Syrly sowgat (nowella)
— Salam, siz gülçi, Aýnur Sadykowa dälmi?!..
— Salam, hawwa.
— Ine, şuny size gowşurmagy haýyş etdiler…
— Düýn Aşgabatdan bir adam ugratdy. Äýnekli, sypaýy, ýaşrak bir adam öz-ä, adyny soramandyryn-da. Çiglik bolmasyn diýip, ýollaýan zadynyň nämediginem görkezdi. Serediň, ynha, gülüň tohumy. Üýtgeşik gülmüşin. Ine, şu hatam ýanynda goýdy, nähili ekilýändigi ýazylgydyr diýdi…
…Säher çagy ýapraklaryny ir gelen akrabyň agşamky sowugy çirkizen belent başly goňras baglara bürenip oturan bu ýaýbaň obanyň ileri çetindäki nahalhananyň öňüne ak guş ýaly bolup gelen ýeňil awtoulag tizden-tiz yza baka dolandy-da, göýä diýersiň, pessaýlap uçýan ýaly sähel salymda gözden gaýyp boldy. Üç ýyl mundan ozal ýokary okuw jaýyny tamamlap gelenden soň, köp wagt geçmänkä täze döredilen bu nahalhana ýolbaşçy bellenen Aýnur elindäki inedördül mele gutyny kimdir başga birine bermeli ýaly bolup doňup galdy. «Kim iberdikä? Nämüçin kimdigini aýtmady-ka?» Ol bu soraglaryň jogabyny biljek bolýan ýaly, tämiz gutynyň gapagyny gaýtadan usullyk bilen açdy. Biolog bolany üçin ol sogana kybapdaş, ýöne göwrümi ondan biraz ownuk, daşy goýy gyzylymtyl gabykly, ujy şineli, dykyzja maňyzlary eline alanyndan tanady. Çigildemiň tohumy…
* * *
Aýnur iş ornuna gelip, gutynyň içinden çykan haty okamaga başlady. Dogrudanam, bu hatda çigildem tohumyny ekmegiň kadalary jikme-jik ýazylypdyr. Özem tüýs ekmeli wagtydygyny diýsene… Güýzüň ahyrky günleri… Ýumşak çygly howa… Taba gelen topraga ders garyp, hatar-hatar edip oturtmaly-da, üstüni üç barmak galyňlykda gömmeli. Eger gyş gazaply geler gorkusy bar bolsa, onda ders bilen üstüni ýukarak örtmeli. Ýazyň başyndan gögerip, alabaharda gül açar. «Geň galaýmaly. Mundan ozal bizden gülleriň tohumyny, nahallaryny, çyrpylan çybyklaryny sorap gelýändirler welin… Bize beýle jomartlyk edýän kim-kä?!» Aýnur bir pursat oýa batdy-da, hatyň yzyny okamaga başlady.
Bu ýerde üýtgeşik bir zat ýok ýaly, hemme zat düşnükli. Çigildemi gögertmegiň kadalarynyň aşak ýanynda şeýle ýazgy bar eken. «Siz hakynda žurnalda gyzykly makala ýazypdyrlar, okadym. Güller dünýäsini döredipsiňiz. Berekella! Sizi goldamak üçin iberen şu sowgadymy kabul ediň. Tejribäm azlyk eden bolaýmasa, öý şertlerinde çigildemi gögerdip bilmedim. Belki, size başardar. Işiňiz şowly bolsun!»
Näme diýseňem, adatça, ösümliklere, ylaýta-da, güllere küýüni berip, güller dünýäsinde ýaşamagy endik edinen adamlar başgalara garanyňda, birtöwra sada, kalby nurly bolýarlar. Arada-da nahalhana, Aýnuryň ýanyna başga bir welaýatdan, haýsydyr bir uzakdaky obadan bir ýaşuly adam geldi. Ol dermanlyk ot-çöpler bilen iş salyşýan eken. Aýdyşyna görä, tebipçilikdenem habarly borly. Goja başga-da köp zatlary aýtdy-la welin, ýöne çyryş hakynda dogry bir sagada golaý gürrüň berdi. Bu-da şolar ýaly gülleriň jadyly dünýäsiniň perwanasy bolan biridir. «Bolýar. Kimem bolsa, sag bolsun. Taňryýalkasyn. Arzuwlap ýören zadym-a tapyp iberipdir» diýip, Aýnur bu gün şeýle gowy sowgat iberen nätanyş adama gaýybana hoşallyk bildirdi. Ýöne ol herniçigem bolsa bu sowgada geň galman bilmedi. Nämüçin adyny, kimdigini ýazaýmandyr?! Pikir-hyýala çümen Aýnur haçanam bolsa bir gün, kimdir birine çigildemiň tohumyndan iň bolmanda bäş-üç däne tapyp bermegi haýyş edendigini ýadyna salmaga çalyşýardy. Ýaňky sürüji ýigit: «Aşgabatdan iberdiler» diýdi. «Aşgabat, Aşgabat». Birden onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol bu syrly sowgady ibereniň kim bolup biljekdiginiň üstüni açdy. Geçen ýyl ähli welaýatlardan paýtagta gelip, duşuşyk geçirenlerinde uniwersitetde bile okan ýyldaşy Muhammetberdä soňky döwürde çigildem gülüni ösdürmegi arzuw edýändigi hakynda iki agyz gürrüň berendigi ýadyna düşdi. «Muhammet. Muhammetberdi. Gör, nähili sypaýy hem ýürekdeş adam. Talyp ýyllarymyzda-da şeýledi. Adyňy ýazmanyň bilen bilmez öýtdüňmi?! Häziriň özünde jaň edeýin» diýip, ol ýüzi aýnaly, owadan telefonyna elini uzatdy. Birdenem, bu pikirinden dändi. «Köp wagt bäri habarlaşamzok. Maşgalaly adama juda bir zerur iş bolmasa jaň edip durmagam gelşiksiz. Gowusy, menem syr saklaýyn. Özi jaň edip, gep açmasa, bilmedik bolaýyn. Ýaz geler, çigildemleriň parlap, gül açyp duran şekillerini internetden ýollaryn. Şonda-da sagbolsunymy aýdaryn».
* * *
…Her zadyň öz wagty-sagady bar diýleni. Ýakymly ýaz geldi. Güller açyldy. Aýnuryň yhlasyndan kemal tapan çigildemler nahalhananyň aýratyn bir saýlanyp alnan ýerinde gyzyl çog bolup, geleni-göreni haýrana goýýar. «Muhammetberdä sagbolsun aýtmagyň wagty geldi» diýip, gülleriň özi ýaly gözel gyz ak-kümüşsöw öwüşginli, gyzyl-elwan çigildemleri dürli tarapyndan el telefonynda surata düşürýärdi. Çigildemli peljagazyň gapdalynda durup, özünem surata düşürdi.
* * *
…Internet bir gowy zat. Onuň gowulygyny näme bilen deňeşdirjegiňem biler ýaly däl. Ýöne. Käte geň-enaýy ýagdaýlaram bolaýýar. Aýnurdan gelen gülleriň suraty, köp-köp sagbolsunlar Muhammetberdini birbada örän geň galdyrdy. Ýöne ol geňem bolsa, özi üçin ýakymly bu syryň çözgüdini tiz tapdy.
…Aýnur bilen Sähetliniň arasyna tow düşüp, köp wagt bäri olaryň birek-birekden öýkelidiklerinden ol habarlydy. Daşary ýurtda okuwda bolup, indem gaýdyp gelen Sähetlä ol Aýnur hakynda makala ýazylan žurnaly gowşuryp, «Nirden tapsaň tap, çigildemiň tohumyny tap» diýip, tabşyryk beripdi. «Berekella, ýygra dost. Güller açylan bolsa, ýollaram açylandyr, öýke-kinelerem unudylandyr» diýip, Muhammetberdi telefonyny eline aldy. Ol ilki bilen Aýnuramy ýa-da Sähetlämi — haýsy birine jaň etjegini bilmän, çigildem gülleriniň suratyna seredip ýylgyrdy. Elbetde, Aýnura jaň etmeli. Ýok, Sähetlä jaň etmeli.
«Ýaraşan bolsalar nämüçin şunça wagt bäri maňa habar etmediler-kä?» diýip, ol öz ýanyndan öýkelejegem boldy. Ýene-de, «Aýnur sagbolsun aýtdy ahyryn. Sähetli çigildem tohumlaryny nireden tapdyka? Nähili owadan güller» diýip, özüni köşeşdirdi-de telefonyny eline aldy…
…Bu eýýäm başga bir gyzykly, başga bir ýakymly, başga bir owadan wakanyň başlangyjydy. Durmuş diýilýän dostluk duýgulary bilen, arzuw-umytlar bilen, şatlykly habarlar bilen gözel.