Tagoryň galamyndan (Hekaýa)
Rabindranat TAGOR,
hindi ýazyjysy
Biziň öýümiz örän uludy. Töweregimizdäki öýlerem biziňkiden pes däldi. Olaryň käbirleriniň üçekleri biri-birine hasam ýakyndy. Goňşy-golamlaryň oglanjyklary şol üçekleriň üstünde batbörek uçurardylar. Dürli reňkli batbörekleri uçurmagyň lezzeti başgady. Şemalyň ugruna gaýýan batbörekler bilen bäsleşip uçýan guşlar hem maňa diýseň ýarardy. Käte olar ganat deňläp sürlenişip uçardylar. Göýäki diýersiň, guşlar batbörekler bilen «Kim has ýokary uçmaşak» oýnaýan ýalydy.
Şol döwürler öýde her dürli owadan guşlary saklamak adamlaryň arasynda ýoň bolupdy. Her bir öýüň eýwanynda birgiden kapasalar asylgy durardy. Içindäki reňbe-reň guşlar jürküldeşip, ganat kakardylar. Olaryň jürküldisini eşidenimde halys tukatlanardym. Men açyk asmanda ganat ýaýyp, erkin gaýyp ýören guşlary halaýardym.
Ortanjy gelnejem hem joralarynyňka baranynda kapasada saklanýan owadan guşlary görüp, öýde guş idetmäge göwünjeň boldy. Ol bugün-erte öýe birnäçe guş getirjekdigini aýtdy.
Men bu habary eşiden badyma gelnejemden olary öýe getirmezligini haýyş etdim. Guşlar kapasada saklanylmagyny halamaýar ahyry.
Şol wagtlar men sekiz-dokuz ýaşly oglanjykdym. Meniň sözümi kim diňlesin diýsene?! Ahyry gelnejem dört sany dürli reňkli guşjagaz getirip, olary täzeje kapasa saldy. Kapasadaky guşjagazlar ganat kakyp, nägilelik bilen gykylyklaşýardylar. Gelnejem bolsa bu ýagdaýa gülüp-gülüp hezil edýärdi. Kindiwanja guşlaryna seredip:
— Ah, nähili owadan guşlar?! — diýip, öz ýanyndan guwanan bolýardy.
Bu ýagdaýa öýdäkileriň hem keýpi göterilýärdi, diňe meniň lapym keçdi. Ahyry özüme erk edip bilmän:
— Gelneje, siz guşjagazlary gynaýarsyňyz. Ol neresseleri kapasa salyp goýar ýaly, size näme ýamanlyk etdi? — diýip, nägileligimi bildirdim. Gelnejem bolsa:
— Bä-ä, bujagazy! Boýy bir garyş bolsa-da, dili müň garyş munuň. Sen öz ýaşyňdan habaryň barmy? Näme, eýýäm ulalaýdyňmy, maňa akyl öwreder ýaly? Hanha, iliň sen ýalysy üçekde batbörek uçuryp ýör. Git-de, senem batbörek uçur — diýip, haýbat atyp gürledi.
Men öňküdenem beter tukatlandym. Şondan soň her edip-hesip edip, guşlary erkinlige goýbermegiň alajyny agtaryp başladym. Ine, bir günem şeýle amatly pursat öz-özünden döredi duruberdi. Gelnejem joralary bilen kino görmäge gitdi. Men olaryň otagyna girdim-de, guşjagazly eýwana çykdym. Kapasany açanymda guşlar biri-birine gysmyljyraşyp otyrdylar. Men olary bir-birden emaý bilen elime aldym-da, eýwandan daşary çykaryp uçuryp goýberdim.
Gelnejem öýe gelende açyk duran kapasany görüp diýseň gaharlandy. Ol janynyň ýangynjyna öýdäkileriň baryna meni ýamanlady. Bu eden işim beýlekilere-de ýaramady. Hemmeler meni kötekledi. Men bolsa olary sesimi-üýnümi çykarman diňläp durdum. Sebäbi guşlary erkinlige goýberendigime içimden begenýärdim. Wah, men öýmüzdäki guşlary erkinlige goýbermegi başaranam bolsam, arman, beýleki adamlaryň eýwanlarynda asylgy duran kapasalar mäkäm ýapyk durdy.