|

Syrlar

Syrlar SYRLAR

Eşidilmeýän sesler bar,
görünmeýän boÿalar,
duýulmaýan yslar bar.

Eşidilmeýän ses ýaly,
duýulmaýan ys ýaly
ol gözleriñ syrlary.

Öwsüp barÿan hyÿaly reñklerini duÿmaga
ejiz ynsan göreji.
Göwünlere göz gerek ony doly görmäge.

Tana:p bilÿän bolsañ söÿgi boýasyn,
eşidip bilseñ onuñ ümsüm sesini,
aşyk bolma: hakyñ bar.
Ol gözlerde gözýaş bolup otursañ,
gözgüsini dura çekip, bakyşyndan utansañ,
olam seni
kirpigine dakynar.

Tolkunar, tolkunar, tolkunar şonda,
tolkunar söýgi.
Deñiz bolar, ses bolar,
tolkunjyklar müñläp-müñläp reñk bolar.
Eşidersiñ eşdilmeÿän sesleri,
duýulmaÿan boýalary duýarsyñ.

Taparsyñ
tanalmaýan dürleri.
Ýöne welin,
açabilmez hiç bir kalbyñ söýgüsi
şol gözleriñ syrlaryn.

Ybrahym B. 2022 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle