Syrly sanawaçlar
Syrly sanawaçlar
Hat-da türkmen durmuşyny olarsys göz õñüne getirip bolmajak düýesine atyna we beýleki mallaryna-da öwgüli sanawaçlary bilen çemeleşipdirler. Köşegi tapylman ýa-da başga bir sebäbe görä sagdyrman duran ďüýesine öwgüli sözler aýdyp köşeşdiripdirler. Muña bir mysal:
Hörele düýâm hörele,
Hörelemeseñ bozlama.
Küren tagtyñ gözleme,
Tagty rowan bagtyñ bar,
Ala ýüpden nogtañ bar.
Örküjine el ýetmez,
Bahasyna pul ýetmez,
Aýryl oruñ ýanyndan,
Özüm sagjak düýämi.
Indi bolsa çagalar üçin döredilen, adamyñ ömür beýany yzarlanýan syrly sanawaja göz aýlalyñ:
İññe iññe çagañ dünýä inenni buşlaýan sesi.
Ujy diññe çaga diş çykýar.
Bal balynyna—dil bitip bala dönen wagty.
Şek şekine-yzynda çaga dogýar we
ýöräp başlap gözden salmasyz şekli wagty.
Ýola düş. Halalañ ýagşa ýamana halallyga …(oglanjyklaryñ eliniñ halallanan) ýola düşýän wagty.
Habbañ-Yşga düşüp başlan döwri.
Gotur geçi Güýjüne girip, ylym-bilime-zähmete dabyrap başlan döwri.
Möle geçi öý-işikli, ojaklyga ýeten döwri. Gyzlaryñ dilberlige ýeten döwri.
Ýaryl öýüni täzeläp täze ýurt tutunan döwri.
Böwsül — Hünärde we ylymda akyl käsesiniñ dolan ,öz başarnygyny görkezýän döwri.
Ýola düş —
Ýorgala’
Tapanyñy garbala
Çomakaý—dişleri gowşap dökülip başlan wagty.
Jortukaý gözleri kütelip başlan döwri.
Emin ogly Pygamber ýaşy (63 ýaş ) döwri.
Bili bagly—biliñ kuwwaty gaçyp, nesil öndürmeden galan döwri.
Syrty dagly -otursa turmasy kynlaşan döwri
Däne iýýân aşynyñ berhizli we danalyga ýeten döwri.
Düýne öýünden uzaga gidip bilmän törüni düýnäp ýatan wagty
Dömme Adam ýaşy 100-e ýetende täze diş dömüp döwri.
Sen hem çyk Adam ömrüniñ ahyry.
Aşyr Salyh ogly. Halk döredijiligi we rowaýatlar