Şyhattar
Şyhattar

Gelenlerem armanly, gidenlerem armanly,
Bu dünýä Hak permanly.
Bizden öňem bu dünýäge gelen bar,
Bizden soňam geljek bar.
Hem aglajak, güljek bar.
Şu zatlar hakda oýlandym,
Şyhattaryň guburynyň başynda.
Niçe-niçe mazar ýatyr daşynda.
Nuh döwrüniň çynary
Göge diräp başyny
Bezäp töwerek-daşyny
Bir dana goja kimin
Otyr oýa batan ýaly,
Dym-dyrslyk. Bu dünýä
Gaflatda ýatan ýaly.
Orta asyrlaryň çapgyn ýeline
Döz gelen Şyhattar
Bu gün, bilmedim
Ýetim galan ata kimin
Kibtini gysyp durdy.
Öňki howalasy galmandy onuň
Wagt birehim bolsa-da
Ony guran ussanyň
Barmagynyň yzyn gördüm diwarda.
Şol gün çykylypdy Şyhattaryň kastyna,
Salmakçy boldular ýeriň astyna.
Päli azan biri buýruk beripdi:
«Köne dünýäň kerpijini goparyň,
Gözlerim görmesin, ony aparyň».
Şonda men şaýady boldum gudratyň,
Ýumrugyny düwüp, gürläp durka münberde,
Dem-düýtsüz gitdi ol ýere serilip,
Diýýärler häzirem ýatyr gerilip.
O döwürem gördük bile Şyhattar,
Külpet ýagdyrdylar başyňa seniň.
Daýaw pyýadalar geçipdi daşyňa seniň.
Bu hakykat.
Indem şolaň özleri
Bilmillany hetjikläp,
Azan aýdyp metjitde,
Il gözüne zyýarata gelýärler.
Öňem-soňam işimizi görenler,
Dälmidi şol tetelliler?!
Olar Allanyň öňünde ýazykly,
Maňlaýynda olaryň ýekeje söz ýazylgy.
Olar iliň başyna inen musallat.
Gürrüň kän gürrüň edere,
Ýöne men bir zady bilýän,
Şol daýaw pyýadalaň
Üstlerinden mys-mys gülýäň.
Uzak ýollar söküp geldim ýene men,
Zyýarata gaşyňa.
Görüp şonda daşyňda
Çyn hossaryň
Başymy gök diredi.
Şondan soň şu setirler döredi.
Şaýady men on edaraň
On ýylda bitirip bilmedik işin
Bir danyşment ýaşulyň
Gördüm on günde bitirşin.
Alty ýüz ýyldan soň ýene,
Şyhattar, täzeden inipdiň dünýä!
Bardyr munda ähli zadyň hasaby,
Günäň üçin bardyr Hakyň gazaby.
Çekersiň ir-u-giç agyr güzaby.
Sen düşün bir zada, düşün bir zada,
Ýele sowrulmaýar, otda ýanmaýar,
Halkyň azaby!
Etseň eger günäni
Çekmelisiň günäňi.
Saňa kast edenler, pes boldy indi
Yra-daraň edişip, olar ýaşap ýör şindi.
Ýaşasynlar dawamyz ýok ömrüne,
Onuň üçin garaşamzok ölmüne.
Başyňa düşen şol agyr günlerem,
Gorkman gelerdim men saňa salama,
Muny men magtanmak üçin aýdamok,
Kimdir birinden aýyp agtarmak üçin aýdamok.
Geçeni geçdi bileli,
Bizi saklap ýören ene topraga
Ýagşy günler diläli.
Şyhattary saýalaýar,
Nuh döwrüniň çynary.
Hüwdüleýär Şyhattary
Indi niçe asyr bäri
Sumbaryň bir kenary.
23.07.95. Könekesir obasy.
▶ ŞYHATTARYŇ ÇYNARLARY
On bir dogan çynar ösýär,
Obamyzyň gaýrasynda.
Beýle çynar ýokdur meger,
Ülkämiň hiç ýaýlasynda.
Saýasy bar gün düşmeýen,
Sowukda-da üşemeýän,
Gije baraý, üýşenmeýäň,
Şyhattaryň çynarlary.
Barsaň eger daňa golaý,
Tut gulagňy oňa golaý.
Aýdym aýdar müňe golaý,
Şyhattaryň çynarlary.
Her çak barsaň penakärdir,
Göwünlere tenakärdir.
Goşgularma «günäkärdir»,
Şyhattaryň çynarlary.
Ýaza döner gara gyşyň,
Ganatlanar göwün guşuň.
Uzaldybiýr ýaşan ýaşyň,
Şyhattaryň çynarlary.
Göräýmeseň gözüň bilen,
Wasp etmek kyn sözüň bilen.
Owadandyr ýazym bilen
Şyhattaryň çynarlary.
▶ ŞYHATTARYŇ MAWZOLEÝI
Obamyzdan uzakda däl,
Şyhattaryň mawzoleýi.
Görünýär has uzaklardan,
Şyhattaryň mawzoleýi.
Ondan bäri niçe asyr,
Çalyşypdyr niçe nesil.
Üýtgemändir asyl-asyl,
Şyhattaryň mawzoleýi.
Barsaň ertir, barsaň agşam,
Aýdym aýdar çynar bagşam.
Daglarmyza çeker nagşam
Şyhattaryň mawzoleýi.
Dostum, bolsaň bize myhman,
Görkezerin ony hökman.
Diýýärler ol uly lukman,
Şyhattaryň mawzoleýi.
Gadymdan galan ýadygär,
Asyrlarda oň ady bar.
Täze müňýyllyga ädýär
Şyhattaryň mawzoleýi.
▶ KEÝIK ALMAJYK
Azat Rahmanowa
Keýik almajyk,
Keýik almajyk.
Şeýle bir iýmiş
Doýup bolmajak.
Geýende daglar
Ýaşyl begresi.
Mekany onuň
Dagyň degresi.
Keýik ondan
Doýsa mazaly.
Janynda birje
Galmaz azary.
Datmadyk ondan
Armanly bolar.
Ynsan kalbynyň
Dermany bular.
Bahar ýagşyna
Ýuwular gider.
Ir bişip, irem
Sowular gider.
Iýjekmi dostum,
Gideli bile.
Seýil edersiň,
Hem biziň ile.
Keýijekleriň
Yzyny yzlap,
Iýsek almajyk
Çar ýany gözläp.
Agzyňdan gitmez
Datly bal ýaly.
Ýatlarsyň mydam
Güljan, Kemaly.
▶ ÇYNAR
Kimkän seni başda gelip,
Bu ýerlerde ekdi, çynar.
Gerek wagty gara bulut
Başlaryňa çekdi, çynar.
Hiç kim bilmez ýaşan ýaşyň,
Göge ýetýär belent başyň.
Märekeli mydam daşyň,
Söhbetim sen hakda, çynar.
Bahar şaha ýaýaňda sen,
Saýalaýan saýaňda men.
Hoş owazyň ýaýaňda sen,
Ýokdur senden ökde, çynar.
▶ PIRDERE
Obamyzda bar biziň
Örän täsin bir dere.
Gadymdan ýörgünlidir,
Onuň ady – Pirdere.
Erem bagy onça ýok,
Diýsem ynan, ýanjamok,
Entek hiç kim ynjanok,
Her ädimi syr, dere.
«Görüp bolsa Pirderäni,
Gujaklap ýygsaň teräni.
Awlap bolsa bir jereni,
Mergençilik düşer ýada…»
Diýip, arzuw eden kän,
Arzuwyna ýeten kän.
Muň üstünden öten kän –
Şeýle biziň Pirdere.
Zeminimde bossan ol,
Bir ajaýyp dessan ol.
Lukmanydyr hassaň ol,
Gördüm gaplaň, şir dere.
Bihasapdyr lezzeti,
Bihasapdyr hezzeti.
Çekeýin men ezýeti,
Bol sen baky Pirdere.
▶ GORKY
Gorky – sözlän sözüňde,
Gorky – gözlän gözüňde.
Gorky – endam-janyňda,
Gorky – mydam ýanyňda.
Ýok, ol beýle gorkak däl,
Ile-güne tirkeg däl.
Çünki gadymdan söz bar:
«Gorkak kişi erkek däl».
▶ HAKYKAT
Hakykat bar!
Ýeňýär mydam hakykat.
Ýeňilýär dünýäde galplaryň galpy,
Hakykatda gudrat bar!
Çünki oň çaga deý arassa kalby.
Ýeňip bilýär. Ýöne ýeňip bolmaýar,
Gazykda daňyp bolmaýar.
Oňup bolýar aç-suwsuz,
Ýöne hakykatsyz oňup bolmaýar.
Orun tutsa eger seniň kalbyňda,
Bu jahanda senden bagtly adam ýok.
Eger-de bir pursat unutsaň ony,
Ynan, belki, senden özge nadan ýok.
▶ «TAŇRYM MAŇA BIR ÝÜREK BER…»
Taňrym maňa bir ýürek ber,
Berk bolsun ol demirden.
Ol şeýle bir ýürek bolsun,
Gorkmasyn beg, emirden.
Duýmasyn hasratyny,
Doganymyň, oglumyň.
Gözýaş maňa ne derkar,
Dogrumyň ýa ogrumyň?
Duşanymda ejize
Ezilmesin ýüregim.
Parhy bolmasyn maňa
Saharamy, Garagum…
Samrap ýörün nämeler?
Wah, al kaksyn dilimden.
Hasrat çekse doganyň
Agyr dälmi ölümden?!
Ýatyp bolmaz arkaýyn,
Çekse goňşyň ezýeti,
– Bolmaz – diýdi, ýüregim,
– Bu durmuşyň lezzeti.
Beýle ömür gerek däl,
Beýle ýürek – ýürek däl.
▶ BAÝRAM KAKA
Akademik B.G.Balakaýewe.
Ilim diýer, dinim diýer,
Agam diýer, inim diýer.
Şatlyk görse il gözünde,
Kuwwat duýar öz-özünde.
Başly-barat sözlemez ol,
Ýalan şöhrat gözlemez ol.
Diýer iller: «Dana kişi,
Elmydama haýyr işi».
Çaga aýdar: «Baýram kaka!»
Aga aýdar: «Baýram kaka!»
Talybyňam howandary,
Alymyňam howandary.
Ähli kişiň kakasy ol,
Sahawatyň sakasy ol.
Bu sözlerim däldir galat,
Iller muny bilýär magat.
Synsa göwnüň melhem tapar,
Ýüreklere ylham tapar.
Ahal, Mary, Şabat ili,
Balkan, Lebap – abat ili.
Diýer çyndan: «Baýram kaka,
Ady ile ýaýran kaka!»
Erkek kişiň sözi bardyr,
Bereketli duzy bardyr.
Belent mukam – sazy bardyr,
Gyş barsaňam ýazy bardyr,
Hem mähirden közi bardyr,
Arkaňda dag – özi bardyr.
Galplar üçin melamatdyr,
Haklar üçin keramatdyr.
Tagzym edýäň mydam Haka,
Ömrüň uzak, Baýram kaka! Goşgular