|

Şyrak hakynda ballada

Şyrak hakynda ballada ŞYRAK HAKYNDA BALLADA

Şyrak hakynda ballada

Biziň eramyzdan VI asyr öň Orta Aziýaly batyr ýaş ýigit – çopan Şyrak ýola beletsiräp, eýranly basybalyjylary aldap, suwsuz çöle äkidipdir. Şyrak wepat bolupdyr, emma duşmanlaryňam köpüsi gyrlypdyr.

Ýyllar däl,
Asyrlar duşupdir ara,
Nätjek, wagt bolsa şeýle bir zalym.
Ne suratyň gelip ýetipdir bize,
Ne-de bir galypdyr terjimehalyň.

Ýöne seňiň soňky äden ädimiň
Hemem ýörän ýoluň iň soňky gezek
Ketjal asyrlardan çykypdyr üstün,
Taryham
Saklapdyr, bolansoň gerek.

Ol maňa-da gerek,
Şoň üçinem, gör,
Bu gün gol uzadyp soňsuz hyýala,
Seň bilen ýakyndan tanyşjak bolup,
Garap durun,
Garap durun şo ýola.

Ýel bolsa
Ajala tarap uzaýar,
Gözleriňi gapyp barýar gum syrap.
Sen şonda-da
Ýüzläp-ýüzläp duşmana
Syr bermän,
Gaş bürmän barýarsyň, Şyrak.

«Sizmi meniň topragymy depeläp,
Mähriban ýurdumy lerzana saljak?
Basym görersiňiz çopanyň oýnun.
Hemem bilersiňiz
Barýaňyz hanjak.

Niýetiňi aňmasa-da,
Duşmanlaň
Hersi bir zat diýýär, ýeňsäňden garap,
Sen şonda-da
Haýbatlardan çekinmän,
Syr bermän,
Gaş bürmän barýarsyň, Şyrak.

Dabanlar agralýar,
Garalýar ýüzler,
Dodaklar ýarylyp-ýarylyp barýar,
Teşneligiň gazabyna çydaman.
Duşmanlar topraga garylyp barýar.

Özüňem ysgyndan gaçýarsyň kem-kem,
Başlaýar seniňem göwräň sandyrap.
Şonda-da
Duşmanlaň diri galanna
Syr bermän,
Gaş bürmän barýarsyň, Şyrak.

Ahyram ýykylýaň…
Ýöne gum garban
Duşmanlarňy görüp, iň soňky gezek
Şeýle bir mähirli garaýaň dünýä,
Ýylgyrýaň gözüňden ýaş dökmä derek.

Şeýdip, meniň bilen ýene ýakyndan
Tanyşman gidýärsiň,
Düşýärsiň yrak
Emma meň bir zada, hawa, bir zada
Aklym çatyp.
Gözüm ýetip dur, Şyrak.

Eger toprak üçin jandan geçmäge
Hötde gelen bolsaň, gaşlarňy çytman,
Sen diýseň görmegeý ýigit bolmaly
Hemem şir ýürekli bolmaly hökman.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle