Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr
Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr

Baý-ba bat alyp, şeýle bir gürleýä,
Bäş-on ýyldan näme ýazjagy hakda.
Diýýär: “Eser ýazdym çeperden çeper,
Sözde üç-dört towşan urýan bir okda”.
Köp zat aýtdy, eýesi deý bar sözleň,
Söz mülkünden döredipdir erem bag.
Şygyrlary dilden-dile geçýärmiş,
Göýä döwre zehin bolup duran dag.
Ýazybam berýärmiş biraz emleseň,
Ynha, dünýäň diregi dek bir şahyr.
Ýöne bu syr hak şahyra aýandyr,
Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr.
Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. Goşgular