Symrug guşum
Symrug guşum
Seret, Pegas uçup barýar, Merany-da uçup
barýar,
Otdan-suwdan, gaý-tupandan, aý-ýyllardan
geçip bar,
Arzym saňa, çaň-tozanda galdyrmanka
deňim-duşum,
Äkit menem alyslara Symrug guşum,
Symrug guşum.
Şol bir heňi, şol bir sözi baky bellän
toty deýin.
Şol bir duran ýerim peşäp, besdir,
ýüzüm gyzdyrmaýyn.
Besdir irdim men onsuzam gybatlardan,
töhmetlerden,
Soňy gelmez. jedellerden hem manysyz
söhbetlerden.
Şoň üçunem hemra bolup bu gün ýüzläp
hyýallara,
Çykdym öýden gözüm gidip uzap ýatan
şa ýollara.
Hasap däldir bir nokada sakçy bolup
ýaşan ýaşym,
Äkit menem alyslara Symrug guşum,
Symrug guşum.
Köpetdagyň çeşmesinden, Garagumuň
güllerinden.
Pata aldym, müňläp waka şaýat bolan
pellerimden.
Heran-haçan ejizlesem bolar diýip em
derdime,
Il-halkymyň arzuwynam ýükledim, gör,
gerdenime.
Ýaýyber sen ganatlarňy, bek ýapyşyp
oturaýyn
Topragymyň owazyny uzaklara
ýetireýin,
Ýagşy niýet, ýagşy arzuw bolsun ýolda, goý
syrdaşym,
Äkit meni alyslara Symrug guşum,
Symrug guşum!
Göripleriň goly uzap meň öňümi tutmaz
ýaly,
Lemmer-lemmer bulutlaryň depesinden
salgyn ýoly.
Kasam edýän aýaza-da, tomsuň ýakýan
oduna-da.
Döz gelerin, döz gelerin uçuber sen
ýadama-da.
Kasam edýän belentligiň syrlaryny
öwrenerin,
Bardy-geldi ýykylsamam sansyz damja
öwrülerin
Soň ýagaryn ýagyş bolup, alkyş aýdar
döwürdeşim,
Äkit meni alyslara Symrug guşum,
Symrug guşum.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular