrila daýy — diýip, dolandyryjy gürrüňiniň hörpüni üýtgedip, oňa abaý-syýasat äheňini çaýdy. — Men-ä ýagşy niýet bilen geldim. Ýumruk ýalylygymdan bäri seni tanaýan, ogluň Wiktor bilen bileje önüp-ösdük… Gowulyk bilen gelipdim. Isläňokmy — öz işiň. Ertir arçyn ýanyňa milisäni ugradar. Gör-dä, ol seň bilen başgaça gürleşer.
— Ýeri, onsoň… — Taldykin köplenç dile getirýän ýörgünli sözleri bilen jogap berdi. Häzir munuň özi «ýazgytdan gaçyp gitjek ýeriň ýokdur» diýen manyny berýärdi. Ýöne onuň aňyrsynda göçgünlikdenem düşnük bardy: «Aý, başa gelenini görüberdik-dä».
Gürrüňe nokat goýuldy. Dolandyryjy howludan çykyp ugrady, derwezäniň ýanynda yzyna gaňryldy: belki, hötjet, dikdüşdi Tarasow boýun eger? Ýöne ol eýýäm geçileriň ýatagyny açyp, şahly janawarlara hemişeki sözleri bilen ýüzlenip durdy:
— Ýeri, onsoň bärde?..
Ýaňybir ese-boýa galyp ugran garny dok owlajyklar oňa mäleşip jogap gaýtardylar.
Şu ikarada Raisa öýde biş-düşüň ugruna çykyp ýördi. Penjireden jyklap, gidip barýan dolandyryjyny görensoň, şerbedi çykaryp durmady. Ody güýjedilen pejiň üstünde bir piti kelem çorbasy, agyr çoýun saçda-da et gyzyp durdy. Öý eýesi horandy. Günin sowukda galan islendik kişi ýaly, ýylysyny gowy görýärdi.
Tagam wagtynda ýetişdi. Tarasowyň hojalyk işlerini birýanýüzli edip, bosagadan ätlän mahaly kelemli çorba lasyrdapdy, saçdaky gaz etem ýagyň içinde jygyr-jygyr jyzyrdaýardy.
— Dolandyryjy näme üçin gelipdir? — diýip, Raisa sorady.
— Daň ataryna howlugýalar — diýip, Tarasow jogap berdi hem-de üstki geýimlerini çykarmaga durdy.
Aýy ýaly kuwwatly bolansoň, onuň boýy kelte ýaly görünýärdi. Ýasy gerdenini, kürek deýin gollaryny, gapak kimin döşüdir ýagyrnysyny — bularyň baryny dyzyna ýetip duran giň güpbüsi eýdip-beýdip ýaşyrýardy. Emma eşiklerini çykaryp, içki köýneginde galanynda Tarasow aýynyňam aýysyna öwrülýärdi. Başyndaky gataňsy, iri şar gara saçlary boýnuna düşüp, köýneginiň aşagyna girip durdy. Tutuş döşüdir ýagyrnysy, asyl Tarasowyň özem keltejik buýra-buýra tüýe bürenipdi. Öýüne diňe gije ýatymlyga gelýän her bir adamyňky ýaly, onuň ýüzi garamtyl misden guýlana çalym edýärdi. Burnumy? Tüweleme, Biribar oňa burun berekedini beripdir. Il-günüň aýdyşy ýaly, Ýokarky üç adama niýetläp barýarka ählisi Tarasowyň paýyna düşüpdir. Diňe gözleri ýowuz keşbine laýyk däldi: olar çalaja mawy öwüşginledi. Ýumruk ýalylygyndan bäri mawarýardy, ynha, indi Tarasow altmyşyň onundan giren mahaly-da gözleriniň reňkiniň şol bir öňki katdydy.
Raisa tertip-düzgüne jürdi, adamsy desterhanyň başyna geçeninde eýýäm tabakdaky kelemli çorba bugaryp durdy. Bu tagam Tarasowyň öler janydy. Nahary ot alan ýaly bolup iýýärdi. Soňra beýleki tagamlaryň daşyna geçilýärdi: turşumtyk süýt, ýagly gaz eti, gapdaly bilenem dym gyzyl bis-bitin duzly pomidor, ýene duza ýatyrylan mermer ýaly ýylmanak kelem bölejikleri. Tarasow işdämenlik bilen iýýärdi. Adamsy kelemli çorbanyň düýbüni görýänçä garaşan keýwanysy gürrüň açyp, şeýle diýdi:
— Şu gün hat geldi, Ksenýadan.
— Hawa, ýeri, onsoň… — Tarasow bärsine öwrülmän dillendi.
Ksenýa eý görülýän körpe gyzlarydy. Häzir ol adamsydyr çagajygy bilen şäherde ýaşaýardy.
Adamsyna düşüş Raisa haty eline aldy-da, okap ugrady:
— «Salam, mähriban kakam bilen ejem. Siziň iberen sowgadyňyzy getirip berdiler…».
Raisa her bir sözüň adamsynyň gulagyna doly ýeteri ýaly, gaty sesi bilen alňasaman okaýardy. Okap bolanyndan soňam onuň ýanynda haty, bukjany hemem iki ýaşly agtyjagynyň penjesiniň yzy basylan bir tagta ap-ak kagyzy goýdy.
Tarasow çaga eliniň beýle kindiwanja bolup bilýänine geň gala-geň gala seretdi. Hatda ol deňeşdirmek üçin özüniň barmagynam onuň üstüne goýdy. Tes-tegelek dyrnakly ýogyn barmagy çaga penjejiginiň şekiliniň üstüni ýapdy oturyberdi.
— Näme, ol iglimikä? — diýip, Tarasow sorady.
— Kim ol diýýäniň?
— Alýoşka… Eljagazy öte kiçijik.
Adamsynyň deňeşdirmesine Raisa halys ýürekden güldi.
— Çaga ahyry ol… Iki ýaşlyja.
— Çaga-ha-çagadyr welin… — Tarasow başyny ýaýkady. — Edil guşuň aýajygy ýaly.
Iýip-içip bolanyndan soň ol aýalyna şeýle diýdi:
— Hawa, ýeri onsoň?
— Hol garran şahlyny getir. Ony häzir ütmeli.
Beýleki obadaşlary ýaly, Tarasowlaram sütükli geçileri saklaýardy. Häzir iň hysyrdyly döwür geliberipdi: mallaryň guzlaýan döwri, geçilerem ütmeli.
— Ertir Wiktora til kakaýsam diýýän. Goý, kömekleşmäge gelsinler. Ikimize eýgertmez. Bary-ýogy üçüsini ütdük. Ýene ondan köprägi galdy. Goý, gelsinler.
— Aý, hawa-la — diýip, Tarasow makullady. — Goý, gelsinler.
Ol ýatakdan uzyn şahly geçini getirip, ony bosaganyň ýanynda ýatyrdy. Dört sany golam sütük ütüp başlady. Geçi garrydy. Köpden bäri howluda bolýardy. Janawar öwrendekli bolup gidipdi, sessiz-üýnsüz rahat ýatyrdy. Diňe kädaýym Tarasowyň demir ýaly barmaklary çakdanaşa düýpden ýapyşyp, ep-eslini dartan mahaly ziňkildäp gidýärdi. Çakganlyk bilen ütýärdiler. Sütük gowydy, uzynlygy-da ýoňsuzja bardy. Çal, gögümtil öwüşgünli ýeňiljek sütük topbagy gözüň alnynda ulalyp barýardy.
Geçini tas ýarygijä çenli iş edindiler. Ýekelikden ýaňa içi gysan Raisa obadaky täzeliklerden gür berýärdi. Şu gün oba sygan aýallary gelipdir. Tutulyk mata getiripdirler. Ýukajyk gözeneklisem bar eken. Metrine otuz manatdan baha kesipdirler. Raisa puluna dözmändir — çakdanaşa gymmat görüpdir. Dolandyryjynyň aýaly ýaglyk bilen çalşypdyr. Elbetde, bahasyny gala görüpdir, ýöne arzanyny dagy nireden tapjak. Tutular welin juda owadan: matanyň ýüzündäki bägüller edil, hakykatdanam, gülläp oturan ýaly.
Tarasow Raisanyň birsydyrgyn hümür-hümüriniň astynda geçini şol ütüp otyrdy, ütüp otyrdy. Sygan aýallary, esgiler, keýwanysynyň söwdalary ony töre düzlük wagty-da gyzyklandyrmaýardy. Häzir-ä bütinleýem artykmaçdy. Hut arçynyň özüniň yzyndan kowalamagy, saklajak bolmagy, ýanyna adam ibermegi howsala düşürýärdi. Traktoryň içinde oturan mahaly Tarasow özüniň kowguçylaryna içi gülýärdi. Ol sähra ýollarynyň ähli deşigine çenli beletdi — ele düşjek gümany ýokdy. Bärde, obada welin, janyny agyrdyp biljekdiler. Öten günlerki, şonuň ýaly-da, şu günki üçin Tarasow birjik-de gorky-ürki edinip duranokdy — geçen geçipdi. Hiç ýerde ne eliniň, ne-de aýagynyň yzyny goýupdy, hiç bir milisioner hiç zat subut edip biljek däldi. Geçen üçin kellesem agyranokdy, müň tüýünden bir tüýem gymyldanokdy. Ýöne häzir — sepi açylansoň, yzarlap başlarlar. Yzyňda göz barka almak aňsat düşmez. Barybir, tora düşürerler, şu gün bolmasa, ertir şeýderler, garawullarlaram, tutarlaram. Bir hepde beýleki garaşyp bolsady.
Ýöne garaşyp boljak däldi. Eýýäm birigün ýene sypal daşamalydy. Soň ýene, ýene şeýtmelidi. Haçana çenli daşamaly — bir Biribar bilýär!
Şu pikir Tarasowyň böwrüni bükgüldedýärdi, sebäbi munuň soňy görnenokdy…
— Şu gün-ä seň ugruň ýoga meňzeýä — diýip, keýwanysy gep goşdy. — Ertir nirä kowýalar? Başlyklar näme bärde sermelekleşip ýörler?
— Aý ýöne… — diýip, Tarasow birbada jogap bermedi.
— Meň garagym gapyk däl, barysyny görüp durun — diýip, Raisa gürrüňini dowam etdirdi. — Ksenýadan hat aldyk, sen welin dymyp otyrsyň. Gürläsiňem gelenok şo hakda.
Raisa onlukdan çüýläpdi. Gyzynyň haty hemişe Tarasowyň göwnüni götererdi. Hoş habar alansoňlar, adatça, tutuş agşamy bilen Ksenýanyň, onuň maşgalasynyň, durmuşynyň gürrüňini ederdiler. Ogullary ýuwaş, sadarak ösüp, kemala gelipdiler. Körpeje lälijek Ksenýa henize çenli ata kalbyny ýyladýardy. Keýwanysy nyşanadan urupdy, Tarasowam biraz aljyrady.
— Ýa arçynyň özi geldimi? — diýip, Raisa ýeň berenokdy. — Ýa-da baş inžener… Nämä geregiň çykypdyr? Has agyrrak ýük urjak bolýalarmy? Onsuzam-a tigirlenip ýörsüň, ýene mala — borona dakjak bolýarlarmy?
Tarasowyň pikirini daşyna çykarasy, Raisany özüniň işlerine goşasy gelenokdy. Keýwanysynyň onsuzam derdi ýetikdi. Aslynda munuň geregi-de ýokdy… Nepi degmejegi görnüp dur. Şonda-da Tarasow ýarylmady:
— Aý, hiç… Aýlanyşyp ýörendirler-dä… Hany, ütüp gutaraly, gyrkyşdyrybam deňläli. Wagtam gidip barýa…
Wagt ýarygijä ýetiberipdi, gutararça boluberdi.
Geçini ütüp gutardylar. Janawary galdyryp äkitmezden ötri Tarasow ilki Raisany ýerinden dikeltdi. Ojakbaşysynyň agyr göwresi gowşaýardy, hasam aýaklary ejizleýärdi, köpräk oturdygy öz erkine galyp bilmezdi. Tarasow keýwanysyny galdyryp, krowatda oturtdy. Soňam geçiniň daşyna geçdi.
Geçini ýerine äkidip, ýatagy ýapdy. Nähilidir bir ygtyýarsyz, ýöne süýji oý-hyýallara gaplanybam goňşy ýataga — sygyr ýatagyna ýönelip, onuň gapysyny açdy. Ýyly howa, bedäniň, tirtiň dymyljyk ysy burnuna haplap urdy. Ýataga sygry Martanyň «ruhy siňip» gidipdi. Janawar indi niçeme ýyl bäri şu ýatakdady. Tarasow çyrany ýakdy. Ýerinde ýatan Marta heniz çyra ýanmanka hojaýynyny tanap, akja kellesini öwürdi-de, oňa tarap akylly, düşbi gözlerini mölerdip seretdi. Tarasowa bolsa, onuň gözleri başgaça göründi.
Oňa başga gözler, ölümiň öňündäki bimany, öçügsi gözler göründi.
Bu waka täze ýylyň öňüsyrasy bolup geçdi. Traktory bilen daýhan hojalygynyň merkezine baryp, Tarasow gaýdyşyn, aýlaw edip, täze maldarçylyk toplumy üçin Wihlýaýewka obasyna «agaç-ugaç» — penjiredir gapy alyp gitdi.
Wihlýaýewkadaky maldarçylyk toplumyny indi niçeme ýyl bäri gurýardylar. Gurubam güýzde ulanmaga berdiler hem-de içine mal goýberipdirler, ýöne mydama bolşy ýaly, kem ýerleri sanardan kändi.
Tarasow maldarçylyk toplumynyň derwezesinden geçip, traktoryny saklady, çünki nirä gitmelidigini, ýüküni nirä düşürmelidigini bilenokdy. Şu aralykda-da gulagyna misli guduz açan haýwanlaryňka çalymdaş tertipsiz, wagşylaç uwwuldy eşidildi.
Ol töweregine ýaltaklady: ýatakdaky mallar sürlenişip molaşýardy. Mallar germewiň agzynda durdy, öňe, has öňräge ýetmek üçin dyzaýardylar. Yzdakylar kelesaňlyk bilen zomaýardylar, öňe urdurylyp, çarpaýa galýardylar. Molama, sygyrlaryň howsalaly molamasy fermanyň ýokarsynda ýaň salýardy.
Birinji ýatagyň yzysüresi beýlekisi, aňyrdakysy-da gozgalaňa düşdi. O taýdanam molama eşidildi.
Tarasow birbada nämäniň-nämedigine aň salyp ýetişmedi, düşünensoň bolsa, traktoryny otlap, sygyrlaryň töwereginden çaltrak daşlaşmak üçin öňe tarap waz ýasady. Görnüşi ýaly, mallar açlyk çekýän borly, Tarasowyň traktorynyň teležkasy-da ferma iým daşaýan ähli beýleki «Belaruslaryňky» ýalydy.
Ol aňyrrak sürüp gitdi, traktoryny ýatyrybam, ýataklaryň ýanyna dolandy. Germewe golaýlady-da, sägindi — seredip-seredibem duruberdi, ýogsa bu ahwalata hopukman sereder ýaly däldi.
Tarasow ömrüniň dowamynda köp çarşenbäni başdan geçiripdi, daýhan hojalygyndaky mallaryň neneň-niçigsi saklanýandygyny-da bilýärdi. Emma beýle gözgynylygy bu golaýda görmändi.
Ýaňybir ese-boýa galyp ugran gölejikleriň gapyrgalaryny sanabermelidi. Oňurga süňkleri daşyna somalyşyp durdy. Tüýleri towlam-towlam bolup ýatyrdy. Dyzlarynyň ýokarsy hapadan ýaňa ýuwup aýryp bolmajak derejede gap-garady. Janawarlaryň ýelinleri mürşüp gidipdi, garynlarynda, böwürlerinde, asyl tutuş endam-janlarynda, hatda guýruklarynyň uçlaryna çenli hapa syçratgylary sallanyşyp durdy. Kelleleri dagam çyr-çyrşakdy. Sowuklan gözleri bulançakdy, iriňlidi. Adatça islendik malyň burny ýalanan deý arassa bolýar, bularyň welin burunlary-da görer ýaly däldi.
Gölejikler biraz ynjaldylar hem-de ýatakda gury ýeri peýläp, dargaşyp ugradylar. Dekabr aýydygyna garamazdan, aýaz gowşakdy, doňaklyk ýokdy, şonuň üçinem ýatak jorkdy. Diňe ahyrlaryň aralygynda gaty asfalt uzaýardy, ýatagyň ortarasynda-da ýörite tümmek ýeri läbigiň depesinden saýlanyp durdy. Mallar şo taýygam münýärdiler.
— Salam, garyndaş! — Gapdaljagyndan adam sesi eşidildi.
Tarasow yzyna gaňryldy hem-de wihlýaýewkaly daşkynrak hossaryny gördi, onuň bilen salamlaşmagy-da ýadyndan çykaryp, nebsagyryjylyk bilen sorady:
— Janawarlaň başyna nä gün salaýypsyňyz… Eý, Hudaý… Näme üçin beýdýäňiz, hä?..
— Nä gün saldyk… Ahow, meň özüm şü mallar bilen itiň gününi görýän. Ine, seret… — Wihlýaýewkaly garyndaşy elini üçine çöküp giden, bu golaýda päki garasyny görmedik ýaňaklarynyň üstünden gezdirdi. — Mallar mo-da-mo, menem ýanlarynda. Elimden gelýän zat ýok. Nädip kömek edeýin? Ot-iým berenoklar. Asyl telbe bolup gygyraý. Berenoklar, bolany.
— Näme üçin berenoklar?
— Daýhan birleşiginiň mallary däl, umumy diýýäler.
— O nämäň umumysy? — diýip, Tarasow düşünmän sorady.
— Umumy-da… — diýip, garyndaşy ynam bilen tassyklady. — Dört sany daýhan birleşiginden gölejikleri getirip dykdylar. Berýozowkadan, Ýaryženskiden, «Pobedadan», ýene biziňkiden. Gölejikler ortalyk, ot-iými-de bile çekilmeli. Hiç kim getirmese näme. «Pobedalylaryň-a» özleri ömürboýy dilegçi, Berýozowkadakylaryň biraz ynsaby bar eken, ýollar lüýge batdam welin — olaram «siz — sag, biz — salamat» diýdiler. Biziň arçynymyzam beýle bir oda-köze düşüp baranok. «Men başyma ýapaýynmy?» diýýä… Gös-göni şeý diýdi: kesekiň malyny ekläp başyma ýapaýynmy. Ynha, indem olary ölümiň gyrasynda ekläp ýörüs. Bir daňy sypal getirýäler — wessalam. Howa-da hezil berip baranok. Zol ýagyş guýup dur. Mallara gury ýerde durmaga ýer ýok. Hernä gum getirip, depejik ýasadylar, şoňa-da şükür. Ýogsa, mallar, hakykatdanam, ýüzübermeli bordy.
— Aşagyna düşelen zat ýokmy? — diýip, Tarasow sorady.
— Hiç zat ýok. Okumyş kişileň kellesine geleni-dä. Belki, dogrudanam, şeýle bolsa gowudyram. Hamala, sypal baryny yzygiderli döküp dursaň, ylmy jähetden laýygam gelýändir. Ýöne nädip dökjek, janawarlara iýmäge ýetmese näme. Betbagtçylyk, garyndaş, betbagtçylyk diý-de goýaý. Biziň düşen ahwalymyza hiç kes baş galdyrmasa näme. Hiç kime gerek däl bolduk.
Göleler indi bütinleý rahatlanypdylar hem-de dargaşypdylar, gataňsy asfalt zolagynda eýdip-beýdip ýerleşip, boş ahyrlaryň arasynda biri-birleriniň yzynda hatarlanyşypdy. Başga birleri depejige çykyp, şo taýda Güne ýakyn bükülişip, gyslyşyp durdular.
Diňe iki sany gölejik germewiň ýanynda adamlara gussa bilen garap durdy.
«Mo-o» — gölejikleriň biri zordan çalaja ses çykardy. Janawar sygyr ýalam molanokdy, göýä, itiňkä çalymdaş boguk hem-de ýuwaşja molady.
Içinde jany ýok ýaly molady-da, doňup galdy. Janawar dyza çenli jorkdady, halys küýkerilipdi, göle däl-de, eýsem, tagaşyksyz, duşaklanan köşejik ýalydy.
«Mo-o» — beýlekisi-de yzysüre alyp göterdi.
Olaryň asyl reňki gyzyl bolmaly ýalydy, gowy günler mahaly, megerem, maňlaýlary-da akja bolandyr. Ikisi-de — gyzyl, maňlaýlary-da akja. Tarasow birbada ynanman, ynanasy gelmese-de, olary çalaja çagyrdy:
— Noçka… Doçka… Sizmikäňiz beri?
— «Mo-o-o» — gölejikler indi uzak, tanyş ses bilen jogap berdiler.
— Meňkiler… — Tarasow serpmeden gaýdana döndi. — Meň gölejiklem. Güýzde daýhan birleşigine tabşyrypdym.
— Ikisinemmi? — diýip, wihlýaýewkaly garyndaşy sorady.
— Ikisinem. Biziň Martamyzyňky, Noçka bilen Doçka. Sygrymyz ekiz guzlapdy. Eý, Taňrym, tanar ýaly däl bulary…
Häzirki hor-homsy, süňk-saňka öwrülen janawarlary Tarasowyň sentýabrda daýhan birleşigine tabşyran göleleri diýip pikir etmek mümkin däldi. O göleler mal däl-de, maljandy. Duranja suratyň bardy. Tüýleri ýalpyldap durdy. Doklukdan böwürleri pökgüjedi. Gerişleri giňdi. Oýunçy gölejiklerdi. Häzir welin…
— Olar seni tanaýdylarmy?
— Nädip tanamasynlar… — Tarasow ah çekip gürledi. — Özümiz ese-boýa galdyrdyk… Iýdirip-içirdik.
Ol agzyny öweldip seredip durdy. Dogrusy, seretmäge gorkýardy. Gözleri öz-özünden ýumuldy. Ol äm-säm halda samyrdaýardy:
— Beýle-de bir bagtyýatançylyk bor oguşýa…
Tarasow ellerini uzadyp, gölejikleriň başyny sypady. Çakgan ullakan barmaklary bilen olaryň gözlerini hem-de burun deşiklerini arassalady. Gölejikler bolsa, ýere çüýlenen dek, açgözlük bilen onuň ellerini ysgaýardylar. Tarasowyň elinden diňe bir demirdir çalgy ýagynyň däl, eýsem, sypaldyr bedäniň, ýene başga-da bir wagtdan bäri ýat bolan, tas unudaňkyrlanan, şol ynsan mähir-muhabbetiniň ysy gelýärdi.
— Baryp ýatan betbagtçylyk… Baryp ýatan betbagtçylyk… — diýip, Tarasow madyrdaýardy.
Ol çalasynlyk bilen traktoryna tarap ýüwürdi hem-de günortanlyk şamyndan galan-gaçakly torbajygyny getirdi. Nanyň gyňagyny ikä bölüp, gölejiklere uzatdy, janawarlar entek özlerine näme berilýänine-de düşünmän, açgözlük bilen ýapyşyp, çöregi çeýnemän ýuwudyp goýberdiler. Ýene-de Tarasowyň ellerini ysgamaga başladylar, ondan nanyň, lezzetli nanyň, çörejigiň ysy gelýärdi. Hol ötüp giden hezil günler gölejikler her gün, ynha, şu elden tagam iýipdiler. Ýöne häzir Tarasowyň boş elinde ysdan başga hiç zat ýokdy. Ol aljyraňňy halda zordan gürledi:
— Eýjejiklem, başga hiç zat ýok… — Şeýle diýibem torbajygy açdy hem-de açyk boş torbajygy uzatdy. Onuň düýbünde ýekeje gaýnadylan ýumurtga tigirlenip durdy.
Gölejik torbajyga kellesini sokdy hem-de ýumurtgany ýoňsuz gazet bölegi bilen birlikde aldy, kitirdedibem derrew ýuwutdy. Soňra ýene-de torbajyga kellesini sokdy.
Tarasowyň dili tutuldy, gorkusyndan ýaňa-da yza tesip gitdi. Haýsydyr bir kesekiniň gölejigi, onuň yzyndan ýene biri, başga-da biri iým berilýänini aňyp, molaşyp hem-de biri-birini iteleşdirip, öňe atyldylar. Gaýra süýşen Tarasow bir boş torbajyga, bir-de ýap-ýaňy ýumurtgadyr gazet bölejigi dişleriniň arasynda ýitirim bolan gölejige gorky bilen äňedip durdy. Ol aňňalak gapana dönüp, şol gözlerini mölerdip durdy, birdenem mallaryň uzak wagtlap aç gazyga daňlandygyna düşünip galdy.
Düşünensoň-a hasam janyna batdy. Nirededir bir iç ýüzünde, çal güpbiniň astynda, gapyrgalarynyň astynda nähilidir bir zat gyzyp durdy hem-de ýüregi agyrýardy, aglasy geldi. Ýöne Tarasow ömründe aglan adam däldi. Ol diňe büküldi hem-de burnuny arçamaga başlady. Kellesi sämäp durdy. Ýüregem gysyp-gowrup, ot alana dönüp agyrýardy.
Tarasow diňe Wihlýaýewkadan uzakda, köne Tubada, traktorynyň içinde serine geldi. Görnüşi ýaly, traktora özüni bilmän münüpdir-de, şol sürüp-sürüp gidiberipdir. Aýňalan badyna-da traktoryny saklady, çünki elidir aýagy özüniňki däl ýalydy. Bir bolmasy iş bolmazy ýaly-da, ol az-owlak garaşmagyň kararyna geldi.
Dekabr güni paýawlap barýardy. Heniz ýagty hem-de esli aralyk daşdan saýgartsa-da, tokaýyň gyrak çetleri, Ilmen köli, ýylyň-ýylyna köli üç tarapdan gysyp-gowrup daraldýan giň gamyş tokaýlygy eýýäm mawy reňke çümüpdi.
Ýaňy-ýaňylaram bärde, Biribaryň nazar salan ýerinde, kölüň ýanynda Tuba obasy durardy. Adamlar balykdan eklenerdi, guş baryny saklardy, suwdan ganan melleklerinden ýeralma alardy. Emma halaýyk duw-dagyn boldy, barysy ýitdi, çüýredi. Indi eýesiz baglarda diňe ýel sykylyk çalýa, köldäki gamyşlarda-da sakarbalak köpelýär. Adamlaryň ýaşan ýeri-de derrew basgylanyp galdy…
Hany indi jepakeş, şahandaz demirçi ussa Makeýewiň öýi? Bag-bakjasy dagy gözüňe söweýindi. Atarşikowlar-a tutuş daýhan birleşigini tutup otyrdylar; töwereginde-de garlawaçlar galgaşyp ýörendir. Köne Tuba obasyndan nam-nyşan galmandyr. Bärde asyrlap ýaşadylar, birden dyr-pytrak bolaýdylar.
Tarasow gyş düşende goňşy obalardan Ilmen kölüne gamyş çapmaga gelişlerini ýada saldy. Naýdýonowdan, Wihlýaýewkadan, Borisowdan, Durnowkadan hem-de tubalylaryň özlerinden üýşerdiler. Garda typýan arabalar bilen gelerdiler. Derhalam gamyş çapyp başlardylar. Gamyş bilen üçekleri-de basyrmak mümkindi, diwarlara goşmaça örübem ýylatmak mümkindi. Zat goýman alyp giderdiler, şonda köl çyp-ýalaňaç galardy. Indi bularyň derkary ýok. Öňler, zerurlyk ýüze çykan halatynda, gök gamşy orup, mallara bererdiler. Gyşyna ähli zat bala dönýärdi.
Tarasow yzyna äňetdi. Bärden Wihlýaýewka görnenokdy, onuň öňüni depe baglaýardy. Onuň gulagy mydama-da mis kimindi, häzir-ä çala diňşirgendigi mallaryň hol alysdaky molamalaryny-da eşidýän ýaly bolup durdy.
Ýene-de ýüregi dilim-dilim boldy, şeýle gözgyny ýagdaýyň döremegine özüni ýazykly saýdy. Gölejikleri eli bilen şeýle ahwalata ýolukdyrypdy.
Geçen gyş, hemişekileri ýaly, ýanwaryň ahyrynda Tarasowyň Martasy guzlady, bu sapar ekiz gölejik getirdi. Olara Doçka hem-de Noçka diýip sazlaşykly at goýdular. Adaty gölejiklerden müçeleri kiçiräk diýäýmeseň, olara ejiz janawar diýmäge diliň barjak däldi. Ekiz gölejiklere, elbetde, begenipdiler. Ownuk mallar mydama goşmaça salnan jaýda saklanýardy, Tarasow indi bärik ozalkylardan has ýygjam gatnap başlady. Hojaýyn säher çagy hem-de agşam uçurlary gölejiklere süýdi özi getirip berýärdi, ekizjeler eýelerini bada-bat tanaýardylar hem-de ony sabyrsyzlyk bilen molaşyp garşylaýardylar. Süýdi welin, baý, içýärdiler-ä…
Tarasow iki sany kiçeňräk bedre göterip getirerdi, Doçkadyr Noçka-da olara tarap okdurylardy hem-de heniz Martanyň ýylysy gitmedik süýdüni şakyrdy bilen süzüp içerdiler. Garynlaryny gabardyp, düýbüni taňkyradansoňlaram, barybir, ýene gözläp, aýaklaryny bedrejige sokýardylar. Tarasowam ekizjeleriň tumşuklaryny süpürişdirip durşuna olary köşeşdirýärdi:
— Bessir, bessir. Honha, garynlaňňyz pökgerip gitdi ahyry…
Mallara gezek geleninde Tarasowlar dözmezçilik ederdiler. Marta ekiz guzlanda olara öňküleri ýaly süýt berýärdiler, birjik-de gysylmazdylar. Ýöne, Gawrilanyň göwnüne bolmasa, keýwanysy gölejikleriň hakyny kemýän ýaly göründi, şonda ol hüňürdeýärdi.
— Gysylma, guý… Goý, doýsunlar — diýerdi, aram-aramam öz eli bilen üstüni doldurardy.
— Kakasy, saňa nä döw çaldy? — Raisa ör-gökden gelýärdi. — Birinji gezek däl-ä? Hemişe şunça guýýas… Özümize-de goýmal-a. Süýtjagazdyr gaýmajyk getir diýip sorap dursuň ahyry.
— Zeleli ýok… Gowurga çeýnämzog-a — diýip, Tarasow jogap berýärdi hem-de özüni aklamaga başlaýardy. — Enesi, biz näme islesek, kekirdekden. Olara bolsa, ne et berip bolýa, ne-de ýumurtga. Gölejikler süýt küýseýä, hezil edip içýärlerem.
Raisa onuň bolşuna geň galardy hem-de gülüp oňaýardy. Öz ýanyndanam ärjan garraýar, ýüregi agtyklaryny küýseýär diýip pikir edýärdi.
Mümkin, ol şeýledirem. Tarasow uly ogullary çaga mahaly olaryň bardygynam kän duýmaýardy. Dogmalary eneleriniň eteginde kemala geldiler. Kiçisini, Ksenýany welin söýgülärdi. Häzir welin, çaky, Tarasowda gadymdan gaýdýan atalyk duýgusynyň oýanýan pursady geläýipdi öýdýän. Agtyklar welin uzakdady.
Aslynda Tarasow dogup-döräli bäri mal-garany gowy görýärdi. Şolar bilen örýärdi, şolardan eklenýärdi, haýwanlary halys ýürekden söýýärdi. Käwagtlar-a janawarlar ynsandanam belentdedi, namysjaňdy, üşüklidi.
Ýarym aýdan soň Doçkadyr Noçka bede sümrüp başladylar. Ýabany nohudyň gökje pudajyklaryndan, körpe ýorunjadyr çyrmaşykdanam gaýtmadylar. Ot ýatyrýan baglarynda çaklaňja meýdan bardy, şo taýynyň oty bereketlidi, boldumlydy. Tarasow bu ýeriniň otuny hemişe kiçijik mallar üçin aýratyn saklaýardy.
Doçkadyr Noçka özi ýalylardan yza galman ösüp-örňäp başladylar. Baharda, gölejikleri örülemäge goşan mahallary olar indi beýlekilerden mazaly saýlanýardy.
Tomus çalt geçdi. Güýzde Tarasow gölejiklerini ýabany baglardaky almajyklar bilen hezzetläp başlady. Noçkadyr Doçka bolsa, her agşam howlynyň aňyrsynda, aýak uçda, çöp-çalamlaryň arasynda hojaýyna garaşýardylar. Traktorlaryň tar-taryndan, tüssesinden çekinmän, oňa tarap okdurylýardylar.
Sentýabrda, mallar bilen bellisini etmeli wagty geleninde Tarasow gölejikleri daýhan birleşigine tabşyrmagyň kararyna geldi. Dogry, tölegi beýle bir agzyňy ýagjardyp baranokdy, olary bahara çenli bakyp, soňam soýup, bazara çykarsaň, has bähbit boljakdy. Ýöne Tarasow gölejiklere halys öwrenişipdi, olaryň janyna degmän, ömürlerini saklamagyň kararyna geldi. Ikisiniňem süýtli sygyr boljagy görnüp durdy, diýmek, sagymçam olara rehim eder.
Tarasow niýetini ýagşa dikipdi. Dogrudanam, her kim özüne osýar. Emma hemişe päliňe görä bolup duranok. Ine, indem kime dadyňy ýetirjek, kime nagaraňy döwjek?
Sesi sem bolan traktoryň içi sowap ugrady. Agşamam, gyş agşamy-da eýýäm ganatlaryny geripdi. Wihlýaýewka dagynyň gerşi çalt garaldy. Tutuksy köl gamyşlaryndan, atam eýýamyndaky baglardan hem-de ala meýdanlardan çal duman süýşüp geldi. Hol alysda, mähriban Naýdýonow obasynda, gyraky öýde, Amoçaýewleriňkide otjagaz tutaşyp başlady.
Indi ýöräre-de çen bolupdy. Tarasow traktoryna bat berdi. Ýolda ile meňzeş pikir kellä gelmedi. Ýöne traktory ýerinde goýup, öýüne gitmedi-de, daýhan birleşigiň edara jaýyna sowuldy. Dolandyryjy entek gaýtman eken, Taldykin Rasiýanyň depesinde bogazyny ýyrtaýjak bolýardy.
(Dowamy bar).
